Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär.
“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyşy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Şu ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň bio- hem-de biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň Interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlanylan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy.
Halkara forumy ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.
Umumy mejlisde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologiýa, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, synag-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça düýpli barlaglar geçirilýär.
Şu gün Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Innowasion ykdysadyýet – ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” diýen ýörite üç bölümde hem-de bu bölümleriň mejlisleri Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dowam eder.