SPORT

Dünýä çempionaty: Ronaldo dünýä çempionatyna gatnaşýar

Dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri bolan Kristiano Ronaldonyň düzüminde oýnaýan Portugaliýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, Ronaldo 10 gezek dünýäniň iň iri futbol ýaryşlarynda oýnar.

Portugaliýanyň ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin öz öýünde Demirgazyk Makedoniýany 2:0 hasabynda ýeňdi. Portugallaryň gollaryny Bruno Fernandes öz adyna ýazdyrdy.

Demirgazyk Makedoniýa bu gezek ýeňiş gazanmak başartmady. Ýöne olar Italiýanyň ýygyndysyny dünýä çempionatyndan galdyrmagy başarypdy.

Pleý-off tapgyrynyň beýleki duşuşygynda bolsa Polşanyň ýygyndysy Şwesiýany 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu ýerde-de soňky ýyllaryň saýlanan futbolçysy Robert Lewandowski Polşanyň ýygyndysy bilen dünýä çempionatyna gatnaşar.

Portugaliýanyň ýygyndysy bassyr 6 gezek, polşalylar bolsa ikinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder.

Portugaliýa we Polşa bilen bir hatarda Afrika yklymyndan Gana, Senegal, Marokko, Tunis we Kamerun hem dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

 

Russiýa Federasiýasyna wiza resmileşdirmek üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri