MEDENIÝET

Türkmen wekiliýeti Daşkentdäki halkara kinofestiwala gatnaşýarlar

Oguz han adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilýeti Daşkent şäherinde geçirilýän «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşýar. Bu festiwal 13-18-nji sentýabr aralygynda guralýar.

Ertir bu festiwalyň resmi açylyş dabarasy geçiriler. Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti festiwalyň çäklerinde geçirilýän birnäçe medeni çäreler işjeň gatnaşýarlar.

«Türkmenfilmiň» wekili Sahysalyh Baýramow festiwala gatnaşmak üçin Özbegistana bardy. Ol ýerdäki çärelere gatnaşýan türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň myhmansöýerliginiň nyşany hökmünde özleriniň daşary ýurtly kärdeşlerine türkmeniň milli egin-eşikleri bolan don-telpek sowgat edip, medeni gatnaşyklaryň berkemegine goşant goşýarlar.

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, kinorežissýor Hilal Nasimowa türkmeniň milli lybaslaryny sowgat etdiler. Belli özbek režissýory bu özboluşly sowgat üçin özüniň hoşallygyny bildirip, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da berkeýändigini belledi.

Festiwalyň çäklerinde  türkmen režissýorlary Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Wepa Işangulyýewiň «At-myrat» filmleri görkeziler.

 

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy