SIZDEN GELENLER

Ýurdumyzda söwda ulgamynyň kämilleşmegi

Milli Liderimiz: «Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça mümkinçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy» talap edýär.

Milli Liderimiz hususy telekeçiligiň goldanylmagyny, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin şertleriň döredilmeginiň, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçilmegini, eksportyň möçberiniň artdyrylmagyny hem-de daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmeginiň esasy şertleri hökmünde görkezdi.Bu gün ýurdumyzda içerki bazarda üpjünçiligi üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Dürli görnüşdäki harytlaryň sanawynyň artdyrylmagy, olaryň hiliniň hem-de ekologiýa babatdaky görkezijileriniň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp netijeleriniň biridir.

Tassyklanan Düzgünnama laýyklykda, harytlaryň mahabatyny, harytlary satyn almak-satmak şertnamalaryny baglanyşmagy, harytlary alyja eltip bermegiň düzgünlerini goşmak bilen aradaşlykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler girizildi hem-de onda, alyjynyň hukuklary we beýlekiler kesgitlenilýär.Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň arasyndaky şu taslamanyň maksady milli işgärleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin adam maýasyny ösdürmek we adamyň zehinini ykdysady ösüşiň we milli bäsdeşlige ukyplylygyň esasy faktoryna öwürmek, eksporty diwersifisirlemek we onuň düzüminde goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň paýyny artdyrmak, ýurduň ykdysadyýetinde importyň paýyny azaltmak arkaly ýurduň söwda kuwwatyny güýçlendirmek bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda taslamanyň şu üç bölegi kesgitlenildi:

1) söwdanyň institusional we işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak;

2) söwda syýasatynyň çärelerini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça kuwwatyny artdyrmak;

3) ylmy-amaly barlaglaryň kuwwatyny güýçlendirmek we bilimiň hilini ýokarlandyrmak.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň söwda kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreler toplumyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça ýardamynyň strategiýasy aşakda getirilýän üç bölekden durýar.

1-nji bölek: “Söwdanyň institusional we işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak” şu çäreleri öz içine alýar:

  1. Milli işgärleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen adam maýasyny ösdürmäge we adamyň intellektini ykdysady ösüşiň we milli bäsdeşlige ukyplylygyň esasy faktoryna öwürmäge gönükdirilen çäreler;
  2. Söwdany düzgünleşdirmegiň Türkmenistanyň hereket edýän halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan gurallarynyň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak; importa baglylygy peseltmek we halkara durmuşynyň häzirki şertlerinde eksporty diwersifisirlemek boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň zerur gurallarynyň biri hökmünde hukuk binýadynyň derwaýyslygy babatynda; söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça mysaly (model) ylalaşyklaryň taslamalaryny taýýarlamak. Bu kiçi bölek Türkmenistanyň ykdysady häsiýeti bolan halkara köp taraply we sebitleýin guramalara gatnaşmagyna seljerme geçirmekligi hem öz içine alýar;

2-nji bölek: “Söwda syýasatynyň çärelerini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça kuwwaty artdyrmak” şulary öz içine alýar: 

  1. Üçünji ýurtlaryň bazarlarynda Türkmenistanyň önümleriniň daşarky bazarlara çykmagyna kynçylyk döredýän kadalaşdyryjy we düzgün-tertip päsgelçiliklerine seljerme geçirmek;
  2. Türkmenistanyň eksportynyň daşarky bazarlara netijeli çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler toplumyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, şol sanda milli önümleriň eksportynyň netijeli öňe sürülmegini üpjün etmäge ukyply goşulyşan haryt geçiriji ulgamy emele getirmegiň guramaçylyk-ykdysady mehanizmlerini ornaşdyrmak;
  3. Içerki we daşarky sarp ediş bazarlarynda önümleri öňe sürmegiň esasynda telekeçilik işlerine marketing çemeleşmesi we sarp edijiler bilen müşderä gözükdirilen özara gatnaşyklary ýola goýmak ýatýan strategiýasyny güýçlendirmek we haryt nyşanlaryny bellige almak ulgamyny ornaşdyrmak;

3-nji bölek: “Ylmy-amaly barlaglaryň kuwwatyny güýçlendirmek we bilimiň hilini ýokarlandyrmak” şulary öz içine alýar:

  1. Ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça täze bilimleri we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini edinmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ýurtlaryň ylmy bileleşigi bilen özara hereket etmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çäreler.
  2. Ýurduň söwda kuwwatyny güýçlendirmegi goşmak bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyply sektorlaryny pugtalandyrmak maksatlarynda bilimleri (düýpli we amaly ylmy) emele getirmek ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmy barlaglaryň amaly ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýurduň söwda kuwwatynynyň pugtalanmagyna onuň täsir edýän köp sanly özgerişler bellenildi. Hususanda, içerki bazarda üstünlikli bäsleşýän we öz önümlerini daşary ýurtlara iberýän depginli ösýän kompaniýalar emele geldi.

Türkmenistanyň çäginde birnäçe maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi, şolaryň netijesinde täze iş ýerleri döredildi. Ýurduň ykdysadyýetiniň aýry-aýry pudaklary, mysal üçin, gurluşyk pudagy gowy netijeleri gazandy. Dokma we himiýa senagaty ýaly beýleki birnäçe pudaklar osüş kuwwatyny görkezýärler. Ykdysadyýeti dolandyrmagyň diňe bir döwlet kärhanalaryna däl, eýsem hususy kärhanalara esaslanýan ulgamy emele getirilýär.

 

Taganowa Nurbibi

TOHU-nyň mugallymy

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi dowam edýär

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk