ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Halmämmet Kakabaýew: kino sungatynyň ägirdi

14-nji dekabr güni işde otyrdym. El telefonyma jaň geldi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň «Kino we teleradio sungatlary» kafedrasynyň uly mugallymy, kinorežissýor Halmämmet Kakabaýewiň ýogalandygyny hem-de sagat 10-da jaýlanýandygyny aýtdylar. Milli kino sungatymyzyň altyn hazynasyna  ençeme naýbaşy çeper filmleri miras goýan halypa kinorežissýora iman baýlygyny diläp, pikire çümdüm.

Halmämmet aga bilen ilkinji ýüzbe-ýüz tanyşlygymyz hakydama geldi.  2003-nji ýa-da 2004-nji ýyllaryň biridi. Bir gün kärdeşlerimiň biri: «Kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew siziň bilen gyssagly görüşmekçi welin, oňa bir jaň aýlap görseňizläň!» diýip, telefon belgisini berdi. Goňşymyzyň öý telefonyndan jaň edip özümi tanyşdyrdym. Halmämmet aga öňden tanyş ýaly, gara-gadyr bolup saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Jigim, siziň «Edebiýat we sungat» gazetinde «Gyzamyk» atly gülküli hekaýaňyz bar eken. Şony Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde çagalar üçin taýýarlanylýan «Ýumajyk» kinožurnalyna surata düşürjek bolýan. Biraz ýerini üýtgedibräk alsak kyn görmersiňiz-dä! — diýip rugsat sorady. Bolýa-bolýa, Halmämmet aga! Siz halypa ahyry, onuň üçin geňeşmek nämä gerek diýdim. «Ýok-ýok, awtory sylamasak bolmaz-a» diýdi. Şondan soň kän wagt geçmänkä şojagaz degişmäm esasynda surata düşürilen 10-15 minutlyk film teleýaýlymda görkezildi. Birki hepde geçensoň bolsa, «Kinostudiýa gelip galam hakyňy alyp git» diýip jaň etdiler. Sähelçe galam hakydyr öýdüp barmaga utanýan. Ahyry ýene çagyrdylar. Barsam eslije pul berdiler. Ozal oň ýaly galam haky alyp görmämsoň, ilkä begendim, birdenem ýalňyşyp başga biriniň zähmet hakyna gol çekäýdimmikäm — diýip, göwnüme güman gidip yzyma dolandym. Pulhananyň penjiresi eýýäm ýapylan eken. Halmämmet aganyň iş otagyna bardym. Salam berdim-de: — Halmämmet aga, maňa şunça galam haky berdiler welin, hemmesi meniňkimi?— diýdim. Ol loh-loh güldi-de, bizde alanyň ýarsyny goýup gitmeli düzgün ýokdur — diýip degişdi. Nesip etsin, ýene-de ýazyp dur diýdi. Şeýdip ol meniň kinostudiýa bilen işleşmegime ýol açdy. Beýleki kinorežissýorlar bilen işleşmegime sebäp boldy. Soň men metbugat üçin halypalar hakynda makala ýazanymda birnäçe gezek onuň bilen söhbetdeş boldum. Ol kärdeşleri hakynda gürrüň berende olaryň zehinine, adamkärçiligine belent sarpa goýup gürrüň berýärdi. Bir gezek «Edebiýat we sungat» gazeti üçin redaksiýanyň  tabşyrygy bilen wäşi artist Akmyrat Bäşimow hakynda makala ýazmaly boldum. Şonda Halmämmet aga ol barada şeýle gürrüň beripdi.

— Akmyrat Bäşim mugallymyň öňünde oturyp, aktýorlyk bilimini alan adam däl. Bu hili aktýorlar türkmen kinosynda başga-da kän. Sary Garryýewem köp agzaýanym şondan. Olaryň ikisi bilenem köp ýyllap işleşmek, ýoldaş bolmak miýesser etdi. Akmyradyň «Aýgytly ädim» çeper filminde janlandyran gülküli Pökgi walasy aktýorlyk sungatynda ýokary baha berilmeli keşpdir. Ýöne onuň «Laçyn» kinosynda oýnan keşbi düýbünden başga. Filmde 20-nji ýyllaryň öň ýanynyň wakasy beýan edilýär. Esasy gahryman Gulam aganyň keşbini Akmyrat janlandyrdy — ýagny, çaýhanaçy bolup. Keşp agyr ykbal barada. Gulam aganyň ýekeje zürýady bar, olam keseki ýerlileriň eline düşýär. Kinony gören bolsaňyz, ogluny halas etjek bolanda ok degip ýogalýar. Akmyradyň dramada oýnamak ussatlygy güýçli. Şol ussatlygynam ýekeje kinoda açyp görkezmäge ýetişdi. Olam «Laçyn» kinosyndaky keşbi. Galan keşpleri gülküli. «Aýgytly ädim», «Meniň dostum Meleguş», «Döwranyň başdan geçirenleri» we ýene-de gaty köp kinolarda döreden keşpleri. Akmyradyň bir aýdan sözi hiç ýadymdan çykanok. «Laçyn» kinofilmi baýraga hödürlendi. Şonda ol:

— Halmämmet! Biz şo baýragy hökman alýas — diýip jaň etdi. Özem şeýle bir garaşdy. Hiç zat bilen düşündirer ýaly däl. Guwanç bilen aýdýardy. Ýöne ol wagtlar, häzirki ýaly zähmetiňe gyzgyny bilen baha berlenokdy. Neresse ýogalandan soň onuň mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy çagalaryna gowşuryldy. Onuň kino düşürilýän meýdançada işleýşi barada aýdasym gelýär. Režissýora düşünýärdi. Ýumşakdan gelen gowy häsiýeti bar. Kinoda hem şeýle häsiýetli keşpler ynandyryjy bolýar.

— Şu keşbi şeýdäýeli — diýseň şo wagt gahrymanyň häsiýetini öwrüp bilýärdi. Ol sözüň doly manysynda guýmagursak diýilýänlerdendi.

Durmuşda-da ýaz ýalydy. Onuň sesini gataldanyny görmedik. «Ýüzüniň gözleriniň ýylgyryşy lukmanyň kömegi ýaly bir zat» diýip, pikir edýän. Mart aýlarydy. Zähmet dynç alyşdadym. Aýagym guragyryly ýatyrdym.

— Halmämmet! Beýdip ýatma. Ertir seni daga äkideýin. Baýyrlar gül-gülälek — diýip jaň etdi. Ertesem ýogaldy habaryny eşitdim. Şo gün sekiz adama jaň eden eken. Näçe ýyl işleşdim, tirkeşdim. Bir gün ol:

— Obadaşdygymyzy bilýäňmi? — diýdi.

— O nähili? — diýsem:

— Menem Gowşutdan. Üç ýaşymdan soň Mäne-Çäçä göçdük. Pylanylaň gapdalyndaky öý biziň öýümiz — diýip düşündirdi.

— Onda näme öň aýtmadyň? — diýsem:

— Aý, öz obadaşyny kinoda oýnadýar — diýip, saňa gep geläýmesin diýdim — diýdi.

Neresse sada adamdy. Ýogsa öňem telim kinoda surata düşüpdi — diýip gürrüň berdi.

Soň ýene bir gün Halmämmet aganyň ýanyna Türkmenistanyň halk artisti Sary Garryýewiň döredijiligi barada bilýänlerini ýazgy etmek üçin bardym. Ol pikirimi aýdanymdan ýylgyryp gürrüňe başlady.

— Sary Garryýew — ol bir üýtgeşik dünýädäki adamdy. Zehinini Allatagala beren. Özem gaty eçilip beren. «Taýharly oglan» filmi birinji diplom işim. Şol filme Sary agany çagyrdym. Kiçiräk keşp. Şondan başlanan tanyşlygym ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi. Onuň bilen köp ýyl kinostudiýada işleşdik. Sary aga kärdeşlerimiziň ulusy-kiçisi «Sary kaka» diýip ýüzlenerdi. Ol şoňa-da monça bolup, göwni biterdi. Haýran galýan, daň atandan öýden çykýan bolmaly. Hiç wagt ulaga münüp, işe gelmezdi. Çybşyldap, öýünden işe pyýada gelerdi. Özem hemmeden öň gelip, bagyň aşagynda oturandyr. Togsan töweregi ýaşap ýogaldy. Emma ýaşynyň bir çene barany bildirmedi. «Sary kaka, sen ýadaňokmy?» diýerdik.

Ol bolsa:

— Oglum, men şu kinostudiýanyň adamlaryny görmesem, öýde oturyp bilemok — diýerdi.

Sada, çaga ýaly göwnaçyk, gürrüňçildi. Oglanlaryň bary diýen ýaly daşyndadyr. Näme hakda gürrüň et, ol şol wagt şol hakda bir zat tapar. Çyna berimsiz edibem gürrüň berer. Jogaby agzyna gelip dur. Çalt jogabyny tapyp, märekäni agzyna bakdyrmagy her adam başarmaýar. /Gülüp/. Bir zat ýadyma düşýär. Arakesmede artist oglanlar üýşüp, ondan-mundan gürrüň edip otyrdylar. Sowet döwürleri-dä, bir artist: «IL-86» diýen uçar çykarylypdyr. Iki gatly. Ikinji gatynda dükan barmyş. Islän wagtyň keýpiňi kökläp, birinji gatda ýeriňe geçip oturybermeli» diýip gürrüň berýär. Sary aga-da: «Aý, onyňdanam bir uçar bolarmy? Amerikanlar bir uçar ýasapdyrlar. Öňi bassyrmaly. Bassyrmanyň aşagynda çaý içip, töweregi synlap oturmaly» diýip öwýär. Bendäň çaý içesi gelendir-dä. Sary aganyň ýene bir aýratyn häsiýeti, ol il ýaly diňe kino düşüp gitmezdi. Kino al, alma tapawudy ýok. Kinostudiýaň işgärleriniň ählisini tanardy. «Gizlin ilçi» kinosyny «Lenfilm» bilen «Türkmenfilm» bilelikde aldy. Şonda «Lenfilmden» üç-dört artist geldi. Sary aga bagyň aşagynda oturgyçda otyrdy. Bir jinsi geýimli ýaş aýal eýläk geçdi, beýläk geçdi. Sary aga-da şol aýala gözüniň gyýtagy bilen eýläk geçse-de seredýär, beýläk geçse-de, oglanlaram degişip: «Sary kaka, şo gelin göwnüňe ýarady öýdýän» diýdiler welin, «Oglum, şu-ýä biziň işgärimiz däl» diýip, eýýäm şonuň «Türkmenfilmiň» işgäri däldigini bildi. Bir günem «Men ýeriň aňry ujynda kino düşdüm. Şo ýerde-de aýagymy suwa sokup, dynç alyp oturdym» diýýär. Bizem düşünemizok. «Mosfilmde» «Alladiniň jadyly çyrasy» filme surata düşensoň, «Moskwamy?» diýip soraýarys. «Ýok» diýýär. Ahyry, oglanlaryň biri: «Agşam öýüne oturmaga barjak, şonda anyklaryn» diýdi. Diýşi ýaly, öýüne baryp, keýpiniň kökräkdigini bilýär-de, «Sary kaka, ýeriň aňry ujy diýýäniň nire? Şo ýerde haýsy kino düşdüňiz?» diýýär. Ol: «Şonam bileňokmy, «Aýgytly ädimde» diýip düşündirýär. Asyl oň ýeriň aňry ujy diýýäni Hazar deňzi eken. Deňziň gyrasynda otursaň, gözýetim görnenok-da. Bende gaty sadady — diýip, Sary Garryýewi hormat bilen ýatlady.

Kino sungatyna degişli sowal ýüze çyksa Halmämmet aga ýüzlenýärdik. Ol bu ugurdan tejribesi ýetik zehinli halypalaryň biridi. Onuň «Taýharly oglan», «Ynha, kakam gaýdyp geler», «Ogul», «Toba»  atly çeper filmleri daşary ýurt kinofestiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Halmämmet Kakabaýew häzire çenli surata düşüren ýigrimä ýakyn çeper kinofilmleriniň onusynyň kinossenarisini dürli awtorlar bilen bilelikde, galan kinofilmleriniň kinossenarisini özi ýazdy. Ol ömrüniň ahyrky günlerine çenli Türkmen döwlet medeniýet institutynda işledi. Sungat ýolundaky toplan baý tejribesini ýaşlara geçirmek üçin yhlas etdi. Muňa onuň 2012-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap bolan «Kino. Režissýor» atly ýokary okuw mekdepleri üçin taýýarlan okuw gollanmasynyň özi aýdyň subutnama. Bu okuw gollanmasynda ol kino sungatynyň döreýşini, türkmen kinosynyň taryhyny gysgajyk yzarlap, özüniň köp ýyllyk döredijilik işiniň tejribesiniň esasynda bu käriň çylşyrymly we gyzykly syrlary barada söhbet açýar. Ol: — «Taýharly oglan», «Ýeňiýoluk», «Ogul», «Laçyn», «Sen ýadyma düşseň», «Söwer ýardan aýrylma» atly kinofilmlerde çagalar bilen işleşmeli boldum. Çagalar bilen kinofilm döretmeklik — bu bir uly bagt. Şol bir wagtyň özünde-de, çagalar bilen işleşmek, olaryň kömegi bilen çeper kinofilm surata düşürmek şeýlebir hupbatly zähmet, ony başga bir zähmet bilen deňeşdirmek kyn — diýip, bu ugurdan gymmatly maslahatlar berip, anyk düşündirýär welin, diýseň gyzykly hem täsirli.

Şu makalany ýazyp ýörkäm Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Öwez Öwezow sataşdy. Ol: «Akgül dogan, Halmämmet aga-da ýogalaýdy-da» diýip, gynanjyny paýlaşdy. Kärdeşi hem halypasy Halmämmet aga bilen bagly ýakymly ýatlamalar aýdyp, onuň bilen dostlukly gatnaşykda bolandyklaryny gürrüň berdi. «2020- nji ýylyň iýun aýynda ikinji oglumy öýeremde, «Öwez jan indi, diňe Aýazbaba bolup ýörmän, kän-kän kino gahrymanlaryny döredýän artist bolmaly» diýip, halypamyň toý gutlagyny aýdyp oturan wideoýazgysy bar. Şol toýda Halmämmet aga, Aşyr Mämiliýew, Öre Daşgynow dagy bilen dört bolup surata düşüpdik» diýip ýatlady. Halmämmet agaly ýatlamalar indi kalbymyzyň töründe ýatlama bolup galjak-da…» diýdi. Öwez mugallym mamla. Ol ýatlamalar milli kino sungatymyzyň gyzykly söhbetleri bilen beslenip, geljekki nesillerimiz üçin gymmatly miras bolup galar. Halkymyz üçin hyzmat bitiren halypanyň ussatlyk mekdebini sungatymyzyň täze-täze zehinleri  buýsanç bilen ýatlarlar.

TERJIMEHALY:

01.06.1939-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda doglan. 1969-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini, 1973-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Ýokary režissýorlyk kursuny tamamlaýar. Ol 10-a golaý daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolupdyr. 1981-nji ýylda Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, 1982-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1986-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlaryň eýesi, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly, 2018-nji ýylda «Gaýrat» medaly bilen sylaglanýar. Ol 2021-nji ýylyň  13–nji dekabrynda aradan çykdy.

Akgül SAPAROWA.

 

Geldi Bäşiýew: Gözelligiň waspçysy

 

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri