SPORT

Torres “Barselona” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy

Ispaniýanyň “Barselona” topary Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň 21 ýaşly ýarymgoragçysy Ferran Torres bilen şertnama baglaşdy.

Ýaş futbolçy bilen 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşylyp, onuň topardan goýberilmeginiň nyrhy 1 milliard ýewro hökmünde kesgitlendi.

Öňümidäki ýylyň 3-nji ýanwarynda Torres üçin tanyşdyrylyş dabarasy guralar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, bu futbolçy üçin 55 million ýewro tölendi. “Mançester Siti” topary ýene-de 10 million ýewro goşmaa pul serişdelerini alar.

 

Türkmenistanda “Sputnik Laýt” waksinasy buster sanjymy hökmünde kabul edýär

Related posts

Ýanwar-noýabr aýlary: türkmen türgenleri 739 medal gazandy

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary “East Bengal” toparyny ýeňdi

Awtoulag ýaryşlary: “Garagum-ýalkym” ralli reýd ýaryşy geçirildi

Ata Watan Eserleri