Golaýda žurnalist Merdan Ataýew “Atawatan” media platformasynda Dr. Döwran Orazgylyjowyň alyp barýan “Intellektual perspektiwa” gepleşiginiň “Ogurlyk aýdymlar we şöhratdan gazanç etmek” temasy boýunça bölümine gatnaşdy. Ol bu barada “ashgabat.in” neşirinde makala çap edipdir. Şol makalany dykgatyňyza ýetirýäris.
***
“Atawatan” media platformasynda Dr. Döwran Orazgylyjowyň alyp barýan “Intellektual perspektiwa” gepleşiginiň 09.02.2022 senesinde “Ogurlyk aýdymlar we şöhratdan gazanç etmek” temasy boýunça çykyş etmek üçin myhman hökmünde çagyryldym.
Gepleşik debat däl-de, diskussiýa formatynda boldy. Muňa garamazdan gyzgyn gürrüňler hem boldy. Meň talyplyk ýyllarynda aýdymlaryny uly höwes bilen diňlän meşhur aýdymçym Gözel Annamuhammedowa bilen bir tegelek stoluň başynda oturmak elbetde tolgundyrdy.
Gepleşigiň netijesinde sosial ulgamlarda köp diskusiýalar açyldy. Öwýänem bar, döwýanem…
Döredijilikde tankyt bolmaly elbetde. Bu ösüşe itergi berýär. Emma şol bir wagtyň özünde konstruktiw çemeleşmeler hem bolmaly. Kynçylyklar bar we bulara çözgütleri hem hödürlemeli.
Häzirki wagtda biz jemgyýetimizde şu temalary maslahatlaşyp bilmegimiziň özi hem gowy ýagdaý. Meniň pikirimçe bu pikir alyşmalar gysga wagtda döredijilikde we sungatda öz netijelerini berer diýip pikir edýärin.
Gepleşik barada sosial ulgamlardaky teswirlerden ugur alyp, käbir bellikleri ýetiresim gelýär.
Gözel Annamuhammedowa paýhasly we edermen zenan eken. Onuň aýdanlaryny nädogry düşünip, tankytlanmak ähtimalyny bilse-de şu gepleşige razylaşdy.
Gepleşigi umuman alanymyzda hemmämiz bir pikirde ylalaşdyk:
“Başgasynyň zähmetine “meniňki” diýmek ogurlyk!”
Ylalaşan beýleki pikirlerimiz:
– Döredijilik krizisi bar;
– Bazar ykdysadyýetine geçiş döredijilige öz täsirini ýetirýär;
Emma aýdymyň sözleriniň we sazynyň awtoryny nygtamak şerti bilen, gaýtalap aýdyp bolýar. Hatda muňa Cover, Remix, wb. formatlar hem degişli bolup biler.
Elbetde bu ýagdaýda bähbit gapmagarşylygy (conflict of interest) ýok bolsa.
Mysal:
– gaýtalap aýdan aýdymçy, asyl awtor entek meşhurlyga çykaryp ýetişmedik wagty, öňürtiläp meşhurlyk gazansa. (Netijede hit boljak aýdym ilkinji aýdan aýdymçynyň heň bilen diňleýjiniň aňyna ornaşdyrylmagy maksat edilýär.)
– ýa-da şol aýdymyň kömegi bilen awtordan has köp gazanç edýän bolsa.
– asyl awtoryň razyçylygy ýok bolsa (kanun taýdan hem goraga alan bolsa).
Öňler köp aýdymlar dürli dillere terjime edilerdi. Bu hem dost-doganlygyň, halklaryň raýdaşlygynyň alamaty hasap edilýärdi. Mysal üçin:
– “Необыкновенные глаза!” atly aýdymyň sazy Andreý Babaýewiňki, sözleri Gara Seýitliýewiňki, rus diline terjime eden Anisim Krongauz.
Bu aýdymy köp aýdymçy gaýtalap aýtdy we meşhurlyk gazandy. Olaryň hiçisine-de “ogry” diýmediler.
Gözel Annamuhammedowa häzirki wagtda “ogrulyk aýdym” sözüniň ulanylmagy ýalňyş hasaplaýar. Bu sözüň halkyň arasynda ýaýramagyna aýdymçylaryň günäkär däldigini nygtaýar.
Gözel Annamuhammedowanyň aýdanlaryndan men özümiň käbir zatlary ýalňyş bilýändigime göz ýetirdim. Käbir meseleleriň aýratynlykda garalmalydygyny aňdym. Mysal döredijilik işi bilen onuň bazary aýratyn diskussiýa edilmeli tema eken.
Gözel Annamuhammedowa başgalarynyň zähmetine sarpa goýýan aýdymçy. Ol daşary ýurt dilindäki aýdymlary cover edip ýerine ýetirýär. Emma ol aýdymlara hiç hem özüniňki diýmeýär.
Gözel Annamuhammedowanyň meşhur eden aýdymlardan biri bolan “Men bagtly” diýen aýdymyň sazyny ussat kompozitor Röwşen Nepesow düzdi. Ýagny, awtorlyk aýdymlary çykarmak üçin çynlakaý çemeleşýän seýrek aýdymçylarymyzdan biri.
Aýratyn bellemeli zat:
Eger şu gepleşikde meşhur aýdymçylardan biri çykyş etmedik bolsa, onda diskussiýa ýarym bolardy. Ýagny diňe bir taraply bolardy. Galyberse-de Gözel Annamuhammedowanyň gazanan meşhurlygy bu gepleşigiň has uly köpçülige ýetirilmegine itergi berdi.
“Ogurlyk aýdym” temasynda şu wagta çenli bolan gepleşiklerde edil Gözel Annamuhammedowanyňky ýaly takyk düşündirip bilen aýdymçy bolmady. Soraglardan gaçmady, ýagdaýy bolşy ýaly düşündirdi. We dogrymy aýtsam aýdymçynyň perspektiwasyndan seredeniňde köp zatlaryň başgadygyna göz ýetirdim.
Soňky birnäçe aý bäri gyzykly gepleşikleri we kontentleri bilen saýlanan Atawatan-Türkmenistan halkara žurnalynyň redaksiýasyna halka ýetirýän şu gepleşikleri üçin minnetdarlyk bildirýärin! Döredijiligiň dowamyny arzuw edýärin!
Merdan Ataýew
žurnalist.