Ýurdumyzdaky hususy pudakda hem-de daşary ýurtly halkara guramalaryň, ilçihanalaryň yglan edýän boş iş orunlary baradaky habarlary mundan beýläk “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynyň “Iş orunlary” bölüminden okap bilersiňiz.
Şeýle hem iş berijiler boş iş orunlary barada bildiriş çap etmek isleseler, ondan biziň saýtymyza ýüz tutup, atawatanhabar@gmail.com elektron poçtamyza bildirişlerini iberip bilerler. Biz şol bildirişleri öz saýtymyzda mugt ýerleşdireris.
Bildiriş
“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy aşakdaky ugurlar boýunça iş tejribesi bolan ýokary we ýörite orta bilimli raýatlary saýlama esasda işe kabul edýär :
- Iş öndüriji (prorab);
- Meýilnamalaşdyryş-tehniki bölüminiň hünärmeni (PTO);
- Elektrik;
- Weterinar;
- Zootehnik .
Isleg bildirýän raýatlar işlän ýerleri baradaky maglumat hatlaryny (rezýume) kärhananyň işgärler bölümine tabşyrmaly ýa-da aşakda görkezilen elektron salga (poçta) ibermeli:
info@erkingurlushyk.com
Habarlaşmak üçin telefon belgi : 861-70-74-54 hepdäniň iş günlerinde (duşenbe-anna) sagat 9-00-dan 18-00 aralykda jaň etmeli;
Biziň salgymyz: Mary şäheri Bitaraplyk köçesiniň 18 jaýynyň (telekeçiler birleşmesiniň binasy) 7-nji gaty.
Sanly eýýamda kiberhowpsuzlyk: Internetdäki howplar we olardan goranmagyň ýollary