Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.
Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18… +23 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37… +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29… +34 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +24…… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +26 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33… +38 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +25… +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33… +38 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +37… +42 gradus aralygynda yssy bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan –günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23… +25 gradusdan +26… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35… +37 gradusdan +40… +42 gradus aralygynda yssy bolar.
Türkmenistan IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy