23-nji aprelde bellenilýän ispan diliniň güni (ispan. Día del Idioma Español), Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň başlangyjy bilen Halkara seneler senenamasyna girizildi. 2010-njy ýylda bu bölüm Birleşen Milletler Guramasynyň alty resmi diliniň her biri üçin dynç alyş günlerini bellemek baradaky teklibi hem öňe sürdi. Şondan bäri Ispan dili güni her ýylyň 23-nji aprelde bütindünýäde bellenilip geçilýär. Bu sene beýik ispan ýazyjysy Migel de Serwantes Saavedranyň (1547-1616) ölümine bagyşlanýar.Häzirki wagtda Ispaniýanyň täsiri birnäçe ýurtda-da görünýär. Käbir çaklamalara görä, 450-500 million adam Ispaniýanyň özi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Meksika, Latyn we Günorta Amerika hem-de käbir Afrika döwletleriniň ýaşaýjylary ispan dilinde gürleýärler. Ispan Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Afrika Bileleşiginiň, Amerikan döwletleriniň guramasynyň resmi dilidir. Şonuň üçin Birleşen Milletler Guramasy ispan dili gününi bellemekde köp dilliligi we köp medeniýetliligi öňe sürýän başlangyçlary höweslendirmek ony goldamak we işgärleriň ispan diliniň taryhy, resmi dil hökmünde ulanylyşy barada habardarlygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Ispan dili gününde Birleşen Milletler Guramasynyň sekretariatynda dürli çäreler – milli ýerine ýetirijileriň konsertleri, sergiler, ýaryşlar, meşhur ylym sergileri şunuň bilen birlikde dil sapaklary hem geçirilýär.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.