SIZDEN GELENLER

Duz we suw

Gadym döwürde Hindistanda bir garryja ussa şägirdi bilen bile ýaşapdyr. Okuwçysynyň hemişe zeýrenip ýörmegi gojanyň ýüregine düşüpdir. Ahyry bir gün ony duz almana iberipdir. Durmuşyndaky hemme zatdan nägile ýigit dolanyp gelende, ussa oňa aýasyny dolduryp duz atylan bir käse suwy içmegini tabşyrypdyr. Şägirdi gojanyň aýdanlaryny edipdir. Ýöne duzly suwy içen badyna tüýkürip başlapdyr.

— Tagamy nähili eken? — diýip ýaşuly gahar bilen sorapdyr. Ýigit:

— Ajy — diýip jogap beripdir.

Soňra ussa kömekçisiniň golundan tutup daşaryk çykarypdyr. Ony ýuwaşlyk bilen kölüň kenaryna getirip, bu gezek köle bir goşawuç duz atyp onuň suwny içmegi buýrupdyr. Aýdylanlary ýerine ýetiren agzynyň gyralaryndan suwy eli bilen süpürip duran şägirdine bir sorag beripdir:

— Munuň tagamy nähili?

— Jana ýakymly.

— Duzuň tagamyny duýmadyňmy?

— Ýok.

Soňra goja suwuň gyrasynda dyza çöküp oturan okuwçysynyň gapdalynda çöküp, şeýle diýipdir:

— Durmuşdaky görgüler duz ýalydyr ne az ne-de köpdir, mukdary deňdir. Şeýle-de bolsa, onuň möçberi nämäniň içine salynanlygyna baglydyr. Bu onuň özboluşly kanunyny ýöretýändigini aňlatýar. Ejir çekeniňde, agyry berýän zat hakda duýgularyňy giňeltmek gerek. Şonuň üçin suwy käseden içmegi bes edip, köl bolmaga synanyşmalydyr.

 

Taýýarlan Jahan ÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

                                                    hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

1 milliarddan gowrak koronawirus sanjymy edildi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi