Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda durnukly ösüşi nazarlaýan uly üstünlikler gazanylýar. Ylmyň we tehnikanyň biri-biri bilen utgaşykly ösüşi ýurdumyzda ylmy açyşlardyr oýlap tapyşlaryň sanyny barha artdyrýar. Ylmy-tehniki ösüş ykdysadyýetiň güýçli depgin bilen ösmeginiň, köp sanly durmuş meseleleri çözmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Ol innowasion ösüşiň hem ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň netijesinde senagatyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli özgerýär, zähmet öndürijiligi artýar, önümçiligiň netijeliligi ýokarlanýar.
Ylmyň we tehnologiýanyň ösýän döwründe islendik döwletiň kuwwaty bilimiň we ylmyň ösüş derejesi bilen, adamyň sowatlylygy bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Öňdebaryjy ylmyň gazananlaryndan netijeli peýdalanmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň häzirki zaman ylmyny ösdürmek baradaky tagallalary aýratyn bellärliklidir.
Orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň şu günüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze binalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň, tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda döwrebap okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanylýar. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň meýilnamalaryna täze hünärler girizilip, olarda täze kafedralar açylýar. Döwrebap bilim bermegiň netijeli usullaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, talyp ýaşlary bilime höweslendirmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň hemmesi döwletimizde bilim ulgamyna ýokary üns berilýändigini görkezýär.
Eziz Diýarymyzda mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde daşary ýurtlaryň ösen tejribelerinden peýdalanylýar. Şu maksat bilen mugallymlar, bilim işgärleri daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezlerinde bolup, bilimlerini kämilleşdirýärler. Şeýle mümkinçilikler bolsa bilim işgärlerine bu ugurda täze tejribeler bilen tanyşmaga hem-de özleriniň hünärini kämilleşdirmäge giň şertleri döredýär. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan köpugurly çäreler bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy ülňülerine laýykda guramaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ylym we bilim ulgamlarynyň ýokary derejä ýetendigi bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky ösüşleriň esasy bilim bermegiň ýokary ülňülerini durmuşa ornaşdyrmakdan, düýpli hem-de amaly ylmy-barlaglary goldamakdan we höweslendirmekden, ähli ýerlerde okuw işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda ulgamy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe Konsepsiýalar hereket edýär. Olaryň ählisi hem ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almagyna gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmek kabul edilen konsepsiýalaryň esasyny düzýär. Tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýan özgertmeler özüniň netijesini berýär. Hormatly döwlet Baştutanymyz wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde öňde durýan şu wezipeler barada durup geçmek bilen: «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip belledi. Uzak aralykdan okatmak, sanly tehnologiýalaryň kömeginden netijeli peýdalanmak geçirilýän bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreler ýaşlara berilýän ýokary hünär bilimini dünýä derejesine çykarmaga giň ýollary açar.
Nurýagdy Aýdogdyýew, TOHU-nyñ mygallymy.
05-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama