DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbe şäherine bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Täjigistanyň resmi internet sahypasynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidentini Duşanbe şäheriniň halkara howa menzilinde Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşylady.

Şu gün Duşanbe şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredileniniň 20 ýyllygy mynasybetli ýübileý sammiti geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahym Raisi, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Duşanbe şäherine bardylar.

Bu sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi onlaýn tertipde gatnaşar.

Häzirki wagtda ŞHG-niň agzalary 8 ýurt: Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan. Birleşigiň işine dört synçy ýurt (Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa) we alty sany dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlar (Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka) gatnaşýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi