SIZDEN GELENLER

Täsin ösümlik “Weneranyň sallançagy”

Ösümlik dünýäsinde täsin gülli ösümlikleriň biri-de anguloýadyr.Bu ösümligiň ylmy ady bolup halk arasynda  köplenç Weneranyň sallançagy diýýärler. Anguloýa (latynça  Anguloa)– Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk otjumak ösümlik bolup, Günorta Amerikanyň Wenesuella, Kolumbiýa, Ekwador we Peru sebitlerinde  giňden ýaýrandyr. Tebigatda anguloýanyň 9 sany görnüşiniň hem-de 5 sany gibridiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alyndy. Bu ösümlige “anguloýa” diýlen ylmy ady 1794-nji ýylda ispan botanikleri I.Ruis Lopes we H.Pawon peruda ýaşap geçen syýahatçy Fransisko de Angulonyň hormatyna dakýarlar .Weneranyň sallançagy atly täsin ösümlik özüniň açyk reňki we daşky görnüşi boýunça has owadan bolup ösýän ýerlerine bezeg berýär. Çygly ýerlerde bu ösümlik bezeg hökmünde hem ösdürmäge amatly bolýar.

Çalajyk şemal bolan ýagdaýynda Weneranyň sallançagy ösümligiň  güljagazlary edil sallançak ýaly gymyldap başlaýarlar. Şonuň üçin halk arasynda bu ösümlik “Sallançak orhideýasy”, “Weneranyň sallançagy”, “Sallançakdaky bäbejik” ýaly atlar bilen bellidir. Käbir çeşmelerde ösümlik  “orhideýa çigildemi” diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi onuň gül ýapraklary edil çigildemiň gül ýapraklary ýaly biri-birine örän jebis ýerleşendir.

Weneranyň sallançagy (Anguloýa)-litofit (grekçe “litos”-daş, “ fiton”-ösümlik), ýagny daşly ýerlerde ösmegi halaýan ösümlikdir.  Tebigatda bu orhideýa ösümlik bilen örtülen belent gerişlerde köp duş gelýär. Has köp ýaýran ýeri-de And daglarynyň 1800-2500 metr aralygyndaky beýikligidir. Bu ösümligiň kökleriniň çyglylyga bolan talaby gaty güýçlidir. Howa gurak bolan döwürde ol eýýäm ýapragyny döküp ugraýar.

Ogulnur MUHANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň  talyby

 

Türkmenistanda daşary ýurtly syýahatçylary bellige almak

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti