Şenbe güni gijara ýygnakdan çykyp öýe barýardym. — Şahyr Kasym Nurbadow ýogalaýypdyr-da, eşitdiňizmi? — diýip, ýolugra eşiden ajy habaryma birbada ynanjagymy-ynanmajagymy bilmedim. «Bu gün göreniň ertir ýok diýleni», toba.Ýalan bolaýmasyn — diýip ör-gökden geldim. Birhili başym aýlanyp kelläm agyrýan ýaly boldy. Maňlaýymy tutup, azajyk sägindim welin, gürleşip gelýän kärdeşim: — Ynamdar adamdan eşitdim, ýöne aýdyşyňyz ýaly belki, ýalan bolsun-da gelneje. Kasym aga gowy şahyrlarymyzyň biridi — diýip gynanç bilen gümansyratdy. Öz ýanymdan anyklaýsammykam — diýip içimi gepletdim. Ýan depderçämiň birinji sahypasynda Kasym aganyň el telefon belgisi ýazylgy dur. Jaň edip göräýsemmikäm, belki, jaňy alar, ýa dogrudan-da şol habar çynmyka … Garaz telim pikir öwrüp eşiden habarymy ýagşa ýorjak boldum. Sebäbi onuň bilen bir hepdelikde-de jaňlaşypdym. Şol gün aşhanada günortanlyk nahar edinip otyrdym. Birden telefonyma jaň geldi. Jaňy alsam saglyk-amanlyk soraşdy-da: — Akgül, men Kasym agaň, gürleşmäge wagtyň barmy, päsgel beremok gerek? — diýdi. Ýok-ýok, arkaýyn aýdyberiň, Kasym aga. Öý-içeriler saglyk-gurgunlykmy, birhili sesiňiz üýtgäpdir welin, tanamandyryn bagyşlaň, ýaramajak bolýaňyzmy?— diýdim. — Hawa, biraz dümewläýdim öýdýän. Wagtyňy almaýyn, häzir okuwçylarymyň biri ýanyňyza barar. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda Hudaýberdi Durdyýew barada ýazan makalaňyz çykypdyr şony ugradýan. Okadym, gowy bolupdyr. Eşitmedik maglumatlarym bar eken. Nesip bolsa, makalaňyzda ýatlanan ulamalar hakynda-da geljekde ýazmaly. Belki, şo žurnaldan alyp bilen däl bolmagyň mümkin, ýany bilen men barada ýazan makalaňyz çap bolan «Balkan» gazetinem iberýän. Aşak düşüp alaýarsyň, saglykda görşeli — diýip hoşlaşdy. Onuň haşlap dem alyp duran sesinden gatyrak ýaramaýandygy şonda-da bildirip durdy.
Ol söze, sungata, döredijilige uly sarpa goýýan halypady. Işleýän ýerim ýaşlar neşirleri bolansoň, onuň bilen çagalar dynç alyş merkezlerinde, paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde guralan döredijilik duşuşyklara telim gezek gatnaşypdyk. Bir gezek Gökderede dynç alýan çagalaryň arasynda guralýan duşuşyga gitmeli bolduk. Oglumyň kiçi synp okuwçysy döwrüdi, ýeke özüni öýde goýmaýyn hemem gyzykly duşuşyklary görsün — diýip ýanym bilen äkitdim. Duşuşykda Kasym aganyň okan goşgularyny, aýdyp beren tapmaçalaryny zalda oturan çagalar şeýlebir gyzgyn garşyladylar. Eljagazlaryny galdyryp tapmaçalaryň jogaplaryny aýdyp, çagalaryň şowhun bolup oturan keşpleri häzirem göz öňümde. Çäre tamamlanandan soň, öýe gaýtdyk. Oglum känbir goşga gyzyklanyp ýörenem däldi. Geň galdym, ol: «Eje, Kasym aganyň tapmaçaly kitabyny okajak, maňa-da alyp beräý-dä!» diýip, iki günläp halys günüme goýmady. Onsoň sorap-idäp Kasym aganyň telefon belgisini tapdym. Jaň edip ýagdaýy düşündirdim. Iki sany tapmaçaly kitapçasyny iş ýerime iberipdir. Oglumyň kitap okamaga höwesiniň artmagy megerem, şol kitapçalardan soň başlandy öýdýän diýip pikir edýän.
Arada «Dünýä edebiýaty» žurnaly üçin çagalar edebiýatynyň terjimeçiligi barada söhbetdeşlik taýýarlamak üçin Kasym aga bilen gürrüňdeş bolduk. Kän zatlar gürrüň berdi. Halypa-halypa bolýar, olardan öwrenmeli zatlar köp. Nesip bolsa, söhbetdeşligimiz žurnalda çap bolar, ýöne özüniň okap baha berip bilmändigine gynanýan. Ýogsa jaň edip: «Söhbetdeşligimiz üçin, gaýrat edip suratlaryňyzy iberseňiz! Suratçy ugratmaly däl bolsa arkaýyn bolaýjak» diýip aýtdym. Birki günden: «Žurnalyň baş redaktorynyň orunbasaryna suratlarymy oglum gowşurandyr, arkaýyn bol. Aladaçyldygyňy bilemsoň, eglemän iberdim» diýip jaň etdi. Söhbetdeşligi taýýarlaýan wagtym onuň iş ýeri bolan paýtagtymyzdaky Binagärlik-gurluşyk orta hünär okuw mekdebine bardym. Şol ýerde mugallym bolup işleýärdi. Ol şonda mekdepde öz döreden Magtymguly muzeýine aýlady. Okuwçylar bolup guran gezelenjimizde Kasym aga muzeýdäki gymmatlyklaryň her haýsy barada gyzykly gürrüňler berdi. «Nesip bolsa Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine düýplüräk işler etmekçi. Bu muzeýi baýlaşdyrmak üçin bütin ömrüme halk arasyndan toplan gymmatlyklarymy şeýle-de maşgala mirasymyza degişli gymmatlyklary, hemem özüme berlen sowgatlyklary jemledim. Ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýeti ýitmejek miras bular. Bilýänlerimi okuwçylaryma irginsiz öwredýän» diýip, ol ýerdäki käbir suratlaryň taryhy bilen bagly, sowgatlyklar hakynda gürrüň berdi. «Ýakyn wagtda kitabym çykmaly» diýdi. Içimden ýene bir gün pugtaja diňläp, bular barada-da bir zatlar ýazaryn — diýip, maksat edinip baran esasy pikirim bilen boldum. Ozal köpimiz ony diňe çagalar üçin ýazýan goşgularynyň üsti bilen tanamyzsoň, känbir döredijiliginiň başga ugurlary tarapyndan içgin gyzyklanmandyrys. Onuň ylmy ugurdan işlän halypalar hakynda-da kän zatlar bilýändigine ýaňy-ýakynda göz ýetirip başladym. Öňräk oňa jaň edip: — Kasym aga, edebiýatçy alym Aşyrpur Meredow bilen sizem garyndaşyrak bolmaly. Bir mahal ol ýogalanda aýatynda oturanlar maňa onuň ýakyn hossarlarynyň biridir öýtdülermi, bir daýza: «Balam, dünýeden perzentsiz ötdi diýmesek, Aşyrpur aganyň abraýynyňam, ýaşynyňam kemi ýok. Tebigatyň kanunydyr bu. Jaýy jennetden bolsun, giňräk boluň!» diýip egnimden sypap, göwünlik berdi. Men welin şol wagt onuň ýaşy hakynda-da, perzentsizligi hakynda-da pikir edemokdym. Diňe türkmeniň öte sowatly zehinleriniň ýene biriniň aramyzdan gidenine gynanyp otyrdym. Şonda Aşyrpur aganyň aýaly Tamara gelneje onuň guburynyň baş ujunda goýuljak ýadygärlik ýazga: «Bir gerdeniňde Azady, bir gerdeniňde Pyragy, alymsyň Aşyrpur! diýen ýazgy goýdurjak — diýipdi. Şol barada nämeler bilýäňiz, Tamara gelneje häzir aýatda barmy? — diýip soradym. Tamara gelnejemiz ýogaldy, pahyr, ýöne ol ýazgy barada sizden eşidip durşum — diýdi-de, görnükli alymlaryň bir toparynyň atlaryny aýtdy. Eliň degse ýörite oturaly şolar hakynda kän zatlar gürrüň berjek, telefonda diňläp ýazardan çylşyrymly söhbet. Olaryň käbirleri bilen bile düşen suratlarym bar, her haýsy barada bir makalalyk söhbet edip boljak — diýdi. Soňra-da: — Häzir nämeler ýazýaň? diýip gyzyklandy. «Dünýä edebiýaty» žurnaly üçin köptaraply zehinli alym Zylyha Muhammedowa barada bile işleşen alymlary bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik taýýarladym. Erte-birgün tabşyrjak — diýdim. Ol: — Waheý, aýdan bolsaň men ol barada kän zatlar aýdardym, onuň bilen bir döwürde kärdeşler bolup bile düşen suratymyzam arhiwimde bolmaly. Zyýany ýok, soň bir gün ol hakynda-da aýratyn makala taýýarlaýarys — diýdi.
Ol iş ýerimiz bolan «Güneş» žurnalymyzyň redaksiýasyna-da goşgularyny, ertekilerini alyp ýygy-ýygydan gelýärdi. Soňky gezek geleninde: — Baş redaktoryňyz ýerindemikä, görüp bolmazmyka? — diýdi. Ýygnaga gitmedik bolsa, ýaňyja-ha bardy, baryp göräýiň! — diýip iş otagyny salgy berdik. Az wagtdan ol şeýlebir keýpi kök geldi. — Adamkärçilikli gaty gowy başlygyňyz bar eken. «Kasym aga, ýazýan zatlaryňyzy getirip duruň! Siz çagalaryň söýgüli şahyrlarynyň biri ahyry, şeýdip žurnalymyzyň gyzykly çykmagynyň aladasyny edip, ýardam berýäniňiz üçin köp sagboluň!» — diýdi— diýip monça bolup geldi. Şonda onuň haýsy goşgyma üýtgetme girizseňiz arkaýyn düzedäýiň! diýip, ylalaşyp durşuna haýran galdyk. Ýogsa ol: — Kasym aga, goşgularyňyzyň ýekeje setirini üýtgetsek bolmazmy? — diýilende:—Haýsy goşgum göwnüňize ýarasa alyň, setirini üýtgetjek goşgymy çap etmän yzyna beräýiň. Goşgularymda kapiýalar «yş», «iş» diýen owaz bilen eşidilýän, aýratyn ýazyş usulym bar— diýip, goşgusyny bölümden alyp giden pursadynyň şaýady bolupdym.
Kasym aga hakynda aýdara gürrüň az däl, ýöne olar indi ýatlamalara öwrüldi. Ol halkymyz üçin hyzmat bitiren halypalaryň biri. Dünýä belli çagalar şahyrlarynyň ýüz töwereginiň eserlerini terjime edipdir. Şolaryň arasynda meşhur rus çagalar şahyrlary S.Mihalkowyň, S.Marşagyň, A.Bartonyň, W.Berestowyň, W.Stepanowyň, lak şahyry Nuratdin Ýusupowyň, täjik şahyry Ubaýd Rajabyň, iňlis şahyry Alan Milniň, moldowan şahyry Grigore Wiý erunyň, ýewreý şahyry Owseý Driziň, siriýaly şahyr Süleýman al-Isanyň, kubaly şahyr Mirta Agirräniň, afrikaly şahyr Mariýa Žanna Karonyň, eýranly şahyr Mustafa Rahmandustyň, çuwaş şahyry Mihail Sanieliň, belarus şahyry Iwan Muraweýkonyň, azerbaýjan şahyry Hikmet Ziýanyň, saha (ýakut) şahyr Iwan Migalkiniň, tatar şahyry Şöwket Galiýewiň, gazak şahyry Äkim Yskagyň, özbek şahyry Barot Isroiliň, garagalpak şahyry Halmyrat Saparowyň we beýlekileriň şahyrana eserleri bar. Olaryň köp goşgulary, poemalary, şygyr bilen ýazylan ertekidir matallary dürli ýyllarda neşir edilen «Täsin agaç», «Topragyň ysy», «Çopan Rabadan» ýaly ýygyndylaryň, dürli ýyllarda neşir edilen gazet-žurnallaryň üsti bilen ýaş okyjylara ýetirildi. Ol: — şahyr Mämmet Seýidowyň çagalar üçin ýazan goşgulary aýratyn täsir edensoň, şol goşgularda öz aýtjak bolýan zadymy göremsoň, olary okap, olardan öz sesimi eşidemsoň, köplenç Mämmet aganyň çagalar üçin kitaplaryny elimden aýyrmadym. Şonuň üçin, Mämmet Seýidowy halypam diýip çekinmän aýdyp bilýärin. Onuň bilen ilkinji döredijilik gatnaşygymyz şeýle başlandy. Uniwersitetiň soňky kursunda okaýarkam, ýaş ýazyjylaryň maslahatyna ýygyndymy hödürläpdim. Ony Mämmet aga okapdyr hem belliklerini edipdir. Golýazmany häzire çenli şahsy arhiwimde saklaýaryn. Onuň daş ýüzünde Mämmet aganyň owadan haty bilen «Yhlasly dowam etse, şu oglandan çagalar şahyry çykmagy mümkin» diýip, ýazan sözlerini şu günler okasam hem maňa ol halypalyk ýoluny salgy berip dur. Şu zatlary diýmek bilen, şahyrçylykda halypa-şägirtlik diýen zadyň ýönekeý bir zat däldigini aýtjak bolýaryn…diýip gürrüň beripdi.
Uniwersiteti tamamlap, ol on ýyllap obasy Garadepedäki 10-njy orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Çeper döredijilik gurnaklaryny gurap, okuwçylarynyň edebiýata höwes bildirýänlerini döredijilige çekýär. Ýusup we Seýitmämmet Hydyrowlar, Rejepguly Amangeldiýew, Allanazar Aýnazarow…onuň ýetişdiren şägirtleri. Ol: — Her ýylyň ýazky dynç alyş möwsüminde geçirilmek däbe öwrülen Halkara çagalar kitap hepdeliklerine segseninji ýyllarda yzygiderli gatnaşdym. Russiýada, Belarusda, Ukrainada, Estoniýada, Litwada, Dagystanda geçirilen şolar ýaly hepdeliklere köplenç meşhur çagalar şahyrlary Nury Baýramow, Gurban Çöliýew dagy bilen bile gatnaşmak miýesser etdi. Doganlyk halklaryň çagalarynyň öňünde öz goşgularymyzy okap çykyş ederdik, döredijilik duşuşyklaryny geçirerdik, şeýle duşuşyklaryň hiç biri-de ýatdan çykanok. Şwesiýada, Owganystanda Magtymgulynyň günlerini geçirmäge gatnaşdyk. Şol ýerlerde ýaşaýan türkmenler bilen bolan duşuşyklar, olaryň akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan gyzyklanmalary, ata Watanlaryna bolan çäksiz söýgüleri baradaky söhbetleri Magtymgulynyň döredijiligine, dogduk Diýaryma bolan söýgimi, buýsanjymy has-da artdyrdy— diýipdi. Maşgala durmuşy barada soranymda bolsa ynha şeýle jogap beripdi.
—«Gol doly maşgalam bar» diýip başlanýan goşgumda: «Üç oglum bar, üç gyzym, Olar ýitmejek yzym…» diýşim ýaly, bu soraga-da «Ýetmiş» atly goşgymyň soňky setirleri bilen jogap berjek bolaýyn:
Perzentlerden diňe gowluklar görüp,
Olardan agtyk hem çowluklar görüp,
Bu adam şolara gujagyn gerip,
Bagt kölün boýlamyş, eşrete batmyş.
Esasy zat, – bu barlykda ýaşadýan,
Ýetmişe ýetseň-de, seni ýaş edýän,
Ýanýoldaşyň, – gujak gerip, guş edýän,
Şoldur ýollaryňa bagt paýyn seçmiş!
…Heý, onsoň, garrylyk boljakmy –
Ýetmiş?! — diýipdi.
Onuň ogly Mekandan başga maşgala agzalarynyň hiç birini tanamok, Öýleriniň nirededini-de heniz bilemok, ýöne näme üçindir Kasym aga ýogalan gününiň ertesi gije onuň maşgala ojagy düýşüme giripdir. Olaryň öýlerinde otyryn. Kasym aga daşy almaly suratlyja akja noutbuk kompýuteri elime berdi-de: «Içinde hemme zat ýazylgydyr» diýip tabşyrdy. Soňra-da saçak başynda otyrys welin, ol içi şänikli mejimäni görkezip: «Şäniklerdenem iýip gör-dä» diýdi. Kasym aga, şänik döwmek üçin çekiç gerek, düňküldäp şänik döwüp oturmaýyn, diýdim. Ol: «Munuň üçin çekiç gerek däl, ynha seret» diýip, şänigiň gyrajygyny eli bilen çekýär welin, maňzy görnüp dur. Geň galyp:— Kasym aga siz maňa şänigi aňsatja döwmegi öwretdiňiz — diýip sag bolsun aýdýan. Soň ol bir mahal gyşyň güni mekdepde geçirilen duşuşyga gatnaşanymyzda geýip baran gara paltosyny, ak reňkli başgabyny geýinip öýden çykyp gitdi. Derwezesi demir gözenekler bilen haşamlanan ak mermerden gurlan howlularynyň içinde: «Bularyň öýlerine häzir myhman gelmelidir, güýjümiň ýetdiginden kömek edeýin» diýip, derwezeleriniň gyrasyndan syrygan ýagyşyň poslanja yzlaryny esgi bilen süpürişdirýärmişim. Özümem gaty ýadaw. Birdenem ukudan oýandym. Nämä ýorjagymy bilmän iki-üç gün oýlanyp gezdim. Ahyrynda-da bilýän doga-dileglerimi sanap, pikirimi kagyza geçirdim.
Hawa, ynsan ömri düýşde-de, huşda-da ýatlamalardan doly. Olar hemişe oýlandyrýar. Hiç bir zat ömürlik däl. Diňe halk üçin bitirilen işler, birek-biregiň kalbynda galdyrylan ýakymly ýatlamalar galýar. Zehinli şahyrymyz, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Kasym Nurbadow hem öz ömrüni ýakymly ýatlamalar bilen bezäp gitdi. Onuň at-abraýy, ýurdumyz üçin bitiren işleri il sylagly döwletli ojagyna miras galdy. Döwleti yzyna ornasyn! Imanyň hemra, jaýyň jennet bolsun halypam!
Akgül SAPAROWA