SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pandemiýa 9 adamy milliarder etdi

Koronawirus pandemiýasy döräli bäri, “COVID-19” sanjymlaryny öndürýän derman öndürýän kompaniýalaryň girdejileriniň köpelmegi bilen 9 adam milliarder boldy. Bu barada “Oxfam” kompaniýasy habar berýär.

 

Bu sanawda öňdeligi “Moderna” kompaniýaysnyň baş müdiri Stefan Bansel eýeledi, onuň emlägi 4,3 milliard dollara deň boldy. Ikinji orny bolsa 4 milliardlyk emlägi bilen german “BioNTech” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ugur Şahin eýeledi.

Beýleki täze milliarderleriň sanawy şeýle:

  • immunolog we “Modernanyň” maýa goýujysy Timoti Springer (2,2 milliard dollar);
  • “Moderna” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Nubar Afeýan (1,9 milliard dollar);
  • “Modernanyň” sanjymlary üçin gaplary ýasaýan “ROVI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huan Lopez-Belmonte (1.8 milliard dollar);
  • “Moderna” kompaniýasynyň alymy we maýa goýujy Robert Langer (1,6 milliard dollar);
  • Hytaýyň “CanSino Biologics” derman kärhanasynyň esaslandyryjysy we baş alymy Çžu Tao (1,3 milliard dollar);
  • Hytaýyň “CanSino Biologics” kärhanasynyň esaslandyryjysy we uly wise-prezidenti Sýu dunsu (1,2 milliard dollar);
  • Hytaýyň “CanSino Biologics” kärhanasynyň esaslandyryjysy we uly wise-prezidenti Mao Huaýhua (1 milliard dollar).

Umuman, bu milliarderleriň umumy emlägi 19.3 milliard dollara deňdir. Bu pul möçberinin pes girdejili ýurtlarda takmynan 780 million adama sanjym etmek üçin ýeterlik boljakdygy aýdylýar.

«Buýan» obasenagat toplumy: möhüm kärhana boýunça bäsleşik

 

 

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri