25-nji oktýabr Bütindünýä makaron gününi bellemek pikiri ilkinji gezek 1995-nji ýylda Rimde geçirilen ilkinji duşuşygynda türk makaron senagatçylary tarapyndan agzaldy, soň bolsa 25-nji oktýabr 1997-nji ýylda Amerikada geçirilen ýygnakda Bütindünýä makaron güni hökmünde kabul edildi. Bütindünýä makaron güni 1998-nji ýylda ilkinji gezek Italiýanyň Naples şäherinde bellenip başlandy we şol günden bäri dünýäniň dürli ýurtlarynda uly joşgun bilen bellenilip geçilýär. Ylmy ylalaşyk jarnamasy Italiýada ilkinji gezek 2015-nji ýylda gol çekildi. Makaronyň sagdyn uglewod komponentleri bar we köp berhiz üçin amatly önümdigi mynasybetli. Portugaliýa, Ispaniýa we ABŞ. 2016-njy ýylda Russiýadan 4 alym, Braziliýadan 3 we Türkiýeden 1 alym 2016-njy ýylda Ylmy ylalaşyk Jarnamasyna gol çekdi. Şeýlelikde, dünýäniň dürli ýurtlaryndan Ylmy ylalaşyk beýannamasyna gol çeken alymlaryň sany 27 boldy.
Hudaýbergenowa Gurbangül
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy