SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY:Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä, şu ýylyň 3-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda halkara uçar gatnawlaryna girizilen çäklendirmelerden soňra Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Türkmenistan ugry boýunça ýörite gatnawlary amala aşyrýar.

Şondan bäri, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy ýörite gatnawlary amala aşyryp gelýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu awiakompaniýa 2022-nji ýyldaky ilkinji halkara ýörite gatnawyny 4-nji ýanwarda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýerine ýetirdi.

Şeýle hem kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, awiakompaniýa 9-njy ýanwarda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýene bir ýörite gatnawyny amala aşyrdy.

Umuman, ýörite gatnawlar babatda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy hem 30-dan gowrak gatnawy ýerine ýetirdi. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde bu kompaniýa ýaňy-ýakynda, 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarda 34-nji ýörite gatnawyny gurady.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Aşgabat-Balkanabat, Türkmenabat-Balkanabat, Mary-Balkanabat we Daşoguz-Balkanabat gatnawlary ýola goýulýar