BIZNES

Eksport mümkinçilikleri barada maksatnama

“Orlan” kompaniýasy “USAID” guramasynyň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek baradaky taslamasynyň goldamagynda “Handmade Export 2021” (“El işleriniň eksporty-2021”) atly ilkinji maksatnamasyny işe girizýär. Oňa Türkmenistanda halkara onlaýn söwda bilen meşgullanýan telekeçiler we senetçiler gatnaşyp bilerler.

Bu maksatnamanyň çäklerinde işewürlik ugurlaryňyzy kesgitlemek, bazarlary öwrenmek babatda degişli maglumatlary edinmek bolar. Şeýle hem täze telekeçilige başlan işewürler üçin öz täjirçilik işlerini ilerletmegä ýardam eder. Bu ugurda ökde hünärmenler öz täjirçilik ugurlary boýunça gymmatly tejribelerini paýlaşarlar.

“Etsy” ýa-da “eBay” ýaly global elektron söwda kanallary arkaly elde ýasalan zatlary satmak üçin täze mümkinçilikleri öwrenmäge şert döreder.

Bu maksatnama 3-nji maý-31-nji iýul aralygynda geçiriler. Maksatnamanyň ahyrynda iň gowy taslamalar we işjeň gatnaşan agzalar saýlanyp alnar.

Bu maksatnama ýazylmak: https://forms.gle/out6pCCQyzyLT3eD8

Iň soňky möhleti: 25-nji aprel 2021-nji ýyl, 18:00.

Habarlaşmak üçin: +993 63 59 79 90

training@orlan.org; training2@orlan.org

 

Serdar Berdimuhamedow täze wezipä saýlandy

Ýene-de okaň

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy

Türkmenistan “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 3-nji ykdysady forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer