SIZDEN GELENLER

Zeýtun ýagynyň peýdasy

Zeýtun ýagy adamyň sagly üçin örän gymmatly bolan önümleriň biri hasaplanylýar. Bu ýag saglygy dikeltmekde ir döwürlerden bäri peýdalanylyp gelnipdir. Şonuň bilen birlikde ony gözellik maksatlary üçin hem giňden ulanypdyrlar.

Zeýtun ýagy adamyň organizminde ýüz göterim özleşip bilýändir. Ol adamyň saçynyň we hamynyň düzümini gözelleşdirýär. Semizlikden ejir çekýän adamlar üçin bu ýag örän ähmiýetlidir. Zeýtun ýagynyň düzüminde oleon kislotasy bardyr. Şonuň üçin hem ony berhiz saklaýan adamlar özleriniň gündelik iýmitinde ulanmaklyk peýdaly bolar diýip, lukmanlar maslahat berýärler.

Bedende bolup geçýän madda alyş-çalşygyny kadaly derejede saklamakda zeýtun ýagynyň örän uly orny bardyr.

Adamyň saglygy üçin ýokary derejede peýdaly bolan zeýtun ýagynyň başgada birnäçe bejergi häsiýetleri bardyr. Ol holestriniň derejesini peseldýär hem-de ýürek – damar keselleriniň we süýjüligiň öňüni almakda örän netijeli hasaplanylýar. Mundan başga hem ol sowuklamanyň garşysyna göreşmekde has-da peýdalydyr.

Zeýtun ýagynyň düzüminde linolin kislotasy we A, D, E, K witaminleri bardyr.

Zeýtun ýagy iýmit siňdiriş ulgamynda, aşgazanda ýaranyň döremeginiň öňüni almakda, adamyň immunitetini ýokarlandyrmakda, ýatkeşligi gowlandyrmaga, süňkleri berkitmekde, şikesleriň we ýaralaryň tiz bitmeginde hem-de gaharjaňlygyň öňüni almakda örän peýdaly bolan ýaglaryň biridir.

 

Atagaraýew Selim,

TOHU-nyň talyby

 

Ýewropada çäklendirmeler aýrylýar

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat