ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ýagşy nakgaşyň janköýeri köp bor… :Atajan Aşyrow

Halypalar hakda kelam

Ir döwürden gelýän şeýlebir tymsal bar. Elipden şermendäniň biri hat-petekden başy çykýamyş diýilýäniň ýanyna baryp, şeýle diýenmiş:

—Gardaş, goňşy obada ýaşaýan garyndaşyma gyssagly habar ýetirmeli. Gaýrat et-de, şoňa bir hatjagaz ýazyp bersene!

Hat-petekden başy çykýamyş diýilýän yňňy-çyňňy edenmiş:

—Häzir şu ýumşuňy bitirip biljek däl. Sebäbi aýagym agyrýa…

—Ahow, aýagyň agyrysynyň hat ýazmaga näme dahyly bar?

—Wah, dahyly bar bolansoň aýdýan-da. Meň hatyma düşünýän az. Onsoň, ýörite adam iberip, özümi çagyrdýalar hem-de ýazan hatymy özüme okatdyrýalar.

Elbetde, bärde sowady gyltyz nadan kişi nyşana alynýar. Ýöne degişme suratlaryny çekýänleriň arasynda-da şuňa meňzeşräk ýagdaýlar ýüz berýär. Geliň, gizläp oturmalyň. Käbir degişme suratlarynyň manysyna düşünmek kyn. Şeýle ýagdaý dörände nakgaşam okyjylaryň ýanyna öýin-öýin aýlanyp, çeken suratlaryny düşündirmeli bolanlygynda nähili gülkünç bordy.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan Aşyrowam degişme suratlaryny çekýär. Onuň başdan öwgüsini ýetiresim gelýär. Henize bu güne çenli «Atajan Aşyrowyň çeken suratlaryna düşünemok!» diýen okyja duşamok. Umuman, okyjylar talapkär. Olar känbir sypaýyçylyk edip durmaýarlar. Makul bilmeýän eserlerini kabul etmeýärler. Bir gezek çeper döredijilige, sungata sarpa goýýan ýönekeý işçi maňa: «Hol degişme suratlaryny çekýän pylanyny tanaýaňmy? Tanaýan bolsaň, şoňa aýtsana! Bimany suratlar çekip, biziň kellämizi agyrtmasyn-la!» diýeni hiç hakydamdan gidenok. Döredijilik adamynyň eserlerine şeýle nyrh kesilende birbada näme diýjegiňi bilmeýärsiň. Şonda: «Aý, pylany bir sungata ýalňyşyp geleniň biri-dä…» diýip oňaýmakdan başga alaç galanok.

Aslynda degişme suratlar, köplenç halatda, absurd zatlaryň—ýapa degmejek zatlaryň üsti bilen okyja ýetirilýär. Hut ýapa degmeýäni üçinem şolar gyzykly. Beýle ýagdaýlaryň durmuşda gabat gelmeýäni köre hasa. Ýöne şol ýapa degmejek degişme suratlaryň aňyrsynda käýarym allegoriki—göçme manydaky wakalaram ýatýar. Ýöne suratkeş çakdanaşa «ýerden aýagyny üzmeli» däldir. Sungatda urdumşalyga orun ýokdur. Gözdençykgynçlyga ýüz urlanda gülki, degişme öz-özünden ýitýär. Şonuň üçinem okyjy bilen «dil tapyşmagy», onuň ruhy dünýäsine aralaşmagy, ony «gyjyklap» däl-de, öz peýwagtyna ýylgyrtmagyň tärlerini gözlemeli. Çeperçilik derejesi güýçli degişme suraty hatda gülki damary gowşak diýilýänleri-de biparh goýmaýar.

Döredijiligiň ähli ugrunda bolşy ýaly, degişme suratlaryny çekmek üçinem gowy tema—onuň oňurgasy gerek. Ýüzleý, degdim-gaçdym çekilen suratlar bilen okyjylaryň ünsüni çekmek mümkin däl.

Ýogsa-da, degişme suratlary nädip döreýär? Indi elli bäş ýyldan-da köpräk wagt bäri türkmen telewideniýesinde hudožnik bolup işleýän Atajan Aşyrowy gepletseň-ä muňa ýönekeýden sada jogap berýär: «Degişme suratlaryň temasy durmuşyň özünde ýatyr. «Durmuşyň özünde» diýmegiňem manysy çäksizdir. Oňa töweregiňde görüp-eşidip ýören zatlaňňam girip biler. Nätanyş adamlaryň dilinden tötänlikde eşiden gürrüňleriň netijesinde-de döräp biler. Hasam döredijilik adamlary bilen oturylyp-turşulanda gyzykly temalar öz-özünden janlanýa. Beýle diýildigi, tap-taýýar suratlar göz öňüňe gelýä diýip düşünmeli däl. Olar beýni gazanynda ýoňsuz wagtlap gaýnaýa. Günleň, aýlaň dowamynda «bişýänleri-de» bar. Ýogsa-da, tanyş-bilişlemmiň arasynda-da degişme suratlarynyň ülňüsini salgy berýänler kän. Garaz, her bir «çanakdan» susubermeli…»

Dogrudanam, özleri surat çekip bilmeseler-de, olaryň çelgisini aýdyp bilýän adamlar bardy. Belli terjimeçi Annaly Berdiýewem tema tapmagyň ussadydy. Ol nakgaşlara degişme suratlaryň ençeme galybyny salgy beripdi. Şeýle ülňüleriň käbiri Atajan aganyň ýadynda gowy galypdyr. Şolaryň birki sanysyny mysal getirsek, belki, gürrüňimiz has aýdyňlaşar.

«Sprawka gerekligi hakynda sprawka getir!», «Men her sapar ertir gel diýýänem welin, sen hemişe şu gün geläýýäň-le…» Ine, şuňa meňzeş mowzuklardan ajaýyp degişme suratlary dünýä inipdi. Hawa, degişme suratlarynyň ülňüsiniň ýaýrawy giň. Olar her hili ýagdaýlarda döräp bilýär. Ýöne «Degişme suratlary samsyklaç bolsa bolubersin, diňe gülkünç bolsa bolany» diýip eňňereçilige ýol bermeli däl. Bolgusyz, suwjuk, ýeňil degişme suratlarynyň ömri jyzlanyň ömri ýalydyr. Olar okyjylaryňam ýadynda galmaýar. Oýlanyp oturýarsyň welin, il-günüň maňzyna oturaýjak eserleri döretmek aňsat iş däl.

Atajan Aşyrow ikimiz degişme suratlary, olaryň döreýiş taryhy, şu ugruň halypalary hakda kän gürrüň etdik. Aslynda degişme suratyny çekmek döredijiligiň täsin bir görnüşi. Öňýeten nakgaş bu ýola baş goşubermeýär. Degişme žanrynda işleýän ýazyjylaryň az bolşy ýaly, degişme suratlaryny çekip ýören nakgaşlaram üýşüp ýatanok. Megerem, munuň üçinem dogabitdi zehin gerekdir.

Eýsem, degişme suratlaryny çekýän nakgaşlaryň özleri näjüre adamlar! Olaryň degişme-gülküden «paýy» ýetikmi? Elbetde, degişme suratlaryny çekýänlerem Ependi ýaly wäşi bolmaly diýen «kanun» ýok. Ýöne olaryň hamyrmaýasynda gülkiniňem, degişmäniňem ýeterlik bolmagy hökmany zat.

Atajan Aşyrowyň duztorbasynda-da goraba-şerebe ýeterlik. Hemişe ýylgyryp ýör diýsem-ä kelte gaýdaryn. Durmuşda beýle adamlar bolmaýar. Ýöne onuň ýüzi hemişe açyk. Alçak. Derrew üýnüň alşyp gidýär. Ýaşy segsen ikiden agsa-da, şol birmahalky gülerýüzlüligi. Gartaşypdyr diýdirenok. Ýerlikli degişmä-de ýol tapýar.

Nakgaş bir gezek redaksiýa salama gelende kärdeşlerimiziň biri ondan: «Atajan aga, siz näçinji ýylda doglan?» diýip sorady. Ol ýaş ýigidiň ýüzüne ýylgyrybrak seretdi-de: «Näçinji ýylda doglanymy aýtjak däl. Birden: «Büý-ä garrapdyr» diýäýme? Ýöne şunam aýdaýyn: meň doglan günümi bütin dünýä belleýä!» diýdi.

Dogrudanam, onuň degişmesiniň aňyrsynda azda-kände hakykat bardy. Ol 1940-njy ýylyň birinji ýanwarynda dünýä inipdi. Dogrusy, şeýdip ýönekeý zatdan degişme ýasamagy-da oňarmak gerekdi.

Her bir degişme surat çekýäniň öz täri, öz ýüzi bolmaly. Aşagynda kimiň çekendigi ýazylmasa-da, Nurmuhammet Berdiýewiň, Ýedinazar Muhammedowyň, Artyk Kulymowyň, Meret Gylyjowyň… suratlaryna gözüm kaklyşanda şol eserleriň bularyň haýsy biriniň elinden çykanyny bada-bat tanaýaryn. Şeýle-de bolaýmaly! Öz ýüzüň, öz ýoluň bolmazdan, onuň alyhezreti sungatyň işiginden ätlemek mümkin däl.

Suraty özboluşly usulda çekmekde-de gep bardyr. Karikaturaçy nakgaşlaryň arasynda surat çekiş tärleri boýunça Nurmuhammet Berdiýew bilen Atajan Aşyrowyň eserleri has ýaraýar. Ikisiniň-de ýoly aýry. Ýöne suratlar çekilende ussatlyk derejesine çykarylýardy. Olaryň hil nyşany ýokarydy, kagyzyň ýüzünde keşde çekilen ýalydy. Muňa ýerine ýetirijilik ussatlygy diýilýär. Çekilen suratyň temasy hernäçe güýçli bolaýsyn, onuň ýerine ýetiriliş derejesi pes çykanynda atan okuň pys geçýär. Hatda suratyň temasy gowşagrak bolup, onuň ýerine ýetirilişi kämil çykanlygynda, onda şol kämillik tema gowşaklygynyň azda-kände üstüni ýapýar. Bu eýýäm subut edilen hakykat. Şonuň üçinem Atajan Aşyrow degişme suratlaryny çeken mahaly iki tarapy-da elden bermeýär. Elbetde, ol eseriň tema wajyplygyny birinji derejede goýýar. Tema ýüreginden dömüp çykmasa, onuň töweregine golaýlaşmaýar.

Hälem bir sözümde Atajan aga bilen bada-bat üýnüň alşyp gidýär diýip ýaňzydypdym. Dogrudanam, «jynyň jyňkyryşmak» diýen aýtgy ir döwürden bar. Şuňa «hä» beresiň gelip dur. Sebäbi käbir adam bilen hernäçe çytraşsaň-da, hiç «dil» tapyşyp bileňok. Munuň tersine, sulhuň alyşýan bilen duşuşsaň welin, derdinişip, içiňi döküp, keýpden çykýarsyň.

Sungatyň käbir meselelerinde kädaýym pikirler çapraz gelse-de, Atajan Aşyrow meniň üçin hemişe arzyly adam. Dogry, aram-aram ýoňsuz wagtlap birek-birek bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilemzok. Muňa ýagdaýlaram günäkär, özümizem. Agyry edinemzok. Herhal, telefon arkaly habarlaşyp durus.

Eýsem, Atajan Aşyrow kim? Ol, esasan, degişme suratlaryny çekýän nakgaş hökmünde tanalýar. Ýazgymyzam degişme suratyny çekýän hakda. Şeýle bolansoň: «Onda näme üçin makalaň sus, guraksy, bärde şadyýanlyk, kinaýalyja gülküjikler, degişmeler ýeterlik däl?» diýşip igenjek okyjylaryň-da tapylmagy mümkin.

Özümem şeýle pikirdedim. Onsoň, şu pikirimi Atajan aga-da ýetirdim. Gürrüňi makul tapdy. Yzyndanam: «Tüweleme, seň ýaşyňam bäri-bärde däl. Meň yzymy basyp gelýäň. Birmahal aga bolduk. Şonuň üçinem indi ikimiz okyjylary pakyrdadyp güldürip durmaly. Ýöne çynymyzy edip, gaýrata galsak, ýylgyrtmagymyz-a mümkin…—diýip, yzyndanam: —Hany, üýtgeşigräk, delräk sowallary okla bakaly, menem senden kem galman jogap bermäge çalşaýyn…» diýip, iki elini gowşuryp, ula goýberilýek bedew kimin häzir bolup duruberdi.

Şunlukda, biziň aramyzda şeýleräk sowal-jogap döredi:

—Atajan aga, öňde-de birinden: «Gojalygy boýnuňa alýaňmy?» diýip soranlarynda, ol uludan bir demini alyp: «Gojalygy boýnuma alamok, tüweleme, onuň özi boýnuma mündi…» diýip jogap beripdir…

—Sözüň agzyňda, inim. Yzyny aýdyp oturma! Entekler-ä gojalygy boýnuma mündürmek islämok. Sebäbi boýnum boş däl. Boýnuma degişme suratlammy mündürýän. Olary dürli neşirlere paýlaýan, sergilere çykarýan…

—Ýogsa-da, ussahanasynda degişme, gülki ýasaýan kişiler uzak ýaşaýa diýýäler. Şol çynmy?

—Bu sowalyň maňa dahylly ýeri ýok. Häzir bary-ýogy segsen üç ýaşymda.

—Adamyň gepinden, hereketinden degişme suraty ýasamak mümkinmi?

—Elbetde, mümkin. Ýekeje mysal. Bilşiň ýaly, döwür ykjam telefonlaryny öňe çykardy. Çopanyň elinde-de  şol, çaganyň elinde-de. Adamlaram iki sözüniň birinde: «Elime jaň edäý» diýişýä. Derrew nakgaşyň beýnisi herekete girýä. Ol şu üç sözden degişme suraty çekmegiň tärini gözleýä. Ýöne nädeniňde okyjyny güldürip-ýylgyrdyp boljak? Ony çagaň dilinden bermelimi? Eliň suratyny çekmelimi? Oňa-da biri jaň etmelimi? Garaz, oýlandyrýa. Gepiň gerdişine görä aýtsam, soňy bilen şu mowzukdan birnäçe degişme suratyny çekdim. Käwagt peýwagtyna otyrkaň, niredendir bir ýerden ylham aty kişňäp gelýä-de, öňüňde keserip duruberýä. Şonda bada-bat işe girişýäň. Eseriň oňurgasy-da känbir uzaklaşman taýýar bolýa. Aý, garaz, döredijilikde oýun kän-dä…

—Atajan aga, «döredijilikde oýun kän…» diýdiň welin, bir waka ýadyma düşdi. Kanagatyňy ýitirmän diňläp bilseň-ä, aýdyp berjek.

—Enteg-ä kanagatymy ýitirip göremok. Arkaýyn aýdyber!

—Bir amerikan millioneri meşhur iňlis nakgaşy Týornerden bahasy ýüz funt bolan eseri satyn alypdyr. Günlerde bir günem ýaňky pul mesi nakgaşyň bu eseri bary-ýogy iki sagadyň içinde çekendigini eşidipdir. Özüni aldanan hasaplan barjamly kişi gaharyna Týorneri kazyýete çagyrdypdyr.

—Şu eseri iki sagatda çekeniňiz çynmy?—diýip, kazy nakgaşa sowal beripdir.

—Hawa, iki sagatda çekdim. Tutuş ömrümboýy gursagymda göterip gezdim hem-de iki sagadyň dowamynda çekip gutardym—diýip, Týorner jogap beripdir.

—Dogrudanam, alma bişmese—sapagyndan tänmeýä. Döredijilik işgäriniň zehin bagam şoňa çalymdaş. Ilki düwmeli. Soň bişmeli. Ýöne şu aralykda näçe wagt, näçe ýyl gerek, ony döredýäniň özünden başga bilýän ýok. Dogrusy, döredijiligiň lezzeti hem şunda.

—Il-gün degişmäni, ýylgyrmany, gülmäni gowy görýä. Adatça, şeýle eserlere ulaldyp görkezmek mahsus. Dogrumy?

—Dagy näme! Gülkä ýakyn esere ýel berip çişiriberýäň welin, degişme surat döräberýä…

—Atajan aga, sen degişme suratlaňňyň başyny jemläp, birnäçe gezek özbaşdak sergileriňi-de guradyň. Şol sergileri menem görüpdim. Sergi köp kişiniň göwnünden turdy. Şonda öz ýanymdan: «Şeýle sergiler köpräk geçirilsedi» diýip arzuw etdim. Herhal, sergä çäkli adam tomaşa edýä. Ynha, kärdeşiň Meret Gylyjow ýüz sany sözsüz degişmesiniň başyny jemläp, ýygyndy görnüşinde taýýarlady. Göwnüme bolmasa, degişme suratlaryny okyjylara elýeterli etmek üçin şu usul has oňaýly ýaly.

—Elbetde, her bir zady taýýarlamak üçin ýoňsuz wagt gerek. Çynymy etsem, menem Merediňki ýaly ýygyndyny birki aýyň dowamynda «donly-telpekli» edip bilermikäm öýdýän.

—Halypa, görşümiz ýaly, döwür özgerýä. Döwrüň özgermegi bilen ylmam ösýä. Kompýuter, internet durmuşymyza ymykly ornaşdy. Indi şolarsyz durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däl. Kompýuterleň, internet ulgamynyň döremegi bilen edebiýatda-da, sungatda-da täze akymlar peýda boldy. Degişme suratlary babatda-da üýtgeşiklikler görnüp ugrady. Bärde tema saýlamagyň gürrüňi gidenok. Ol bütünleý başga mesele. Bärde eseriň ýerine ýetiriliş usulynyň gürrüňini edýän. Soňky döwürde dünýä metbugatynyň sahypalarynda täzeçe çekilen degişme suratlaryna orun berlip başlandy. Men ilki elde çekilen, soňra kompýuter arkaly rejelenen, ýagny haşamlanan degişme suratlary barada aýdýan. Görer göze olar öte gelşikli, kaşaň. Eýsem, şeýle degişme suratlaň geljegi nähili? Olar «gadymky», ýagny okyjylar köpçüliginiň öwrenişip giden adaty suratlaryny gysyp çykaryp bilermi?

—Inim, şu meselede ikimiz ozalam kän pikir alşypdyk. Aslynda şekillendiriş sungatynyň dürli akymlarynda-da üýtgeşmeler görnüp ugrady. Netijede täze akymlar döredi. Beýle ýagdaý şekillendiriş sungatynyň taryhynda täzelik däl. Ylmyň ösmegi, ynsan aňynyň kämilleşmegi netijesinde sungatda-da her dürli öwrümler, synanyşyklar ýüze çykýa. Muny her kim birhili kabul edýä. Kime ýaraýa, kime ýaranok. Biri bada-bat kabul edýä, başga biriniň maňzyna oturanok. Degişme suratlary çekmek bilen bagly aýdýan ugruňyň döremegi geň görülmeli ýagdaý däl. Muňa döwür bilen aýakdaş gitmek diýip düşünmek gerek. Ilki elde çekilen, soňra kompýuterde sazlaşdyrylan eserler, dogrudanam, yşnakly. Beýle eserleri döretmek üçin nakgaş iki tarapdanam zehinli bolmaly. Onuň eminden gelmek biz ýaly ýaşuly nesle çatagrak düşýä. Herhal, islendik zadyň öz gözelligi, aýratynlygy bar. Mysal üçin, gojalygyň öz ajaýyplygy, hezilligi, keýpi bolýa. Degişme suratlary babatda-da şeýle. Meň pikirimçe, elde çekilen degişme suratlaň hiç haçan gadyry gaçmaz. Çaýyň, çalyň, süýdüň, kofäň…—bulaň her biriniň özboluşly tagamynyň, lezzetiniň bolşy ýaly, elde ýerine ýetirilen degişme suratlaňňam täsiri başgaçadyr. Elbetde, başda elde çekip, soňra kompýuterde bejerilen eserleň ömri samanhana çenli diýjek bolamok. Olary hiç bir weçden inkär edemok. Men hemişe täzeligiň tarapdary. Il oňlasa—bu ugram ýol alar.

—Atajan aga, saňa daşyňdan ýaş görünýäň diýýäler…

—Sebäbi men ýaşajyk ýaşuly-da.

—Görýän welin, gülki damaryň tirsildäp başlady öýdýän. Hany, şu sowalyma-da jogap ber bakaly! Makaronyň içini nädip deşýäler?

—Toşaply süýjiniň içine nädip toşap salýan bolsalar, makaronyň içinem şeýdip deşýäler…

Şeýlelikde, ikimiziň söhbetdeşligimiz şu ýerde togtady. Onsoň, ýene-de ýatlamalara dolandym. «Edebiýat we sungat», «Watan» gazetlerinde köp ýyllaryň dowamynda jogapkär kätipligi ýöredemsoň, şu redaksiýalarda degişme sahypalaryny taýýarlamsoň, nakgaşlar bilenem iş salşylýardy. Şondan ötri şahsy arhiwimde degişme suratlaryny çekýän nakgaşlaryň eserleri-de saklanyp galypdyr. Şolaryň arasynda Atajan Aşyrowyňky has agdyklyk edýär. Diýmek, ikimiz uzagrak goňşokaraly gatnaşykda bolupdyrys. Suratlar dürli ýyllarda çekilipdir. Üstünden on-on bäş ýyl geçenleri-de bar. Şunça wagtyň içinde olaryň birjigem ähmiýeti ýitmändir. Edil şu gün döredilen ýaly. Diýmek, Atajan aganyň eserleri bir günlük däl. Olaryň ömri uzak. Munuň özi, nakgaşyň ussatlygyndan habar berýär. Suratlary gaýta-gaýta synlaýaryn. Bu golaýda şeýle hezil edip gülenim ýadyma düşenok. Meniň pikirimçe, Atajan aganyň degişme suratlary juda agras adam diýilýänleri-de ýylgyrtjak.

Adamda müňlerçe dost bolup bilermi? Bu sowal köp kişini geňirgendirer. Dogrudanam, munça dost tutunmak mümkin däl. Emma adamda gaýybana dost bolup biler ahyry! Hawa, dostlaram hil-hil. Şol gaýybana dostlar bilen tötänlikde ýüzbe-ýüz duşuşylýan pursatlaram gabat gelýär. Ana, şonda gaýybana dostluk hakyky dostluga öwrülýär.

Günlerde bir gün Atajan Aşyrowyň eli agyrypdyr-da, özüni barlatmak üçin anyklaýyş merkezine barypdyr. Lukman kyrk-kyrk bäş ýaşly bir nurana adam. Ol nakgaşyň adyny, familiýasyny görüp: «Siz şol degişme suratlaryny çekýän Atajan Aşyrowmy?» diýip sorapdyr. Gör, gaýybana dost nireden çykyp ýör. Lukman Atajan aganyň suratlaryna aşyk ekeni. Ol özüniň gazet-žurnallara yzygiderli ýazylýandygyny aýdyp, yzyndanam: «Ýöne, näme üçindir, soňky wagtlar degişme suratlaňňyza az gabat gelýän…» diýip, hoşamaýlyk bilen igenipdir. Nakgaşyňam dili gijäp duransoň: «Wah, elim agyrýa-da! Ynha, elime em edersiňiz welin, surat yzyna surat çekerin…» diýipdir.

Lukman nakgaşyň degişmesine düşünipdirmi-düşünmändirmi, belli däl, ol Atajan agany yhlas bilen ilikdüwme barlagdan geçiripdir hem-de şeýle diýipdir:

—Agam, siziň ýüregiňiz, aşgazanyňyz, bagryňyz, umuman, iç goşuňyz gül ýaly. Nesip bolsa, siz Göroglyň ýaşyny ýaşarsyňyz.

Atajan Aşyrow lukmanyň ýanyndaky bolan şu wakany gürrüň berýän mahaly oňa sowal berenimi duýman galypdyryn.

—Lukman hiç hili kem tapmadymy? Eliň agyrysynyň sebäbini bilmedimi?

—Inim, el ýatdan çykandyr. Ikimiziň gürrüňimiz alşyp gitdi. Tüweleme, sungatdanam gowy başy çykýan ekeni. Ynanmarsyň. Ýöne lukmanyň ýanyndan gaýdyp öýe bardym welin, elimiň agyrysy öz-özünden aýryldy ötägitdi…

—Diýmek, ol seni söz bilen bejerip goýberipdir-dä?

—Şeýle ýaly… Ýöne, gardaş, bir zat böwrümde bükgüldi döredýä. Ol maňa: «Siz Göroglyň ýaşyny ýaşarsyňyz…» diýdi. Ýöne Göroglyň ýaşyndan geçemsoň nätmeli?

—Nätmeden Hudaý saklasyn! Degişme suratlaňňy çek-de gezibirler…—diýip, menem onuň degişmesine degişme bilen jogap berdim.

«Duza gaçan duz bolar» diýlişi ýaly, degişmäni gowy görýän kişi bilen duşuşanyňda, ýaza çykan dek, özüňem degişmä goşulanyňy duýman galýarsyň. Gülmek—ömürden. Atajan aga-da ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, okyjylaryny gülüşmekden aýyrmajak bolup, gaýratynyň çatdygyndan, ylhamynyň joşdugyndan haýdap ýör.

Atajan Aşyrowyň gaýybana dostlary diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da köpdür. Nakgaşyň suratlary dünýäniň dürli ýurtlarynyň satira žurnallaryny bezedi. Ol degişme suratlary bilen halkara derejesindäki bäsleşiklere-de gatnaşýar. Onuň eserleri birnäçe gezek ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şolaryň arasynda 1977-nji ýylda «Krokodil» (Russiýa) žurnalynyň iň oňat satiriki surat we tema üçin yglan eden ýapyk bäsleşiginde üçünji orny eýelemegi aýratyn bellärliklidir. Ýapyk bäsleşige dünýäniň ýüzlerçe nakgaşlary gatnaşdy. Şolaryň arasynda üçlüge düşmek ýöne-möne iş däldir. Munuň özi, türkmen suratkeşiniň halkara derejede ykrar edilmegini aňladýar. Şundan soň onuň işleri Gabrowoda (Bolgariýa) geçirilen ýumor we satira festiwalynda diploma hem-de ýadygärlik medalyna, şunuň ýaly mowzukda Türkiýede geçirilen sergide ikinji derejeli diploma mynasyp boldy.

Her bir hünärdäki adamynyň, aýratynam döredijilik işgärleriniň halypalary bolýar. Ýaşlara halypa gerek. Halypa şägirtlerini mydama gözükdirip durýar, olara döredijilik babatda-da, adamkärçilik babatda-da görelde bolýar.

—Nurmuhammet Berdiýewi hemişe ýagşylykda ýatlaýan—diýip, Atajan Aşyrow gürrüň berýär. —Ol hakyky halypady. Diňe meň halypam däl, eýsem, köp degişme surat çekýän nakgaşlaryň halypasydy. Menden bary-ýogy üç ýaş uly bolsa-da, onuň üýtgeşik zehinine, belent adamkärçilik sypatlaryna hemişe hormat goýýardym. Oňa göriplik, bahyllyk ýatdy. Bizi hemişe öňüne düşürerdi, ýol görkezerdi. Eger şoň hemaýaty bolmanlygynda, halkara sergilerine-de, bäsleşiklerine-de gatnaşmazdym. Nurmuhammet «Tokmagyň» çeperçilik redaktory bolansoň, bizi daşyna üýşürerdi, kiçiräjik maslahatlar geçirerdi. Garaz, günümize goýman işlederdi. Onuň ýaly çyn halypalar unudylmaýa…

Men köp nakgaşlary tanaýan. Köpden bäri-de bir zada haýran galýan. Olaryň hemmesiniň elinden dür dökülýär. Özlerem ýekeje hünär bilen çäklenmeýärler. Reňkli suratlaram çekýärler, grafika suratlary-da, heýkeltaraşlyk bilenem meşgullanýarlar, elleri fotoapparatly täsin suratlary-da düşürip ýörler. Atajan aga-da şeýle nakgaşlaryň biri. Ol bagbanam. «Eliň aýtymy» ýaly ýeri bagy-bossanlyga öwrüpdir. Ol, esasan, kädi ýetişdirýär. Şol kädijiklerindenem ajaýyp şekilleri döredýär. Haýran galaýmaly eserler. Bu eserler kompozisiýany emele getirýärler. Şol kompozisiýalarda akdyr gara telpekli, gylyçly gaýduwsyz gerçekler mertligiň nusgasyna öwrülipdir. Türkmen ýaşulusy tüýdükde saz çalyp dur. Milli eginbaşly perizadyň şekilem, hatda Nefertitiniň şekili-de bar. Bu eserler sünnäligi, pikir çuňlugyny, galyberse-de, irnikligi talap edýär. Inçe işe kanagatlylyk bilen ýapyşmaly. Onuň «Çagalar hory» atly eseri juda täsinliligi, milli öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Nakgaşyň öz häsiýetine mahsus şol çagalaryňam ýüz-gözünden nur ýagýar. Olaryň barysy milli lybasda şekillendirilen. Aýratynam, gyzjagazlaryň nagyşly eşikleri, şaý-sepleri gözüňi dokundyrýar. Çagalary birgiden tomaşaçy hezil edip diňläp dur. Bularyň barysy biri-biri bilen sepleşip, bitewiligi düzýär. Dogrusy, Atajan Aşyrowyň kädijiklerden şeýle sazlaşygy ýasap bilşine juda synyň oturýar. Umuman, kädijiklerden şekil döretmek iňňe bilen guýy gazandan enaýy däl. Naşyja şekiller taýýar bolansoň, ussadyň gudratly eline haýran galýarsyň. Atajan aga 2011-nji ýylda iki ýüze golaý degişme suratlary bilen birlikde kädijiklerden ýasan şekillerini-de özbaşdak sergide goýupdy. Ol şeýle sergileri soň-soňlaram gurnady.

Şol sergileriň birinde ýaş žurnalist gelin Atajan Aşyrowa şeýle sowal berdi:

—Atajan aga, siz degişme suratlaram çekýäňiz, kädijikleri bezäp, her dürli gelşikli şeklillerem ýasaýaňyz, olardan kompozisiýalar düzýäňiz. Şu ugruň haýsysy size has ýakyn?

—Nähili düşündirsemkäm?—diýip, nakgaş biraz oýurgandy. —Degişme suratlaryny çekmekden ýadamda kädijikleň daşyna geçýän, kädijiklerden ýadan mahalymam degişme suratlaň daşyna geçýän. Ikisem eziz. Meň üçin olaň biri oglum, biri gyzym. Oglumam, gyzymam deň derejede gowy görýän.

Ussadyň öz döredijilik akymlaryny perzentlerine meňzetmesine geň galmalyň. Nakgaşyň degişme suratlary-da, kädijiklerden ýasaýan şekilleri-de onuň ýüreginden çykýar. Şeýdip zehin bagyndan miwe öndürýär. Şol miwelerem bir günlük däl, ömürlik.

Atajan Aşyrowyň öýleriniň deňinden birinji gezek geçen säginmän durup bilmeýär. Ol öz eli bilen kiçijik bagy-bossan döretdi. Daragtlara yzygiderli serenjam berýänligi üçin, biygtyýar, olarda gözüň eglenýär. Gözellik hemişe özüne çekýär. Dalbardan sallanyşyp duran ululy-kiçili kädiler birenaýy. Olaryň ýanyna has ýakynlaşasyň, elleşdirip göresiň gelýär.

Şol günem nakgaş öz ýetişdiren bagynda daragtlara ideg edip ýördi. Yzyna gaňrylsa, bir ýetginjek baga tarap aňkarylyp dur.

—Daýy, bulary satýaňmy?—diýip ýetginjek «bagbana» ýüzlenipdir.

—Köşek, bular iýilýän kädi däl!—diýip, nakgaş düşündiripdir.

—Bilýän. Ýöne ýaman owadan eken!

Atajan aga: «Sen entek has owadan kädijiklemmi görmediň-dä…» diýip, ony öýüne äkidipdir.

Otaglaryň biriniň diwaryndaky tekjeler her dürli haşamlanyp çekilen kädi şekiljiklerinden doludy. Oglanjyk muzeýe gelen dek bolup, täsin kädi şekiljiklerini dykgat bilen synlapdyr. Soňam: «Bulaň biriniň bahasy näçe?» diýip sorapdyr. Atajan aga-da oňa: «Bulaň bahasy ýok. Ýöne kädijiklerden ýasan işlemmiň hemmesini göresiň gelse, onda ýene bäş günden sergi gurajak. Şoňa geläý…» diýipdir.

Gözellikden ganma ýok. Ol ulynam özüne bendi edýär, kiçinem. Atajan aga bir eli bilen-ä kädijiklerden gözellik paýlaýar, beýleki eli bilenem degişme suratlaryny çekip, gülki paýlaýar. Il-güne gözelligem gerek, gülkem. Gözellikdir gülki paýlaýan adam bolsa, biziň ilimizde hemişe arzylanýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, şekillendiriş sungatynyň özboluşly ussady Atajan Aşyrowam arzylanýan adamlaryň biri.

 Çary GELDIMYRADOW.

Ýene-de okaň

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar