JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda resminamalara gol çekildi

«Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron görnüşinde bellenilip geçilýär. 

Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

  • Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda alşylan Ähtnama;
  • Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy bar.

Şeýle-de Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

 

 

Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys