IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Basleşik: gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak

Türkmenistanyň Energetika ministrligi Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 10 MWt kuwwatly gibrid gün we ýel elektrik stansiýasyny dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi. 

Bölünmeýän Lot №1 – Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 10 MWt kuwwatly gibrid gün we ýel elektrik stansiýasyny dolulygyna gurmak

Bölünmeýän Lot №2 – “Serdar” 220 kW podstansiýasyndan 10 MWt kuwwatly gibrid gün we ýel elektrik stansiýasynyna çenli  bir zynjyrly 110 kW elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek

Tendere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edarsyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • tehniki talaplary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we düýpli gurluşyk bölüminden almaly;
  • 1-nji lot üçin 1500 ABŞ dollar we 2-nji lot üçin 500 ABŞ dollar möçberde (goşulan baha üçin salgydy we bank töleglerini hasaba almazdan) tölegini töläp tender resminamalaryny almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 2021-nji ýylyň 6-njy awgust sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 37-94-31, 37-94-33

 

Elektrik stansiýasy we howa menzili gurlar

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!