Belki-de şu wagta çenli sowgatly tankyt barada eşitmedik bolup bilersiňiz! Biz sowgatly tankydy yglan edýäris. Mälim bolşy ýaly, www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan esaslandyrylýan “Makul Sözlük” platformynda (www.makulsozluk.com ) 16.000 sany Iňlis dilindäki esasy söz Türkmen dilinde berilýär. Sözlük bazamyzda jemi 22.000-den gowrak Türkmen dilindäki söz bar.
Geliň ilki bilen Türkmen diliniň Düşündirişli Sözlügine laýyklykda “Tankyt” sözüniň manysyny okaýlyň!
TANKYT [tanky:t / taňky:t], at. 1. Birine ýada bir zada baha bermek üçin derňemek, ara alyp maslahatlaşmak. Edebi tankyt. 2. Kemçilikleri ýüze çykarmak üçin edilýän düýpli bellikler.
TANKYTÇY [tanky:tçy / taňky:tçy], at. 1. Biriniň edýän işini, hereketini, özüni alyp barşyny tankyt edýän adam. 2. Çeper eserlere tankydy göz bilen garaýan we baha berýän edebi işgär.
TANKYTÇYSUMAK [tanky:tçysumok / taňky:tçy sumok], at. Bolgusyz tankytçy, zoraýakdan tankyt çy boljak bolýan adam. Garýagdynyň dosty tüýs gybatçydy, tankytçysumakdy (A. Kowusow).
Biziň pikrimizçe “tankyt” birini ýamanlamak ýa-da ýamanlyk etmek, masgaralamak üçin däl-de, aslynda bar bolan “kemterlik” ýagdaýyny düzeltmek üçin edilse, “hakyky tankyt” bolýar. Howa bu biziň pikrimiz, we bu pikir “tankyta” açyk!
Geleýliň indi “Sowgatly Tankyt” bäsleşigimiz baradaky söhbetimize!
Bäsleşige gatnaşmak üçin www.makulsozluk.com saýtyndaky Türkmen dilindäki we Iňlis dilindäki sözleri ýeke-ýeke barlap görüň we ol ýerden ýalňyşlary tapyň. Sözlüge offline, ýagny Internet bolmazdan hem işleýän Makul Sözlük Applikasiýasyny şu ýere basyp ýükläp gatnaşyp bilersiňiz!
“Makul Sözlük” platformyndaky jemi 38.000-den gowrak sözi birnäçe gezek gözden geçirildi we bar bolan ýalňyşlyklary aradan aýyrdyk. Emma muňa garamazdan bazamyzda bar bolan sözlerimizde käbir harp ýalňyşlary ýaly ýalňyşlar bar bolup biler.
Şol sebäpli biz sowgatly tankyt bäsleşigini yglan edýäris. Bäsleşigiň şerti aňsat we Iňlis dilini we Türkmen dilini gowy bilýänler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşanlar “Makul Sözlükdäki” sözlerden ýalňyşlyklary tapmak üçin synanyşmaly!
“Dogry” ýalňyşy tapaýlyň!
Bäsleşige diňe 100 sany ýalňyş tapan okyjylarymyz gatnaşyp bilýär. Biz bazamyzdaky sözler üçin harp, otyr ýaly ýalňyşlary hem goşmak bilen 100 ýalňyşyň ýokdygyna ynanýarys. Bu bäsleşigiň esasy maksady hem, ähli ýalňyşlardan azat sözlük emele getirmek! Biz bäsleşige gatnaşanlaryň hem sowgat gazanmak üçin bäsleşige gatnaşmajakdygyna we pul gazanmak maksady bilen esaslandyrylmadyk “Makul Sözlük” platformyna goşant goşmak üçin gatnaşýandygyna ynanýarys.
Baýraklar
100 sany ýalňyşdan-200 sany ýalňyşa çenli her bir ýalňyş üçin eger ol ýalňyş harp, otur ýalňyşy bolsa 5 teňňe, söz ýalňyşy bolsa, 15 teňňe!
Mysal üçin : 140 sany ýalňyş tapylsa, ol ýalňyşlardan 50 sany harp, 90 sanysy söz ýalňyşy bolsa, onda baýrak (50 x5)+(90×15)=250+1350=1700 teňňe ýagny, 17 manat
200 sany ýalňyşdan -300 sany ýalňyşa çenli her bir ýalňyş üçin eger ol ýalňyş harp, otur ýalňyşy bolsa 10 teňňe, söz ýalňyşy bolsa, 20 teňňe!
Mysal üçin : 260 ýalňyş tapylsa, ol ýalňyşlardan 100 sanysy harp, 160 sany söz ýalňyşy bolsa, onda, (100×10)+(160×20)=1000+3200=4200 teňňe ýagny, 42 manat
300 sany ýalňyşdan-400 sany ýalňyşa çenli her bir ýalňyş üçin eger ol ýalňyş harp, otur ýalňyşy bolsa 15 teňňe, söz ýalňyşy bolsa, 25 teňňe!
Mysal üçin : 380 ýalňyş tapylsa, ol ýalňyşlardan 100 sanysy harp, 280 sany söz ýalňyşy bolsa, onda, (100×15)+(280×25)=1500+7000=8500 teňňe ýagny, 85 manat
400 sany ýalňyşdan ýokaryk ýalňyşlar üçin her bir ýalňyş üçin eger ol ýalňyş harp, otur ýalňyşy bolsa 25 teňňe, söz ýalňyşy bolsa, 50 teňňe!
Mysal üçin : 700 ýalňyş tapylsa, ol ýalňyşlardan 300 sanysy harp, 400 sany söz ýalňyşy bolsa, onda, (300×25)+(400×50)=7500+20000=27500 teňňe ýagny, 275 manat
Baýraklar 20-nji Maý 2021 senesinden 20-nji Iýun 2021 senesine çenli iň köp ýalňyş tapan 20 okyjymyza berilýär. Siz tapan “dogry” ýalňyşlaryňyzy Excell görnüşinde atawatanhabar@gmail.com salgysyna iberip bilersiňiz!
Bellik: Bu bäsleşige gatnaşyp, iň köp “dogry” ýalňyşy tapan 3 okyjymyza saýtymyz tarapyndan goşmaça baýrak gowşurylar. Baýragyň görnüşi we möçberi yglan edilmeýär, emma “Makul Sözlük” platformynyň has peýdaly bolmagyna goşan goşandyna öz minnetdarlygymyzy görkezýän baýrak bolar!
Sowgatly bäsleşikleriniň hemaýätkari Türkmen we Iňlis dillerinde gepleýän, ilkinji sesli Akylly sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy bolup durýar. (www.makulsozluk.com Applikasiýasyny ýükläp almak üçin şu ýere basyň)
Makul Sözlük Platforynda Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword sahypasy, çagalar üçin ýörite çekilen suratlary parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük, ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän Oýunly Sözlük, kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap , Iňlis dilinde iň köp ulanylýan 200 sany durnukly söz düzümlerini Türkmen we Iňlis dilindäki sözlemler bilen düşündirýän Phrasal verbs, Iňlis dilindäki 100-den gowrak nädogry işlikleri 3 görnüşde terjimeleri bilen berýän Irregular verbs kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar. Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.
Habarlardan ilkinji bolup habarly bolmak üçin Atavatan Applikasiýamyzy şu ýere basyp ýükläp alyň!