SPORT

Suares 16 ýyldan soňra yzyna dolanýar

Ispaniýanyň “Barselona” toparynda Lionel Messi we Neýmar bilen has-da uly üstünliklere eýe bolan Luis Suares 16 ýyldan soňra ozalky toparyna gaýdyp barýar. “Atletiko Madrid” toparynda çykyş edýän Suaresiň täze topary belli boldy.

Ol özüniň watany bolan Urugwaýyň “Nasional” toparynda çykyş eder. 35 ýaşyndaky ýyldyz futbolçy wideoýüzlenme bilen täze topary baradaky habaryny mälim etdi.

Ol öz ýurdunyň “Nasional” topary bilen ylalaşandygy we ýakyn wagtda resmi şertnama gol çekmegi meýilleşdirýändigini belläp geçdi.

Şeýlelikde, Suares 16 ýyldan soňra ozalky toparyna gaýdyp barar. Ol “Nasional” toparynyň düzüminde ýetişipdi. Ol 2006-njy ýylda bu topardan “Groningen” toparyna 800 müň ýewro gidipdi.

Soňra ol “Aýaks”, “Liwerpul”, “Barselona” we “Atletiko Madrid” toparlarynda çykyş etdi. Esasan hem, Suares “Liwerpul”, “Barselona” we “Atletiko Madrid” toparlarynda çykyş eden döwründe uly üstünlikleri gazanmagy başardy.

 

“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny herekete girdi

 

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder