Tebigatdaky bar bolan ähli zatlar özüniň owadanlygy bilen tebigaty gözelleşdirýär. Şeýle owadanlyklaryň biri hem älemgoşardyr.
Älemgoşar tebigatda ýagyş ýagandan soň peýda bolýar. Onuň ýüze çykmagynyň fiziki sebäbi suw damjalarynda ýagtylygyň döwülmegi we ýaýramagy bolup durýar. Ýagtylygyň bir bölegi bolsa yzyna serpikdirilýär.
Günden gelýän ýagtylyk dürli reňklerden ybaratdyr. Ýöne ol bir tarapa ugrukdyrylanda ak reňkde bolup görünýär. Şeýle-de bolsa ýagyş ýagan wagtynda millionlarça damja ýagtylykdaky reňkleriň bölünmegine we döwülmegine sebäp bolýar.
Ýagtylyk çeşmesi bilen ownujak suw damjalaryndan emele gelen hem-de atmosfera, optiki we metreologiki hadysa bolan älemgoşar köpleriň ruhuny göterýär. Ol köp sanly reňklerden ybaratdyr. Älemgoşar ýaý ýa-da tegelek şekilde bolup görünýär. Gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, gök we beýleki reňkler älemgoşary bezeýän reňklerdir.
Rahman Myradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti:elektron söwda we harytlary eltip bermegi ýola goýmaly