SIZDEN GELENLER

Temmäkiden azatlyk-sagdynlyk hem abatlyk

Döwletli Diýarymyz sagdyn raýatlaryň, has kämil ýaş nesilleriň, ömür dowamlylygy artyp uzak ýaşaýan adamlaryň mekany hökmünde tanalýar. Bu Garaşsyz Türkmenistanda sportuň we bedenterbiýäniň okgunly ösdürilmegi, zyýanly endikleriň aradan aýrylmagy, ekologiýa abadançylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem köp asyrlaryň taryhy tejribesini arka atan merdana milletimiziň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň döwrüň beýik ruhunda dabaralanmagynyň alamatydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem şeýle asylly ýörelgeleriň we sagdyn durmuşy dowam etmäge bagyşlanan başlangyçlaryň rowaçlanýan ýyly hökmünde hakyda sapaklaryna hem taryh sahypalaryna ýazylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň fewral aýynda “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça Pudagara utgaşdyryjy topar döredilmegi we onuň düzüminiň tassyklanylmagy bolsa bu ugurdaky maksatnamalaýyn wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigini alamatlandyrýar.

Çünki bu täze maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen jemgyýetinde saglyk üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmak we sporty ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleriň dowam etdirilmegine itergi berýän bu döwlet syýasaty halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolundaky möhüm ädimleriň biridir. Şu nukdaýnazardan hem halkymyzyň, hususan hem ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, olary sporta çekmek işini häs-da güýçlendirmek möhüm wezipeleriň hatyrynda durýar. Sebäbi ähli üstünlikleriň we kämil nesliň geljeginiň binýadynda sagdyn maşgala-sagdyn jemgyýet durýar. Temmäkiden azatlyk bolsa sagdynlygy hem abatlygy şertlendirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem aýdyň maksatly, oňyn ähmiýetli taslamalaryň köpçülikleýin häsiýetde durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli ulgamlarda we pudaklarda mynasyp işleri alyp barmaga gönükdirilen mümkinçilikler  üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Kerwen Ymamkulyýew

Mary welaýat gümrükhanasynyň harby

     gullukçysy, kapitan.

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat