JEMGYÝET

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dynç alşa açylýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hasabat berdi.

Ministr “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Keselleriň ýaýramagyna göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatdan görnüşi ýaly, 13-nji aprelde Balkan welaýatyna iş sapary guraldy. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň möhleti şu ýylyň 1-nji iýuny-15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenildi.

1-nji iýundan-15-nji iýun aralygynda bolsa, myhmanhanalary we kottejleri 50 göterim derejesinde peýdalanmak, dynç alyş möwsüminde ýüze çykýan meseleleri dessin çözmek üçin dolandyryş merkezini döretmek, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ilatyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guramaçyklyk gelip gitmeklerini üpjün etmek bilen bagly meseleleri öwrenmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynda bellenen nokatlaryndan suwuň, howanyň we topragyň barlaglaryny meýilnamalaýyn geçirmek hem-de barlaglaryň netijeleri boýunça hasabatlary toparyň mejlisinlerine yzygiderli maglumat bermek teklip edilýär.

Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökderedäki hem-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerindäki tomusky dynç alşy 2-nji iýun-26-njy awgust aralygy diýip kesgitlemek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazaryň kenarynda dynç almagyň şerti örän ýönekeý bolmagyny, her adam koronawirus garşy sanjymyny alandan soň şol ýerde arkaýyn dynç alyp biljekdigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň şäherlerindäki we welaýatlaryndaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerini hem möwsüme talabalaýyk taýýarlamalydygyny belläp, şol merkezleriň işgärlerine koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edip, bu ýerlerde arassaçylyk kadalaryna hem berjaý edilişini berk gözegçiligi ýola goýmalydygyny belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz dynç alyş ýerlerine we yzyna ulag gatnawlarynyň ýola goýulmagy, myhmanhanalar we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerini zerur bolan azyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegi, adamlaryň talabalaýyk dynç almaklary üçin konsertleriň we beýleki medeni çäreleriň guralmagy boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/makul-hyzmat-terjime-intellektual-telekecilik-baslangyclary/

 

GülÅŸirin Geldimyradowa: Ykbalyma baglanan owazlar – sungatymyň beýany

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy