JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda saparda bolýar

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna geldi. Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanyna baryp gördi we bu ýerde daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi Atageldi Ärnyýazow bilen söhbetdeş boldy. Şeýle-de kärendeçiniň haýyşy boýunça bugdaý oragyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Ekerançylyk meýdanynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyndan soňra hormatly Prezidentimiz Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine bardy. Bilşimiz ýaly, şu aýyň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, umra hajyny berjaý etdi. Ol ýerde hormatly Prezidentimize mukaddes Käbeden keramatly nyşan hökmünde teperrik gowşuryldy. Şol teperrik şu gün hajy Arkadagymyzyň adyny göterýän welaýatyň baş metjidinde goýuldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we bu ýerde haj zyýaratyny berjaý etmegi bilen bagly toý sadakasyny berdi.

 

Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Related posts

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wise-premýeri Günorta Koreýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy