SPORT

UEFA Çempionlar ligasynyň bijeleri çekildi

Ýewropanyň toparlar derejesindäki öňdebaryjy ýaryşy bolan UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bijeleri çekildi. Stambul şäherindäki Haliç kongres merkezinde çekilen bijeler boýunça Çempionlar ligasynda toparlar 8 toparçada bäsleşer.

Bu bije çekişlik dabarasynyň çäklerinde italiýanyň meşhur tälimçisi Arrigo Saçhi UEFA-nyň ýylyň ýörite baýragyna mynasyp bolan bolsa, “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti bolsa “Ýylyň tälimçisi” baýragyny gazandy.

Bijeleriň netijesine görä, toparçalardaky toparlar şeýle:

“A” toparça: “Aýaks” (Niderlandlar), “Liwerpul” (Angliýa), “Napoli” (İtaliýa), “Reýnjers” (Şotlandiýa)

B toparça: “Porto” (Portugaliýa), “Atletiko Madrid” (Ispaniýa), “Baýer Lewerkuzen” (Germaniýa), “Brýugge” (Belgiýa)

Ç toparça: “Bawariýa” (Germaniýa), “Barselona” (İspaniýa), “Inter” (İtaliýa), “Wiktoriýa Plzen” (Çehiýa)

D toparça: “Aýntraht” (Germaniýa), “Tottenhem” (Angliýa), “Sporting” (Portugaliýa), “Marsel” (Fransiýa)

E toparça: “Milan” (İtaliýa), “Çelsi” (Angliýa), “Zalsburg” (Awstriýa), “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa)

F toparça: “Real Madrid” (İspaniýa), “Leipsig” (Germaniýa), “Şahtýor” (Ukraina), “Seltik” (Şotlandiýa)

G toparça: “Mançester Siti” (Angliýa), “Sewilýa” (İspaniya), “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa), “Kopengagen” (Daniýa)

H toparça: “PSŽ” (Fransiýa), “Ýuwentus” (İtaliýa), “Benfika” (Portugaliýa), “Makkaabi Haýfa” (Ysraýyl)

TOPARÇALARDAKY ILKINJI DUŞUŞYKLAR

Çempionlar ligasynda toparlar 8 toparçada bäsleşip, toparçada 1-nji we 2-nji orny eýelän toparlar indiki tapgyra çykýar.

Toparçalardaky ilkinji duşuşyklara 6-7-nji sentýabrda badalga berilýär. Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki “Atatürk” stadionynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”