JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Mustafa Şentop arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, kanun çykaryjy edaralaryň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.

Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

 

Türkmenistanda Sindzo Abe hatyralandy

Related posts

Hepdelik täleýnama (21-27 dekabr)

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyry 2023-2026-njy ýyllarda gurlar

BMG pasporty boýunça hasaba alynmak

vepa