SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Türkmenistan ugurly 2 ýörite uçar gatnawy

Türkiýe Respublikasynyň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlarynyň 2-sini amala aşyrar.

Ozal, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 15 günde bir sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrýan bolsa, indi bolsa, 7 günde birini amala aşyrýar.

Türkmenistandan Türkiýe ugry boýunça bolsa, ozal hem köp sanlysy amala aşyrylan halkara ýörite uçar gatnawlar dowam  etdirilýär.

Türkiýe Respublikasynyň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň 17-nji we 24-nji iýunynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu awiakompaniýa Türkmenistan ugurly ýörite gatnawyny 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda  hem Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawy amala aşyrar.

 

 

Russiýa wiza üçin orun sany köpeldildi

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri