SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – behişdi bedewleriň mekany

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklara uzaýan gadymy taryhyndan miras galan gamyşgulak bedewlerimiziň häzirki döwrümiziň ösüşleriniň özboluşly nyşanyna öwrülmeginde, olaryň naýbaşy gymmatlyk hökmünde bütin dünýäde ykrar edilmeginde ony aňryýany bilen görmek bolýar.

Türkmeniň atçylyk sungaty toplumlaýyn häsiýeti bilen özboluşly usullary özünde jemleýän seýisçiligi we çapyksuwarlygy beýan edýär. Bu sungatyň bütin dünýäde at-owazasynyň ýaýramagy we biziň günlerimize gelip ýetmegi geçmişde ata-babalarymyzyň eýesine wepaly, ýyndamlykda meşhurlyga eýe bolan ýüwrük atlary ýetişdirmek bilen birlikde, olaryň tohum häsiýetini gowulandyrmaga aýratyn üns berendiginiň netijesidir. Häzirki bagtyýarlyk döwründe bolsa, ýörände seýkin basýan, çapanda ýelden ýüwrük atlarymyz toý-dabaralarymyzyň bezegi, halkymyzyň milli buýsanjy, uçar ganatydyr.

Örän irki döwürlerde döräp, seýisler tarapyndan kämil keşbe ýetirilen türkmen atlary dünýäniň köp bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Olar owadanlyk, ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan tapawutlanyp, bu tohumyň gelip çykyşynyň örän gadymylygy onuň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynda ýüze çykýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýelden ýüwrük bedewler baradaky maglumatlar gadymy müsür faraonlarynyň ýazgylarynda, gadymyýetiň alymlary, ýa­zy­jy­la­ry — Ge­ro­do­tyň, Stra­bo­nyň, Aristoteliň, Gomeriň, Owidiniň, Wergiliniň, Ksenofondyň we beýleki meşhur alymlaryň sene ýazgylarynda we eserlerinde duş gelýär» diýip jaýdar belleýär. Göreni haýran edýän türkmeniň tohum atlarynyň waspy häzirki döwürde hem daşary ýurtly alymlar tarapyndan buýsançly beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde Änewde, Marguşda, Goňurdepede, Altyndepede we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan at süňkleri we beýleki tapyndylar Watanymyzyň dünýäde ilkinji atlaryň eldekileşdirilen, tohumynyň kämilleşdirilen mekanydygyna şaýatlyk edýär.

Türkmeniň atçylyk sungaty özüniň milli özboluşlylygy hem-de gadymylygy bilen tapawutlanýar. At çapyşygynyň atçylyk sportunyň bir görnüşi hökmünde ilkinji gezek Merkezi Aziýada dörändigini tassyklaýan taryhy we ylmy maglumatlar ata-babalarymyzyň bu asylly däbini milli sport oýunlaryň özboluşly görnüşi hökmünde häzirki günlerimizde has-da ösdürmäge doly esas döredýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda türkmeniň atçylyk sportuny ösdürmek bedew atlaryň çapyşygyna niýetlenen döwrebap aýlawlardyr atçylyk merkezleriniň gurulmagy, atşynaslaryň ýaş nesliniň kemala getirilmegi arkaly dowam etdirilýär.

Umuman, türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewler köp asyrdan bäri milletimiziň örän gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Olar barada rowaýatlar, şygyrlar döredildi, häzirem “Asman atlary” diýip atlandyrylýan bedewlerimiz gözelligiň, güýjüň hem-de wepalylygyň nyşany boldy. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynda ýerleşdirilen ahalteke bedewiniň şekiliniň ýurduň milli nyşanynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi tötänden däldir.

                                                                        Mähri Akmyradowa, S.A.Nyýazow                                                                                             adyndaky TOHU-nyñ talyby.

 

 

Şahbaz Şarif – Pakistanyň 23-nji Premýer-ministri

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk