Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow maňa hemişe «doganjygym» diýip ýüzlenýärdi. Onuň bilen iň soňky gezek Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sataşdym. Şol gün teatrda täze sahnalaşdyrylan oýnuň ilkinji görkezilişi bolupdy. Juma aganyň öňdäki hatardaky oturgyçlaryň birinde oturanyny görüp salamlaşmaga bardym. Onuň 80 ýaşdan geçäýen wagtlarydy. Ol şonda gara-gadyr saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Doganjygym, men hakda kän gezek ýazdyň, ýöne sen öňki ýazanlaryňy göçürip ýaz welin, ýene-de ýaz. Eger wagtyň bolsa-ha öýümize gel, arhiwimde dürli ýyllarda muşdaklarymdan gelen hatlar bar. Belki, okap şolardan bir zatlar öwrenersiň. Rejepgül Uhulowanyň maňa bagyşlap ýazan üýtgeşik goşgusyny okap görersiň. Birden makala ýazsaň haýsy neşirde çykanyny jaň edip aýdarsyň» diýip, el telefon belgisini aýtdy. Bolýa-bolýa, Juma aga diýip,ýandepderçäme belläp goýdum. Emma saglyk ýagdaýym sebäpli onuň bu haýyşyny aýatda bar wagty bitirip bilmedim. Her gezek onuň telefon belgisine gözüm düşende halypanyň ruhunyň öňünde özümi bergili ýaly duýýan. Juma aga agam Aşyrberdi Kürt bilen gowy gatnaşansoň, ol öýümize-de gelipdi. Bir gezek olaryň öýlerine-de barypdym. Hat-da onuň bilen ilkinji gezek söhbetdeşlik taýýarlanymda toýdaky çykyşyny diňlemek üçin ýegeni Nurberdi Işanowlaň öýlerine ýörite baryp wideoýazgysyny görüp gaýdypdym. Şonda Nurberdi daýysy bilen baglanyşykly degişmeli pursatlary ýatlady:
— «Hydyr-Ylýas» diýen ýaly Juma daýym bilen Türkmenistanyň halk artisti Gurbannazar Atakgaýewi (Poşalak agany) aýry göz öňümize getiremizok. Bulam olaryň durmuşda-da, işde-de dostlukly gatnaşygynyň nyşany. Juma daýym bir toýumyzda Poşalak aga ýüzlenýär:
— Tanyş boluň! Bu meniň aýal doganym Çebşek /Çebişem/ diýäýýäs — diýip, daýzam bilen tanyşdyrýar. Çebşek daýzamam, tüweleme, daýaw-da. Onsoň Poşalak aga elini maňlaýyna kölegeledip seredýär-de:
— Aý, ýok, bu çebişden ulurak görünýär-le — diýdi.
Bir gezegem Juma daýym bilen awa gitdik. Bäş metr ýaly golaýymyzda towşan gezip ýör. Men Juma daýyma tüpeňi uzatdym. Entek tüpeň atyp görmändir. Goşa tüpeňiň iki gulagynam birden gysypdyr. Uly ses bilen tozan turzup gitdi. Towşan sese gorkupmy, gulagy gapylypmy, pyrlanyp dur. Ylgap baryp diri tutdum. Ok towşanyň artky aýagynyň dyrnagyndan degen eken. Juma daýymam:
— Etini ok bilen zaýalaman, aw şunuň ýaly awlanýandyr, öwreniň! — diýen bolýar— diýip gürrüň berdi.
Şol gezek söhbetdeşlik taýýarlamaga baranymda, Juma aga,ýaňy ýoldaky köçe süpürip ýören geline: «Juma Ýazmyradow» diýlende, siz haýsy pursaty ýatlarsyňyz? — diýip ýüzlendim.
Ol:
«Endamyňy tikenekledip duran çeper okaýyş» diýip, nagt jogap berdi — diýdim. Ol:
— Ilki bilen-ä kalbymy, tutuş tenimi päklemän studiýa baramok. Onsoňam mikrofonyň öňüni halksyz göz öňüme getiremok. Meşhur artistimiz Hommat Müllük pahyram goşgyny gowy okaýardy. Magtymguly Pyragynyň «Ýaraşmaz» atly goşgusynda:
— Ýagşydan ýaman iş çyksa bolar geň,
Akly-görki Alla gaýyrmamyş deň,
Towşan derýa bolmaz, şor suwa — harçeň,
Hasnewiň kölüne dolmak ýaraşmaz —
— diýen bendi bar — diýip başlady welin, goşgyny ýatdan aýdyp gürrüň berip durka-da, radio diňläp duran ýaly boldum. Ol: — Ine, şu bendiň başky iki setirinde aýdylýan pikir düşnükli. Ýöne soňky iki setiri näme diýýär? Ana, şony bilmek üçin ençeme kitaplary dörüp, alymlar bilen maslahatlaşyp, şygryň mazmunyna düşünerdik. Haýsy kitabyň tekjäniň niresinde duranyny, yzyna öwrülmän tapyp bilýän Mäti Kösäýew ýaly alymlar bardy. Ýaltanmazdyk. Soňam aýdylýan pikiriň ruhuna girip okaýardyk. Şu ýerde halypa-şägirtlik hakynda durup geçesim gelýär. Halypam Kerim şahyr:
— Diýdiler dünýäde nämedir gyt zat,
Üç gezek diýdiler: «Ussat!», «Ussat!», «Ussat!»
Näçe gyt bolsa-da Ussat diýdiler,
Çyn şägirt ondanam gyt zat — diýdiler — diýýär. Ilki bilen-ä halypam halk. Halkdan ýygnap, soňam taraşlap, özüne gaýtaryp berýän. Galyberse-de, Magtymguly Myşşy, Gurbangylyç Hydyr, Pyhy Tagan, Mämmet Seýit, Gurbannazar Eziz, Aşyrberdi Kürt …ýaly ussat ýazyjy-şahyrlary, tanymal wäşileri halypalarym hasaplaýaryn — diýip, ol gülkiniň-degişmäniň manysyny şeýle düşündirdi.
— Arkadiý Raýkin «Konsertde tomaşaçy gülsün. Ýöne, konsertden soň öýüne gaýdyp barýarkalar, pikire batyp dymsynlar, öz ýalňyşlaryna düşünsinler» diýýär. Muşdaklarym: «Juma Ýazmyradow, «Olar Watan üçin söweşdiler» kinofilminde türkmen dilinde ses berdiňiz. Artist Ýuriý Nikuliniň içki dünýäsini açyp bilipsiňiz» diýip baha berýärler. Iki ýüze golaý kino terjimesinde ses berdim. Şolaryň içinde iň kyn düşeni azerbaýjanlaryň «Arşin Malalany». Dünýä belli artistler Ýuriý Nikuliniň, Kramarowyň, Leonowyň seslerine türkmen dilinde ses berdim. Ýerine düşenini-düşmedigini halk aýdar. Şu iki pursaty aýdyp biljek. «Belorus wokzaly» atly filmde Leonowyň sesini beripdim. Bir gezek Puşkin teatrynda duşuşyk boldy. Şonda meşhur artist Leonow: «Men türkmençe gowy gürläp bilýän ekenim» diýip elimi gysdy.
Ýene bir waka ýadyma düşýär. Bir öýüň gapysyna ýetdim. Öýden bir garry daýzanyň: «Sesiň başyňy iýsin. Näçe kişini gara ýere ýuwutdyrdyň» diýip, sögünip oturanyny eşitdim. Diňşirgensem, radiodan öz sesim gulagyma iläýdi. Poşalag-a Staliniň, menem Gitleriň sesini beripdim. Bildirmän yzyma dolandym.
«Görogly» şa dessanynyň köp şahasyna oýun goýdum. «Öwez öýlenen», «Gyratyň ogurlanyşy», garaz, kän. «Şükür bagşy», «Nejep oglan» şeýle-de Mylly aga, Pürli aga ýaly ussat sazandalar barada-da goýan radiooýunlarymam ep-esli bardyr. Biz halkyň içinde gezýäs. Hemişe zehinli adamlaň gözleginde. Haýsy kärdeligine garamyzok. Ýiti zehinlidigini duýsak, studiýa alyp gelýäris. Akmyrat Bäşim, Tagan Saryýew ýaly halypa artistler durşy bilen zehindiler. Köp adamlar bilen tirkeşdim, işleşdim. Olaryň süýjüsem ýetikdi, ajysam, ýöne gülküsi has köpräkdi. Gülkiniň köpüsi üstüne goşulyp döredilýär. Ýöne ynandyrmagy başarmaly.
Ilki bilen Kerim şahyry ýatlaýyn. Onuň bilen köp duşuşyklara bile gidipdik. Bir gezek ol uly märekäniň öňünde «Ömrüme pent» goşgusyny okap durdy. Şygryň:
«Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa — kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr,
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git »
— diýen bendini okandan, mähelläniň çetinde oturan ýaş gelinleriň biri: «Wah, jana-la, şahyr! Bäş telpek diýmän, şony elli telpek diýmeli ekeniň» diýip, dillenenini duýman galdy. Şonda Kerim şahyr: «Wah, men näbileýin, seniň beýle ýananyňy. Bilen bolsam, kapyýa salyp ellinem müňe ýetirerdim» diýdi.
Gülki hakda gürrüň gozgalsa, Beki Seýtäkowy ýatlaman geçip bolmaz. Ol öýkünjeň, degişgen adamdy. Şol adamlar keýpine bir-birege degip gülüşmek üçinem ýörite ýygnanardylar. Şol gürrüňçilikde dynç alyp, indiki dörejek eserlere sebäp peýda bolýan ýalydy. Beki aganyň Magtymguly Garly hakda «Çuwal bagşy» eseri esasynda radiooýun goýupdym. Oýnuň wakasy şeýleräkdi. Çuwal bagşy Jüneýit hanyň bagşysy bolan. Han Owgana geçjek bolanda «Bilbil bagşym, ýanym bilen äkideýin seni, bolşewige goýup gidip bilmen» diýýär. Çuwal bagşam: «Aý, ýok, han, «Müsürde şa bolandan öz iliňde geda bol» diýipdirler» diýýär-de göwnemeýär. Onsoň han, «Bilbil bagşymy başga adama dözemok, itden çykaryň» diýip, öz atlylaryna buýurýar. Içgepletmäni okamaly ýerim bar. Gapydan üsti-başy, ýaragy gurat biri girýär. Han Jüneýit: «Nätdiň, bilbil bagşymy?» diýip soraýar. Şol ýerde özümden «Aýdyma elim barmady» diýen jümläni goşup okadym. Oýun gutaransoň «Sen näme, eseriň eýesimi?» diýerler öýdüp gorkup, şeýle bir alada galdym. Emma Beki aga märekäň içinde gelip meni gujaklady.
Onuň «Doganlar» romany esasynda-da oýun goýupdym. Birinji bölüminde şeýle bir waka boldy. Eseriň gahrymany Sapar gotur diýen ýogalýar. Ikinji bölümini-de goýdum. Üçünji bölümi goýjak bolsam, şol ýogalan gahryman atyşyp, söweşip ýör. Onsoň ýagdaýy düşündirip, Beki aga jaň etdim. Ol şol wagtlar Ýazyjylar birleşigindedi. «Wah, sypandyr, deýýus. Şoň ýaly-da duşsaň, böwrüni garaldaýgyn, Ýazmyrat jan!» diýdi. Pahyr adymy hemişe «Ýazmyrat jan» diýip tutardy. Menem Beki aga, «Ýazmyrat ejemiň äriniň ady, öz adym Juma» diýerdim.
Başgada kän halypalar bilen işleşdim.Ýazyjy Magtymguly Myşşyýewem ýatlaman geçip bilmerin. Onuň edebiýatda, sungatda halk üçin bitiren hyzmaty kändir. Onuň bilen «Watan» radioýaýlymynda bile işleýäris. Ondan ýaşlaryň öwrenmeli zatlary juda köpdür. Ony özümem halypam hasap edýärin.
Meniň esasy halypalarymyň ýene biri ýazyjy Arap Gurbandyr. Ol maňa edil «A»-ny senden öwrendim, ýoldaş mugallym diýen ýaly, redaktirlemegi öwreden adam. «Radioda oýnamadyk keşbiň ýok. Kän keşpleriň başyny agyrtdyň. Buça bolanyna görä, Göroglynyň keşbinem oýnap gör» diýipdi. Şol keşbiň şowly çykyp, şöhrat getirmeginde Arap Gurbanyň zähmeti bar. Onuň ýanyna hatda welaýatlardanam gaty köp, zehinli ýazyjy-şahyrlar, döredijilik, sungat adamlary gelerdiler. Olaryň ählisem öwrenmeli adamlardy. Kämilligime şolaryň täsiri ýetdi. Herrikgalada Allaberdi Sapbyýew diýen kolhoz başlygy bardy. Ine, şolam edil Arap Gurban ýaly döredijilik, sungat adamlaryna gadyr goýýan adamdy. Del-dül zehinli adamlary obamyza elten adam. Pylan şahyryň goşgusyny okap gördä diýseň, Arap:
— Okanyňdan diňläniň gowy diýerdi.
1960-njy ýyllarda Mylly aganam görüpdim. Şeýle adamlardan ýazgy galdyrmandyrlar. Käte «Şol wagt telestudiýanyň işgärleri näme işledikä?» diýip, pikir edýärin.
Türkmenistanyň halk artistleri Hommat Müllük, Ata Alowow, Annamyrat Berdi… bular bilen bile okadym. Özümden beýik adamlar. Ählisi hakda bir söhbetdeşlige gürrüňimiz sygmaz. Gaty köp radiooýunlarymyzda sazanda Akmyrat Çaryýew saz konsultantym boldy. Göroglynyň keşbini janlandyramda-da gapdalymda sazyny çaldy. Men bu tirkeşen adamlarymyň haýsy biriniň adyny agzaman oňup bilerin?!
Şahyr Muhammetmyrat Kömekow bilen bagly degişme gürrüňlerdenem ýatlaýyn.
Bir gün Muhammetmyrat Kömek ýygnaga barýar. Ýygnak gutarýar. Çabga gelip, daşary suw-sil. Her kim ylgaşyp, ulagyna münüp gidýär. Muhammetmyrat bolsa ýagyş diňýänçä, biraz garaşýar. Görse, ýekeje täze akja maşyn duran. Ol:
— Beh, biri ulagymy çalşyp äkidäýdimikä? — diýip, geň galýar. Ahyry ýanyna baryp belgisine seredýär. Görse, öz maşyny, «janaweri» ýagyş ýuwup, lowurdadyp goýan eken.
Bir günem ol täze «Moskwiç-412» kysymly maşyn alnan wagtlary, ýolda benzin guýdurmaga sowulýar. Hatar maşyn benzin nobatyna duran. Gezek Muhammetmyrada ýetýär. Ol elinde benzin şlangany göterip, maşynyň daşyndan aýlanyp duran. Beýleki sürüjilerem: «Aý, agam, bol-da, bar wagty aldyň-a» diýip gygyryşýarlar. Muhammetmyrat bolsa: «Duruň-da, siziňki näme? Ozalam meniň ulagymy ýasanlarynda benzin guýulýan ýerini ýatdan çykarypdyrlar» diýip käýinipdir. Onsoň benzin guýýançyň özi gelip: «Dur, agam, ynha!» diýip, belgi dakylan ýeriniň aşagyndaky benzin gabyň agzyny görkezipdir — diýip aýdan gürrüňleri häzirem ýadymda.
Bir gezek men oňa Juma aga, siz toý-meýlisde gülki paýlap ýören adam. Şonda gürrüňi nämeden başlaýaňyz?— diýip sowal berdim. Ol:
— Magtymguly Pyragyny ýatlaýan. Soň söhbedimi Kerim şahyrdan, Mämmet Seýitden, Gurbannazar Ezizden… dowam edýän. Şol halypalar maňa häzirem ýol görkeziji. Ýalňyşan ýerimde: «Men saňa pylan goşgymda aýtdym ahyry» diýýän ýaly. Onsoň ýene olaryň kitaplaryndan goşgulary ýatdan okap başlaýaryn. Belli-belli goşgulary ýörite toýda okamak üçin ýazylan ýaly diýdirmek üçin olary okamaga şahyryň deňinde ussatlyk gerek diýýärler? Şäheriň gyrasynda Begjan aga diýen tanşym bar. Şol ogul öýerende, Gurbannazar neresse-de barypdy. Onuň bokurdagy agyryp, sesi çykanokdy. Saçagyň başynda özbaşyna bir zada gümra bolup otyrdy. Az wagtdanam kagyzyň ýüzüne:
«Säher turup syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.
Sen sanama gara saçyň agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça bol »
— diýip, başlaýan atsyz goşgusyny ýazyp, maňa okadypdy. Ilkinji okyjysy bolamsoň, şol goşga özüm-ä toý goşgusy diýýärin. Indi ol goşgy gör, näçe toýlarda sakylaryň, ozanlaryň diliniň senasyna öwrüldi — diýip ýatlady.
20 ýyla golaý wagt geçendir. Bir mahal Juma aga barada onuň radioda bile işleşen kärdeşleriniň gürrüňlerini ýazgy edipdim.
Ýazjemal ANNAÝEWA:
— Juma Ýazmyradow iş tejribämde halypa mekdebi. Ir bilen işe gelende edep bilen salam berip, ula-uly, kiçä-kiçi ýaly garaýar. Juma halypa bilen işleşeňde, ol juda talapkär. Sözleriň dogry aýdylyşyna gaty üns berýär. «Guş ganatyn ýaýýar. Hamyr ýaýylýar. Manysyna düşünip dogry aýdyň! Diňleýji sizden akyllydyr. Baha berip otyr. Bilmeýän, düşünmeýän zadyňyz bolsa çekinmän soraň!» diýýär.
Bir gezek kärdeşim Maksat Altaýew bilen gepleşigi ýazga geçirip durus. Aňyrda Juma halypaň bardygyndanam habarymyz ýok. Okap oturan eserimiziň bir ýerine gülkimiz tutup, saklanyp bilemizok. Birden aýnaň aňyrsyndan Juma halypa seredip, süýem barmagyny galdyrdy-da, ýeke agyz: «Boluň, gülüň» diýenden öwrülip gülkiň tutsa nädersiň. Şonda ol bize: «Ses dutar ýaly düzülgi bolmalydyr. Hekaýa oka, çeper teswirleme oka, şonuň hersiniň ruhuna girmeli» diýip düşündirdi. Ine, şol pursat hiç ýadymdan çykanok. Juma aga bilen edilen mesawy gürrüňlerem biz üçin okuw sapagy ýaly. Ol ýazga gelende, hiç wagt birinji gezek sesini ýazdyrmaýar. Azyndan üç gezek dagy sesini barladar. Sesini durlap, soň okar. Ýaýlyma gelende şeýle. Başga wagt, gör, näçe gezek taýýarlyk görýändir. Ol çykyşyň hiline juda berk gözegçilik edýär. Käbir ýagdaýda taýýarlyksyz bolsaň «Gowusy, oturyber» diýip, göni aýdyp bilýär. Işine ýüregi bilen berlen kişä welin, sarpasy üýtgeşikdir. Göwni ýetende, şolara-da şägirdi bolsa-da halypam diýäýýär. Şahandazlyk sözi agzalanda, hökman Juma Ýazmyrady göz öňünde tutýaryn. Alaýaz adam. Gül-gülälekli türkmen baharyny göz öňüňe getirýär.
Daňatar MEREDOW:
— Oglan döwürlerimizde-de men radio diňlemäni gowy görýärdim. Şol döwürler «Bahar» radiostansiýasy diýen ýaşlar üçin gepleşik bardy. Şo gepleşigi ürç edip diňlärdim. Gepleşigiň alyp baryjylarynyň biri Juma Ýazmyradowdy. Soň bilip otursam, gepleşigiň režissýoram Juma Ýazmyradow eken. Ol wagtlar režissýor näme iş edýär, redaktor näme iş edýär bilemokdym. Ýöne şol gepleşikde beýleki gepleşiklerden tapawutlylykda özüne çekiji bir güýjüň bardygyny bilýärdim. Şol güýji döredýän adamyň Juma Ýazmyradowdygy şol wagtam bellidi. Ýöne biz ony alyp baryjy hökmünde tanaýardyk. Şol güýji Juma halypaň gepleşigiň režissýory bolanlygyndan görýän. Onda ylahydan berlen režissýorlyk güýç bar. Bulam, elbetde, içki dünýäsindäki terbiýesinden, tebigatyndan. Kakasy Ýazmyrat molla-da bihal adam däl. Atadan geçen edep-terbiýe, halallyk ýaşaýyşda sazlaşyk döredýär. Dünýägaraýşynda başga režissýorlar bilen tapawudy ýer-gök ýaly. Aýtmaly zadyň birem radioda ol öz mekdebini döredip bildi. Şonuň ýoly bilen işlejek bolýas. Ilki bilen halypa öz bilýän zadyny, şägirdine öwredýär. Aýdym-sazda-da bardyr. Soň özüňçe ösdüribermeli diýilýär. Öz düşünjäň baý bolmaly. Juma halypanyň üşüginiň güýçlüligi radio gepleşikde tikin maşynyň sesini bermek üçin, otluçöpüň gabyny şykyrdadýar. Ýa-da elýaglyga krahmal düwüp, owkalap, garda ädikli ýörän ýaly ses berýär. Onsoň tomsuň ortaky aýy, gyşda almaly radiooýny goýup bilýär.«Gyratyň ogurlanyşy» radiooýunda Akja Jumadurdyýewa kempiriň keşbini ynanýar. Olam ýaş. Emma Juma aga otluçöpi döwüp, iki gyrasyna pagta oraýar. Soňam oňa agzynyň iki çetinde dikligine gysdyryp goýdurýar. Şeýdibem, kempiriň sesini berdiripdir. Şunuň ýaly tärleri tapmaga ussat.
Öre DAŞGYNOW, şahyr:
— Halypam Juma Ýazmyradow bilen 1993-1994-nji ýyllarda teleýaýlymda bile işleşdik. Onuň bilen işleşeňde ýadaňok. Eseri ýazan adamy joşduryp bilýär. Juma aga nusgalyk edebiýatam, halk döredijiliginem oňat bilýär. Okumyş. Öz ugrundan dünýä edebiýatyny gowy bilýär. Bir zat ýazsaň, ulagyň içinde barýarkaň aýt. Atakgaýew /Poşalak/ ikisi taýýarlyk görüp, barjak ýeriňe çenli tasa getirer. Ýazan adama öz ýanyndan «Be-e menem ýazyp biljek ekenim-ow» diýdirýär. Höwes döredýär. Birnäçe ýyl mundan öň Sankt-Peterburga okuwa barýan. Maňa: «Şo ýerdäki degişme teatryna gatna. Bize bir zatlar döretmäge her aýda bir ýazgy iber. Bolmasa-da, şolaň eserlerinden terjime edip iber» diýip tabşyrdy. «Ýazyjylaryny, artistlerini öwren» diýip ýol salgy berdi. Bu — bagt. Özüň açylmaga mejbur edýär. Onuň üçin ýazýan eseriňde Juma Ýazmyradyň /Topulagyň/ ýa-da Atakgaýewiň /Poşalagyň/ keşbi göz öňüňde dur. Şular ýaly güýçli, zehinli adamlaryň arasynda bolaňda, gowy eseri döredip boljakdygyna göz ýetirýärdim.
Gurbangylyç HYDYROW, ýazyjy:
— Juma Ýazmyratda ýüzüniň mimikasy bilen, el hereketi bilen, düýbünden başgaça wäşilik güýçli. Ol öýkünmäge-de juda ussat. Gaýtalanmaýan şahandazlygy bilen bile göze ýakymlylygy, özüne çekijiligi üýtgeşik. Öňem telim gezek okan degişmäňdir ýa-da telim kişiden diňlän degişmäňdir, emma Juma aýdanda gülüp-gülüp hezil edýäň. Ine, şeýle bir waka.
Juma Moskwada bäş ýyl okap Herrikgala, öýlerine gelýär. Gelse, gapylarynda duran eşekleri ony tanaýypdyr. Şuny bir gürrüň berýär. Eşegiň agzyna öýkenip. «Hih, Juma «hih» etdirip, içini çekip, dilini sallap eşek bolýar. Ony ýazgyda bermegem kyn. Köplenç, Juma «şumowoý» diýýärler. Haýwanlaryň islendigine ýa-da tebigat häsiýetlerine ýyldyrymyň, ýeliň-ýagnyň sesini berip öýkünip bilýär. Işdeş ýoldaşlarynyň-a ulusynyň-kiçisiniň agzyna öýkünýär. Gowy ýerem hiç kim ondan gaty görenok, güläýýär. Toýa barsa-da, oturşyga barsa-da, märeke şonuň daşyna aýlanaýýar. Özüniň degişmesem däldir. Emma her kim Juma Ýazmyradyň pylan degişmesi diýer. Sebäbi Juma hemä özüçe ösdürip bilýär hem öz içinden geçirip, özüçe aýdyp bilýär. Bulam onuň güýçli sahandazlygynyň subutnamasy. Onuň şahandazlygyny kagyzda açmak ýeňil däl. Munuňam sebäbini, onuň köp taraplaýyn ukyplylygyndanmyka diýýän. Onda suratkeşligem bar. Men onuň bilen köp ýyl bile işleşdim. Tirkeşdik. Öýüniň gapysynda ýekeje düýp erik agajy bar. Erik bişende ýörite dadyrmak üçin Gurbannazar Atakgaýewi /Poşalagy/, meni öýüne äkidýärdi.Jumanyň şoň ýaly hoşniýetli häsiýeti bar. Hemişe men-ä oňa halypa diýýän, olam maňa.
Bir gezegem ol, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen at berlen wagtlary, täze alan maşyny bilen konsert bermäge gidýär. Bir obada konsertden soň çyksa, maşynynyň ýüzüne çüý bilen «Juma Ýazmyrat halk artisti» diýip, ýazyp gidipdirler. «Gözüm düşüp okanymdan begendim. Ýöne öňüne «Wah goşup» diýýär. Şunam özi gürrüň berýär welin, gülmän durup bolanok.
Juma Moskwada okaýarka, gapyrjaga salyp jigilerine sowgat iberipdir. Öýdäkilerem sowgady özleri açman, sylap, kakalaryna açdyrýarlar. Ýazmyrat aga gapyrjagy açandan bir zat böküp gujagyna düşýär. Görse, oýunjak gurbaga. Depesinden basanyňda böküp ýörenje gurbagany sowgatlaň iň üstünden goýan eken. Onsoň Ýazmyrat aga kiçi ogluna:
— Hat ýazyň Juma. Şu gurbaganam satyn aldymyka? Eger o ýerde gurbaga geçgelli bolsa, onda şu ýerden üç-dört sany janlysyny ibereýin — diýipdir — diýip Gurbangylyç aga gürrüň beripdi.
Juma aganyň ýanyna ilkinji gezek söhbetdeşlige baranymdaky bir pursat hiç ýadymdan çykanok. Käbir söhbetdeşlige baranyňda, ilki birnäçe zatlary ýatlap, soň maglumat alynýan wagtam bolýar. Juma halypa-da belet bolmamsoň, şeýledir öýtdüm. Ony-muny gürläp ugradym welin, ol gülkünç gürläp:
— Özüň gürläp dursuň welin, biz-ä gaýdyberjek — diýdi. Hem-ä güldüm. Žurnalistlik tejribäme ýene bir belligiň goşulanyna-da juda begendim. Şol gezek söhbetdeşligi taýýarlamak üçin üç gün «Watan» radioýaýlymyna gatnadym. Birinji gün Juma Ýazmyradyň özi bilen gürrüňdeş boldum. Ertesi bir kärdeşinden maglumat aldym. Juma aga-da her gün barýanymy görýär-di. Ahyry, üçünji gün, bir kärdeşinden maglumat alyp otyrdym welin, ol ýylgyrdy-da:
— Doganjyk! Seni Alla bize Ezraýyl edip iberäýen däldir-dä — diýdi. Nämesindendigin-ä bilemok. Halypa wäşiniň bu degişmesi mende çeper döredijilige gaty uly hyjuw, joşgun döretdi.
Akgül SAPAROWA.