SPORT

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä reýtinginde 64-nji orny eýeleýär

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Futsal World Ranking saýtynda çap edilen ýygyndy toparlaryň sanawynda 64-nji orny eýeleýär. 907 utugy bolan ýurdumyzyň ýygyndy toparyndan bir basgançak ýokarda Çiliniň, bir basgançak aşagynda bolsa Kosowonyň milli ýygyndylary ýerleşýärler. Bu barada “tff.com.tm” internet neşirinde habar berilýär.

Sanawda bellenilişine görä, ilkinji onlugy eýeleýän ýygyndy toparlar şulardan ybarat: Braziliýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Argentina, Russiýa, Eýran, Gazagystan, Paragwaý, Italiýa hem-de Horwatiýa.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymyna girýän ýygyndylaryň arasynda 13-nji orny eýeleýär. Ol bu ugurda Täjigistanyň ýygyndysyndan bir basgançak aşakda, Bahreýniň ýygyndy toparyndan bolsa bir basgançak ýokarda ýerleşýär. Aziýa yklymynda ilkinji üç orny şu ýygyndylar eýeleýärler: Eýran, Ýaponiýa hem-de Taýland.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futzal ýygyndysy geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alypdy. Ýygyndy toparymyz saýlama tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen geçiren duşuşyklarynda 6 utuk toplap, saýlama tapgyryň “A” toparçasynda ikinji orny eýeläpdi.

 

Türkmenistan Migrasiýa meseleleri boýunça Global Foruma gatnaşar

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer