DÜNÝÄ

Türkmenistanda Sindzo Abe hatyralandy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Arkadag” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi.

Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy gurbanlyk sadakasynda eden çykyşynda: “Türkmenistanda aramyzdan biwagt giden hazirki döwrüň ajaýyp syýasatçysy hem-de görnükli döwlet işgäri bolan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berýäris. Sindzo Abe beýik adam, özboluşly syýasatçy, şahsyýet, guramaçy, öz döwründe halkyna, iline, ýurduna uly işler bitiren ýolbaşçy” diýdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Sindzo Abeniň şol wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin uly tagallalar edendigini belläp, “Sindzo Abe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem has-da ösdürmäge uly goşant goşant goşan şahsyýet” diýip belledi.

Gurbanlyk sadakasyna Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, daşary ýurtly ilçiler, Türkmenistanyň Hökümet agzalary we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary gatnaşdy.

Sadakada Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap bir minutlyk dymyşlyk hem yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly  Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida gynanç bildiripdi.

 

Talyp-2022: Aşgabat we welaýatlarda resmi iş kagyzlaryň kabul edilýän ýerleri

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar