Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 4-nji dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Durmuş potensialy gaty pes derejede. Irdenden düşünişmezlige we kynçylyklara garaşyň. Söýgi gatnaşyklary bilen baglanyşykly ýakymsyz habarlar ýa-da hünär işjeňligindäki şowsuzlyklar hem bolup biler. Garaşylmadyk çykdajylaryň ýa-da maliýe ýitgileriniň bolmagy mümkin.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sazlaşykly durmuş gurmak, gyzykly we peýdaly wagt geçirmek üçin gowy gün. Bu gün diňe öwrenişen, öňden bäri edip ýören işiňizi etmek has gowudyr. Işiňizde üstünlik garaşýar. Üstünligiň has uly bolmagy üçin täsirli howandarlaryň ýa-da hyzmatdaşlaryň goldawyny almaly
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Durmuş potensialy azalýar. Nätanyş adamlar ýa-da ýolbaşçylar bilen baglanyşykly uly mesleler bolup biler. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryň ýa-da dostlar bilen dawa-jenjeliň hasam erbetleşmegi mümkin. Islegleriňizi saklajak boluň. Alkogolly içgileri we et iýmitlerini ulanmak maslahat berilmeýär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ruhuňyzy arassalanmak, ahlak taýdan kämilleşmek üçin gowy gündür. Girdeji getirjek täze çeşmelerini işjeň gözlemeli, şol bir wagtyň özünde şübheli tekliplerden gaça durmaly. Gyzyklanma, göriplik, garaşylmadyk päsgelçilikler meýilnamalaryňyzyň ýerine ýetirilmegini gijikdirip biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Çynlakaý prowokasiýa we gapma-garşylyk güni. Islendik jedeliň soňy dawa ýazar, sebäbi häzirki wagtda özara düşünişmek örän kyndyr. Her bir sözüňize üns beriň. Hereketleriňizde örän seresap boluň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Wagtyňyzy öýde geçirmek peýdaly bolup biler. Daş-töweregiňizden gelen erbet habarlar negatiw täsir eden bolsa gerek. Gün ruhy kararsyzlyk, şübhelenmek we lapykeçlik bilen geçer. Agşamlygyňyzy ýakynlaryňyz, garyndaşlaryňyz ýa dost-ýarlaryňyz bilen geçirseňiz siz üçin ýakymly we rahatlandyryjy bolar. Pespällik we ýokary ahlak kadalary günüň negatiw tendensiýalaryny azaltmaga kömek eder.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün karýerany ösdürmek üçin iň amatly gün. Şahsy işlerde üstünlik gazanmak ähtimal, ýöne maddy meseleleri çözmek aňsat bolmaz – şowsuz söwda ýa-da ozalky wadalar sebäpli maliýe ýagdaýyňyzyň ýaramazlaşmagy ähtimal. Daş-töweregiňize has içgin göz aýlaň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün täze işe başlamak, uzak möhletleýin meýilnamalary düzmek, gündelik meseleleri çözmek üçin iň ýerliksiz gün. Akyldarlyk we paýhas, durmuşyň kyn meselelerini aňşyrmaga kömek eder, ýöne biderek töwekgelçilik etmeli däl. Bu gün bedene zyýan berip biljek ähli zatlardan, esasanam alkogolly içgilerden saklanmaga synanyşyň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün haýsydyr bir iş bilen meşgullananyňyzda seresap we ünsli bolmaly. Ýyldyzlar işjeň hereket etmekligi we başlan işiňize doly ynanmaklygy maslahat berýärler. Öý işleriniň ýa-da näsazlyklaryň bolmagy ähtimal.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Ýyldyzlaryň oňaýsyz ýerleşmegi, iň ýönekeý meseleleriň üstünde durmagyňyza päsgel berýän käbir pikirlere sebäp edip biler. Hünär işi bilen meşgullanmazlyga synanyşyň – kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy kynlaşdyrmak howpuny başdan geçirýärsiňiz, ýagdaýy düzetmek gaty kyn bolar. Ýakyn adamlaryňyza, çagalaryňyza, garyndaşlaryňyza aýratyn üns beriň.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Size ýamanlyk isleýän adamlaryň hileleri erbet netijelere, dawa jenjellere sebäp bolup biler. Garaşylmadyk çykdajylar maşgala býujetine täsir eder. Bu gün size adatdakylardan has ünsli bolmaklyk maslahat berilýär.
Hormatly Prezidentimiz: geljekde-de telekeçileri hökman goldarys