Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrow hakynda söz açylanda ilki bilen onuň şygryýet sungatynda öz ýoluny goýan şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň «Şadyýan gün» atly goşgusyna döreden aýdymy ýadyma düşýär. Gurbannazar şahyryň dünýeden gaýdanyna-da ençeme ýyl geçdi, emma halkyň kalbynda ýaşaýan bu aýdym häzirki günlerimizde-de, uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Aýdymçylar joşgun bilen bu aýdymyň:
«Garagol çagany guş deý göterip,
Mündürýärin sazdan doly kelläme…» diýen setirlerini ýerine ýetirýärkä, näme üçindir her gezek, göýä, şahyr ol setirlerini Daňatar aga üçin ýazan ýaly duýulýar. Daňatar aganyň sazlaryna döredilen aýdymlar hakydamda janlanýar. «Özgeleri diňledim», «Ýaýla hüwdüsi», «Sähram», «Elwan güller», «Gyzlaryma»… Ol aýdymlary ýatlap oturşyňa pessaýja owaz bilen hiňlenip öz-özüň aýdymyň dünýäsine gireniňi kimdir biri ünsüňi bölende bilip galýaň. Şonda sazy, sözi, ýerine ýetirilişi juda jüpüne düşen şeýle şowly aýdymlaryň öz döredijilerine bakylyk ömür bagyşlaýandygyna göz ýetirip, sungatyň gudratly güýjüne buýsanjyň artýar. Belki, şonuň üçindir, Daňatar aganyň ýene-de Gurbannazar şahyryň «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» atly goşgusyna döreden, diýseň üýtgeşik aýdymyndaky:
«Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok» diýen söýgi setirleri köpmanyly pikirleri özünde jemläp, halkyň kalbyndan ebedilik orun alan aýdymlar hakynda oýlandyrýar. Daňatar aga täsin oýlanmalara atarýan ajaýyp aýdymlary döreden kompozitorlarymyzyň biri. Döredijiligi barada kiçiligimden gyzyklanýardym. Onuň bilen ilkinji gezek 2008-nji ýylda ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolupdym.
Ol wagtlar «Nesil» gazetinde işleýärdim. Gazetde «Pursatlar» atly rubrika açyp, sungatymyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň ýatlama pursatlaryny diňläp, başardygymdan ýazyp okyjylara ýetirýärdim. Şonda Daňatar Hydyrow şu pursady aýdypdy.
— «Küştçi» filmi surata düşürilýärdi. Filmiň guramaçylygyna gözegçilik edýärdim. Bir hepdeläp taýýarlyk gördük. Film surata düşürilmeli bolanda, administratoryň keşbini janlandyrmaly artist gelmedi. Ol gelmese hepdeläp çekilen azap, zähmet köýjek. Soňa süýşürilse-de artykmaç çykdajy boljak. Onsoň kinorežissýor:
— Daňatar, şu keşpde özüň oýnaýsana – diýip haýyş etdi.
— Ýok, ýok oňarman. Sazyny göwnejaý ýazyp başarsam zor boldugym — diýdim.Ýerli-ýerden «Munça adamyň zähmetini köýdürme, uly keşp däl, gaýrat et, öwredişimiz ýaly, hon-ha, ho-ol oturgyjyň üstünde oturaýmaly, kyn däl» diýip duransoňlar, boýun aldym. Mundan ýöräp, seýilgähiň içindäki oturgyja baryp oturanymdan, diň arkan ýykyldym. Asyl ozal oturgyjyň nurbatlary aýrylyp, ýörite taýýarlanyp goýlan eken. Şeýdip, filme surata düşdük. Film bölekleýin düşürilip, entek ses berilmedik görnüşdedi. Her bir herekete görä saz ýazmaly bolamsoň, «Öýde arkaýyn işlärin» diýip, ýazgyny öýe alyp gaýtdym. Birsalym uklap, dynç alyp tursam, aýalymyň haly harap. Ol: — Utanaňokmy, ogluň-gyzyň ýetişipdir. Beýdip oturgyçda oturyp bilmez derejä ýetip, masgara bolup ýörmäň näme? – diýip hüňür-hüňür edýär. Ýagdaýy zordan düşündirdim. Soňra sazy ýazylyp, ses berlenden soň, film taýýar boldy. Meniň bu filmde surata düşenime aýalym soň menden beter begendi — diýip gürrüň beripdi. Onuň täsirli ýatlamasyny diňlänimden soň döredijiligi barada has-da gyzyklanmam artdy. Sebäbi şol ýekeje pursat hakynda aýdan ýatlamasy eýýäm onuň köptaraply zehiniň söhbedinden söz açmaga ugrukdyrdy.
Ol juda pes päl, kiçi göwün, mylakatly hem saýhally adam. Ýolda-yzda sataşsa mähribanlyk bilen saglyk-amanlyk soraşyp, hal-ahwalyňdan habar alýar. Ulumsylygy, badyhowalygy ýok. Gürleşende ýüzi nurana, ýylgyryp durandyr, ýöne agraslygyny ýerlikli gepinden, sözünden duýup bolýar.
Daňatar aganyň aýaly Dursun gelneje bilen bi mahal haly fabrikde bile işledik.Ol ökde halyçydy. «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi. Oňa «Soýuz döwründe ol ýurdumyzyň ýokary Sowetiniň deputaty boldy» diýerdiler.Ýöne onuň döredijiligine uly hormat goýulýan kompozitor Daňatar Hydyrowyň aýalydygyny şol wagtlar bilmändirin. Bir gün keselhana syrkaw soramaga barýarkam Dursun gelneje bilen Daňatar aganyň tirkeşip barýanyny gördüm. Ýanymda bagşy Nabat Nurmuhammedowanyň gyzy Annajeren bardy. Şol aýtdy. Olam köp ýylyň halyçysy bolansoň, olaryň maşgalasyny has gowy tanaýan eken.
Redaksiýa işe baranymdan soň işim bilen bagly paýtagtymyzdaky medeni ojaklarymyza kän gitmeli bolýardy. Teatrlarda täze oýun goýulsa oýnuň ilkinji görkezilişine köplenç barýardym. Daňatar aga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýazyjy Hudaýberdi Bäşimow bilen bile işlediler. Şu makalany ýazýan wagtym halypa dramaturg, terjimeçi ýazyjy Hudaýberdi aganyň Daňatar aga barada aýdanlaryny ýazgy etdik. Ol:
— Daňatar Hydyrow Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) ýokary okuw mekdebini tamamlap Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine işe geldi. Kellesi tahýaly ýaş ýigitdi. Şol wagtlar ministrlikde sungat edaralarynyň müdirliginiň başlygy Aşyr Mämiliýewdi. Ol: «Kellesi tahýalyja şu ýigide köpräk üns bermeli. Köp bilýäne meňzeýär» diýip tabşyryk beripdi. Adatça köpimizde bolýan ýagdaý, ýokary okuw mekdebi tamamlap işe gelenimizde bilimiň, sowadyň aňrybaşyna ýetendiris öýdülýär. Daňatarda şo häsiýet bolmady. Işe gelenden yhlas edip, her bir tabşyrylan işe bar ünsüni berip işläp başlady. Ol öte sowatly. Şeýle bir adamlar bolýar, ylahydan berlen zeninli, ylhamy joşgunly, ýöne olaryň käbirleri kompozitorçylyk sungatynyň tehniki taraplaryny oňarmaýarlar. Bu ugruňam «poema nähili bolmaly, sýuta nähili bolmaly, kontata nähili bolmaly?» diýen ýaly öz kada-kanunlary bar, şony her kim başarmaýar. Rejep Allaýarow, Rejep Rejebow, Daňatar Hydyrow ýaly kompozitorlar döredijilik ussatlyklary bilen has tapawutlanýarlar. Daňatar saz eserleriniň görnüşleriniň her biriniň nähili žanra degişlidigini, ol eserlerde haýsy saz gurallary ulanmagyň ýerlikli aýratynlyklaryny gowy bilýär hemem özi ýerine ýetirmegi oňat başarýar. Daňataryň ýene bir aýratynlygy islendik pursatda döwrüň sesine ses goşup, gyssagly ýagdaýda-da seslenip bilýär. Özem diýseň işjanly. Ilki-ilkiler Gökdepeden gatnap işleýärdi. Köneje «zaparož» ulagy bardy. Şol ulagy bilenem işe gijä galman gelerdi. Ol kän sahna hem kino eserleriniň sazyny ýazdy, ençeme sahna oýunlaryň, kinolaryň saz bezegini ýerine ýetirdi. Bir mahal Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow Andreý Platonowyň eseri esasynda «Jan» spektaklyny sahnalaşdyrypdy. Şol spektaklyň režissýory bilen birlikde birnäçe artistler, oýnuň hudožnigi hem-de sazyny ýazany üçin Daňatar Hydyrow Bütinsoýuz ýaşlar baýragyna mynasyp bolupdy — diýip gürrüň berdi.
Ýakynda Daňatar aganyň häzirki wagtdaky işleýän ýeri bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp onuň bilen söhbetdeş bolduk. Şol günem ol dynç alyşdadygyna garamazdan talyp ýigitleriň biri bilen türgenleşik geçip otyr eken. Ol hemişeki mylakatlylygy bilen saglyk-amanlyk soraşyp gürrüňe başlady. Ilki bilen kompozitor kärdeşi Rejep Rejebowy ýatlady. Ol: — Täze ýylyň öň ýanlarydy. Rejep maňa jaň edip ýarawsyzdygyny aýtdy. Ulagym bilen äkidip barlagdan geçirdik. Lukmanlar oňa: «Azajyk ýüregiňde näsazlyk bar, başga gorkuly zat ýok» diýdiler. Ol şeýlebir begendi. Emma soň oňa her näçe jaň etsemem jaňymy almady. Bir zatdan göwni galaýdymyka öýtdüm. Asyl ol keselhanada bejergi alyp ýören eken. «Iş aladasy köpdür, ýaşuly adamy azara goýmaýyn» diýip jaňymy almandyr. Ol 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda dünýeden gaýtdy. Maşgalasy ýakynda onuň ýyl sadakasyny berdi. Rejep gaty sowatly kompozitordy. Ol 60-a golaý kinofilmleriň sazyny ýazdy. Onuň halkymyzyň öňünde bitiren işleri kändir. Özüm-ä ony iň ýakyn adamlarymyň biri hasaplaýan.1979-njy ýylda Leningradda konserwatoriýany gutarjak wagtym, diplom işime ýetişemok. Şonda maňa Çary Nurymow bilen Rejep ikisi işlemäge şert döredip, «Iwanow kompozitorlar döredijilik öýüne» ýerleşdiripdiler. Talyp döwrümde-de her gezek dynç alşa çykanymda Rejep bilen duşuşardyk, döredijilik barada maslahatlaşardyk — diýip, ýagşylykda ýatlady. Ondan Rejep Rejebowyň maşgala ojagynyň öý salgysyny ýazyp alyp, söhbedimizi Daňatar aganyň öz döredijiligi hakyndaky beren gürrüňleri bilen dowam etdik.
Ol ilki el telefonundan halypa dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň goşgusyna döreden «Hoş niýetli arzuwlar» (Mähribanlar) atly aýdymynyň ýazgysyny diňletdi. Çagalar üçin döreden aýdymlarynyň arasynda Gurbannazar Ezizowyň sözlerine «Owlajygym», «Derýa», «Kebelek», Annaberdi Agabaýewiň sözlerine «Durna gelýär» we başga-da ençeme aýdymlary döredendigini aýdyp «häzire çenli çagalar üçinem 20-ä golaý aýdym döretdim. Sahna eserleriň arasynda-da, hem ulular üçin hem çagalar üçin sahnalaşdyrylan oýunlaryň ençemesiniň sazyny şeýle-de, «Pälwan», «Gülýaka», «Gadymy daglaryň rowaýaty» we başga-da kän çeper filmleriň, multfilmleriň, dokumental filmleriň sazyny ýazdym. Ençeme filmleriň saz bezegini ýerine ýetirdim. Şu ýerde bir film hakda durup geçeýin — diýip, Türkmenistanyň A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Gowşutgeldi Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Pereňli» atly sahna eserini hem saz bilen bezändigini, ol eseriň wakasynyň türkmen durmuşyndan ýazylandygyny ýatlady. Ýöne şol eserde Eýran, Fransuz garaz, dürli ýurtlaryň saz eserlerinden bölekleri-de ulanmaly bolandygyny gürrüň berdi. Sebäbi şol eseriň gahrymanlarynyň arasynda dürli halklaryň wekilleri bardygy üçin, ol halklaryňam däp-dessuryny, milli aýdym-saz sungatyny sazlaşykly, peýdalanmaly — diýip düşündirdi. Ine, diňe şu pursadyň özündenem Daňatar aganyň dünýä aýdym-saz sungatyndan tejribesiniň ýetikdigine göz ýetirip bolýar. Ol dünýä belli nusgawy kompozitorlaryň sazlary bilen terbiýelenen ussatlaryň biri.
Daňatar aganyň maşgalasynda iki ogul, bir gyz perzendi, on bir agtygy, üç çowlugy bar. Uly ogly Mämmet saz ugrundan bilim alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işleýär. Gyzy Enejan Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym, körpe ogly Mergen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby. Maşgalanyň iň uly agtygy Mähek Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alýar. Daňatar agadan sungat ýolunyň başlangyç ädimleri hakynda-da aýtmagyny soranymda Ol:
— Men 1953-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gökdepe etrabynda doglan. Kiçiligimden saza bolan höwesim uly boldy. Orta mekdepde okap ýören ýyllarym goňşymyz Amangeldi Goçowdan mandolina çalmagy öwrendim. 1967–1969-njy ýyllarda Gökdepäniň sazçylyk mekdebinde akkordion saz guralyny çalmak hünärinden bilim aldym. Ol ýerde Baýram Bekmyradow, Kima Ýusubowa, Myratdurdy Saparow, Kakadurdy Ilmyradow dagy okatdylar. Okuwymyň daşyndan agşamlaryna Gökdepe etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz gurnagyna-da gatnaýardym. Oňa Aşyr Geldimuhammedow ýolbaşçylyk edýärdi. Gurnagyň üflenip çalynýan saz gurallary bölümine-de gatnap, ýörite toparyň düzüminde çykyş etmegim düşünjämi giňeltdi. Etrabymyzda açylan «Gökdepe mukamlary» aýdym-saz toparynda-ha hasam kämilleşdim. Ýöne sazçylyk mekdebiniň ilkinji uçurymy hökmünde meni, tälim beren mugallymlarymyň her bir sapagy sungata içgin aralaşdyrdy. Kima Ýusubowanyň sapaklary hasam Nury Halmämmedowyň döredijiligi bilen gyzyklanmagyma iterdi. Meşhur türkmen kompozitorlarynyň kino filmlere ýazan sazlaryny magnitafon lentasyna ýazgy edip, gaýta-gaýta diňleýärdim. Şol ýyllarda ilkinji sazlarymy döredip başladym — diýip gürrüň berdi. Sungat ýoluňyzda kimleri halypaňyz hasaplaýarsyňyz? — diýip sözüni böldüm. Ol meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň mugallymy Walentin Iwanowiç Methalýowdan, ondan öň Kima Ýusubowadan, Baýram Bekmyradowdan, 1970–1974-nji ýyllarda P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk uçilişesiniň sazyň teoriýasy bölüminde kompozisiýadan K. K. Bataşow, saz formalarynyň seljermesinden Ý. N. Holopow, polifoniýadan W. P. Fraýnow ýaly ussatlardan, soňra N. A. Rimskiý-Korsakow adyndaky Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) konserwatoriýasynyň kompozitorçylyk fakultetinde dünýä belli kompozitor, professor, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti S. M. Slonimskiý, belli kompozitor, Russiýa Federasiýasynyň sungatda at gazanan işgäri G. I. Banşikow dagy okatdy. Bularyň ählisini halypalarym hasaplaýaryn — diýip buýsanç bilen aýtdy. Soňra-da şu pursady ýatlady.
— Bir gezek Nury Halmämmedowyň «Saňa» diýen sazynyň bir ýerini şunça jan etsemem teý başaramok. Ahyry mugallymym:
– Sen köpri (mostik) maşkyny edip bilýärmiň? – diýip sorady. Geň galdym. Asyl sazyň şol ýerini çalmak üçin köpri maşkyny ýerine ýetirmegi başarmaly eken.
– Walentin Iwanowiç, özüňiz şo maşky edýäňizmi? – diýip sowal berdim. Şonda onuň ýaşyna, göwresine garamazdan, ellerini yza kelemenledip, köpri maşkyny çalasynlyk bilen ýerine ýetirişine haýran galdym. Soň Moskwada okap ýörkäm Walentin Iwanowiç Methalýowa bagyşlap üç bölümden ybarat fortepiano üçin sonatinosyny döretdim. Täze saz döretmek üçin ilki bilen saz gurallaryndan gowy başyň çykmaly, galyberse-de saz nazaryýetinden, has takygy garmoniýa, polifoniýa, dünýä sazynyň taryhy ýaly derslerden bilim-goruň ýetik bolmaly. Munuň üçin bolsa bu babatda kän-kän gezekler çaý sowatmaly bolýar — diýip gürrüň berdi.
Daňatar aga ýokary okuw mekdebini 1979-njy ýylda tamamlap, ata Watanymyza dolanyp gelýär. Ol ilki Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, şol wagtky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesinde, Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginde işleýär. Türkmen döwlet filarmoniýasyna ýolbaşçylyk edip, milli sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşýar.
Daňatar aga Moskwada okaýan döwri fortepiano üçin üç bölümden ybarat sonatina, skripka we fortepiano üçin poema ýazýar. Soň Leningradda okaýarka Konserwatoriýanyň talyby hökmünde döreden sazlarynyň içinde Mämmet Seýidowyň sözlerine «Bahar nagyşlary» wokal toplumy, Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseriniň rusça terjimesiniň iki bölümine ýazylan eser, kirişli saz gurallary üçin wariasiýalar hem bar. Konserwatoriýany tamamlamak üçin ýazan diplom işi-de üç bölümden ybarat simfoniýa bolýar. Ol şonda bu diplom işi üçin döwlet synag toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Halypa kompozitor häzir ýedi onlugy tegeläp barýar. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegi, baýlaşmagy üçin bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, ol «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Atlyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi boldy. Ol bu gazanan üstünlikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp söhbetdeşligimizi jemledi.
Akgül SAPAROWA.
Magtymguly Myşşyýew:«Ynanman, «könelýär söýgi» diýseler»