SIZDEN GELENLER

Gadymyýetden nusga alan türkmen halysy

Haly türkmeniň gadymdan gelýän ýaşaýyşa bezeg  bolan naýbaşy milli önümleriniň biridir. Türkmen halylaryna üns berseňiz, gülleriň, kölleriň, daglaryň we guşlaryň aýak yzlaryny görmek bolýar.

Halynyň watany Türkmenistan bolup ol adamlary birleşdirýän we hyzmatdaşlyk duýgusyny döredýän Türkmeniň dünýä  meşhur milli önümidir. Türkmeniň bu meşhur halysy ýurdumyzyň öri meýdanlarynyň dürli ösümliklerinden otlaýan goýunlaryň  ýüňlerinden dokalýar, goýun ýüňleri bolsa bu toprakda ösýän ösümliklerden, güllerden we miwelerden tebigy boýaglar bilen boýalyp ajaýyp reňklere eýe bolýar. Haly gadymyýetde çölde we daglyk ýerlerde ýaşan adamlar düşek hökmünde we şol wagtlar toýlarda gelin kejebesini bezemekde hem giňden ulanylypdyr.

Halylar, oýlanyşykly sungat bolup häzirki döwürde dürli ugurlarda ulanmaga, olary bir ýerden başga ýere äkitmäge hem amatly hasaplanýar. Haly hatda çaganyň dünýä inmegi hatyrasyna hem dokalyp soňra bäbekleriň ilkinji gadamlaryny şol halyň üstünde ätdirmekleri gadymdan gelýän ynançlarynyň biridir.

Gadymyýetden tä şu güne çenli  jaýlaryň gapylarynda “gapylyk” hökmünde dokalýan ýörite halylar asylyp gelinýär.

Türkmenler gelin toýlarynda täze gelen gelini hem haly bilen bezelen otaga salypdyrlar.

Gadymyýetde we häzirki döwürde Türkmenler her gün halydan dokalan namazlykda namaz okap, ýörite düşek üçin niýetlenen halylarda bolsa saçak ýazyp naharlanypdyrlar. Eýsem haly diňe öý hojalyklarynda ulanylman baýramçylyklarda we dürli çärelerde şeýle-de Bedew baýramçylygynda geçirilýän Atlaryň gözellik bäsleşiginde we çapyşyklarda ýeňiji bolan atlara at arkasy gutlanmagy mynasybetli türkmen halysy serpaý ýapylýar.

Türkmen hojalygynda esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edýär.Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýarlar, Halyny diňe aýal-gyzlar dokap, gadymdan gelýän sungat bolup ol eneden gyza geçip şu günlere gelipdir. Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Haly halkyň zähmetiň adyllygyna bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, şol ynanç türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Şu günki gün bu medeniýet, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr. Her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň güni bellenilip baýram edilýär we bu sungatyň waspy dillerden düşürilmeýär.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagta çenli dünýäniň iň uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny hem buýsanç bilen belläp geçmek bolýar. 2001-nji ýylda dokalan Türkmen halysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Halynyň agramy 1 tonna 200 kilogramdyr.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, halkymyzyň milliligine mahsus bolan parasatlylygyny alamatlandyrýar. Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän ata Watanymyzyň özboluşly keşbine öwrüldi.

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

THY: Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk