JEMGYÝET

Owgan tarapy bilen TOPH gaz geçirijisi barada pikir alşyldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Tunsi şäherinde Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň MID-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdylar. Söhbetdeşler syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndaky möhüm meselelere garadylar.

Taraplar owgan ministriniň şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistana eden sapary wagtynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirijisi we demir ýol taslamalary ýaly bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşyldy.

Diplomatlar howpsuzlyk pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýdaky saparynyň çäklerinde Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen hem duşuşdy.

 

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar