SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com beren maglumatyna görä, şu ýylyň 25-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen wagtlaýyn çäklendirmeler sebäpli Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. 2022-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe ýörite gatnawlary ýerine ýetiren Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy soňky gezek şu ýylyň 13-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi.

Şu gün birnäçe sagat öň beren habarymyza laýyklykda, koronawirus pandemiýasy döwründe ýörite gatnawlary amala aşyrýan Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy hem 36-njy ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi.

Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Related posts

COVID-19: sanjymyň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

Pakistanda “Sputnik V” sanjymy urlup başlandy

Ata Watan Eserleri

“Awaza” dynç alyş zolagyna Aşgabatdan şäherara awtobuslar bilen gitmek