TEHNOLOGIÝA

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Makul Sözlük indi Rus dilinde! Türkmen, Iňlis, Türk dillerindäki ilkinji online akylly sözlük Makul Sözlük indi Rus dilinde hem hereket edýär. Indi Makul Sözlükden (www.makulsozluk.com)  haýsyda bolsa ýokarda agzalan dilleriň birindäki bir sözi “gözleg” etseňiz, şol sözüň 4 dildäki netijesi Siziň üçin elýeterli bolar! Bu bolsa, Size bir wagtda 4 dildäki sözlügi ulanmak mümkinçiligini bermek bilen birlikde, şu dört dili öwrenmek üçin hem gollanma hyzmatyny berer! Makul Sözlük Applikasiýasyny şu ýere basyp ,telefonyňyza ýükläp bilersiňiz we dünýäniň niresinde bolsaňyz hem sözlügimizi ulanmak mümkinçiligine eýe bolarsyňyz. Makul Sözlük offline hem işleýär, bu bolsa Size internet bolmadyk ýerlerde hem ulanmak mümkinçiligini berýär.

Iňlis dilini akedemiki derejede öwrenmek üçin 16000 söz ýeterli kabul edilýär. Häzirki wagtda Makul Sözlükde jemi 18.388 söz bar. Bu bolsa iň ýokary derejede Iňlis dilini öwrenmek üçin ýeterlik söz bazasy bolup durýar. Gelejekde biz Iňlis dilindäki sözleriň jemini 20.000-e ýetirmek isleýäris. Şonda sözlügimize öň goşulmadyk, täze internet zamanasynda dörän sözler has köp goşular. Biz sözlügimizde Iňlis dilini esas dil hökmünde ele aldyk we şol Iňlis dildäki sözleriň sinonimlerini hem goşmak bilen 25.260 sany Türkmen dilindäki sözi, 21.933 sany Türk dilindäki sözi, şeýle hem 24.957 sany Rus dilindäki sözi goşduk. Şeýlelikde Makul Sözlügiň söz bazasyndaky ähli sözleriň jemi 90,500 söze barabar boldy.  Biz gelejekde söz bazamyzdaky sözleriň jemini 100.000-e ýetirmek isleýäris.

Makul sözlügiň häzirki döwürdäki bar bolan mümkinçiliklerini biz aşakda Size ýetirýäris. Emma ilki bilen indiki meýilnamamyz barada gysgaça Size maglumat bermek isleýäris. Bir Start up taslamasy bolan Makul Sözlük  ilkinji gezek 2019-nji ýylyň tomsunda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San Francisco şäheriniň golaýynda ýerleşýän, Silikon jülgesiniň merkezi kabul edilýän, dünýäniň esasy tehnologiýa kompaniýalaryndan   Apple, Facebook , Google , HP,  Intel, Netflix, Twitter ýaly kompaniýalaryň dörän ýeri  bolan Palo Alto şäherinde – Stanford uniwersitetiniň kitaphanasynda öz işine başlady.  Biz sözlügimizi ilkinji gezek mundan bir ýyl öň, 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününde halk köpçüliginde ýetiripdik. Şonda Türkmen-Iňlis dilindäki ilkinji akylly sözlük Size ýetirilen bolsa, Türk dilindäki sözlügimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hyzmata girdi. Rus dilindäki sözlügimiz bolsa ine bugün dünýäniň ähli künjeginde gutlanýan halkara Bitaraplyk gününde öz işine başlady.

Biz ýakyn gelejekde Sözlügimizde esasy meýilnamamyz bar bolup biläýjek ýalňyşlyklary aradan aýyrymak bolup durýar. Şonuň üçin eger sözlügimizde haýsy-da bir ýalňyşlyk bar   bolsa, bize turkmenlawyer@hotmail.com salgysyndan  habar bermegiňizi haýyş edýäris. Şeýle hem eger siziň gözleýän sözüňiz Makul Sözlükde ýok bolsa şu ýagdaýda hem bize habar berseňiz, bilelikde sözlügimizi has baýlaşdyrandygymyz bolar! Biz şeýle hem ýakynda IOS Applikasymyzy Size hödürläris. Biziň beýleki meýilnamamyz bolsa Atavatan TV YouTube kanaly bilen hyzmatdaşlykda online  mugt Iňlis dilini sapaklaryny ýola goýmak!

 

Makul Sözlügiň käbir aýratynlyklary:

  • Türkmen we Iňlis dillerinde sesli sözlük
  • Iňlis dilinde sesli gözleg mümkinçilgi
  • Çagalar üçin Iňlis dilinde suratly sözlük
  • Çagalar üçin Rus dilinde suratly sözlük
  • Çagalar üçin Iňlis dilinde oýunly sözlük
  • Çagalar üçin Rus dilinde oýunly sözlük
  • Makul Extention Sözlük mümkinçiligi
  • Makul Sözi tap-oýun bilen Iňlis dili
  • Offline Sözlük mümkinçiligi
  • Makul Windows Sözlük mümkinçiligi
  • Krosswordly sözlük mümkinçiligi
  • Durmuşda iň köp gerek bolan 700 sözlem Sesli sözlük bilen berilýär.
  • Makul Puzzle oýnaň we wagtyňyzy gyzykly geçiriň!
  • Phrasal verbs / Durnukly söz düzümleri- mysallar we terjimesi bilen
  • Irregular verbs / Nädogry Işlikler –mysallar we terjimesi bilen
  • Prefiksler, manysy, mysallar bilen we terjimesi
  • Suffiksler, manysy, mysallar bilen we terjimesi
  • Idiomalar, manysy, mysallar bilen we terjimesi
  • 500 sany Türkmen nakyly Iňlis dilinde
  • 500 sany Iňlis nakyly Türkmen dilinde
  • Her gün 5 sany söz öwrenmek mümkinçiligi

“Gepleýän” we “Eşidýän” ilkinji Akylly sözlük: Makul Sözlük

 

 

Ýene-de okaň

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi