SPORT

Messi 34 ýaşady

Şu gün dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri – Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem-de Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messiniň doglan günüdir. Ol 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda Argentinanyň Rosario şäherinde dünýä inýär.

Ispaniýanyň “Barselona” topary öz hüjümçisi Messini doglan güni bilen gutlady. Topar öz resmi internet sahypasynda Messiniň toparyň düzüminde oýnan döwründe geçiren iň gowy gollarynyň wideo ýazgylaryny ýerleşdirdi.

Messi “Barselona” toparynyň düzüminde 520 duşuşykda 474 gol geçirdi. Ol “Barselona” toparynyň düzüminde 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, 7 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 8 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny, 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, 3 gezek UEFA-nyň Superkubogyny we 3 gezek dünýäniň kluplar çempionatynyň kubogyny gazandy.

Messi “Altyn pökgi” baýragyny 6 gezek gazanyp, bu ugurda öňdebaryjydyr. Şeýle hem ol köp sanly baýraklaryň hem-de rekordlaryň eýesidir.

 

Dünýäniň iň gymmatly markalary

Related posts

Salah üçin rekord teklip

Malkom hem Saud Arabystanyna gidýär

Messiniň 700-nji goly