DÜNÝÄ

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşkentde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad gatnaşdy.

Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki we onuň daşyndaky häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen özara hereketleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň ýakyn goňşy döwleti bolan Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikirler alşyldy. Syýasy-diplomatik tagallalar arkaly Owganystanda parahatçylygy ilerletmek babatda türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi. Owgan tarapy bilen bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň edildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar anyk netijeleri gazanmak ugrunda “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” formatdaky hereketleri işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar

Türkmenistanyň ilçisi “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

“Greencard” loteriýasyna gatnaşmak tölegli bolar

Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy YHG-nyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy