SPORT

Kanada ýene-de çempion

Kanadanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň çempiony boldy. Final duşuşygynda kanadaly hokkeýçiler Finlýandiýanyň milli ýygyndysyny ýeňdiler.

Duşuşyk esasy wagta goşulan goşmaça wagtda kanadalylaryň geçiren şaýbasy bilen 3:2 hasabynda tamamlandy.

Kanada üçin bu çempionlyk taryhyndkay 27-nji çempionly boldy. Latwiýanyň Riga şäherinde geçirilen bu çempionata Kanada güýçli hokkeýçiler bilen hem gelmedi. Çempionatyň dowamynda toparçadaky ilkinji 3 duşuşykda ýeňlişe sezewar bolan Kanadanyň milli ýygyndysy soňra has erjel oýun görkezip, birinjiligi eýelemegi başardy.

Olar pleý-off tapgyrynda Russiýanyň hem-de ABŞ-nyň milli ýygyndylaryndan üstün çykdy.

Şeýlelikde, Kanada bilen Russiýa (SSSR) hokkeýde iň köp çempion bolar ýygyndylardyr. Russiýa 5 gezek, SSSR bolsa 22 gezek dünýä çempiony bolupdy.

2022-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionaty Finlýandiýanyň Helsinki we Tamper şäherlerinde 13-29-njy maý aralygynda geçiriler. 2023-nji ýylda bolsa bu ýaryşy Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Angliýada ýylyň futbolçysy belli boldy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy