SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beren maglumatyna görä, türk awiakompaniýasy nobatdaky ýörite uçar gatnawyny 8-nji aprelde amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji we 26-njy martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Related posts

Aşgabatdan Dubaýa uçar gatnawy amala aşyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

Daniýada “Covid-19” çäklendirmeleri doly ýatyryldy

Ata Watan Eserleri