SPORT

Finalyň ady: Germaniýa-Angliýa

Zenanlaryň arasynda geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda finala çykan ýygyndylar belli boldy. Final duşuşygynda Germaniýanyň ýygyndysy bilen Angliýanyň ýygyndysy duşuşar.

Germaniýanyň ýygyndysy ýarym finalda Fransiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda, Beýik Britaniýanyň ýygyndysy bolsa Şwesiýany 4:0 hasabynda ýeňdi.

Germaniýanyň ýygyndysy häzirki wagtda çenli 8 gezek Ýewropanyň çempiony boldy. Bu ýygyndy hiç wagt final duşuşyklarynda ýeňilmedi.

Angliýanyň ýygyndysy iki gezek final tapgyryna çykdy, ýöne ikisinde-de – 1984-nji ýylda Şwesiýadan, 2009-njy ýylda Germaniýadan ýeňildi.

Ýewropa çempionatynyň finaly 31-nji iýulda Angliýanyň meşhur Uembli stadionynda geçiriler.

 

10 ýylda 1 milliard düýp bag nahaly oturdylar

Related posts

Katar-2022: ilkinji duşuşykda Ekwador ýeňdi

Russiýanyň çempionaty tamamlandy: “Rubin” birinji liga düşdi

Ata Watan Eserleri

Makron Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmakçy