Karolina Miber gündiz Çikago gidýän otlyda otyrka, onuň ýanynda krokodiliň derisi tymsalynda örtülen arzan çemodany hem-de onuň içinde nahar guýulan guty, otly petegi, Wan-Büren köçede ýaşaýan uýasynyň salgysy ýazylan kagyz bölegi we içinde 4 dollar bolan sary pul gapjygy bardy.
Bu waka 1889-njy ýylda bolupdy. Karolinanyň ýaňyja 18 ýaşy dolupdy. O düşbüje gyzdy,onda ýaşlyk we hyýalperwerligi bilen dolan utanjaňlygy bardy. Ol ene-atasyndan aýrylandan soň sähel zatlara gynansa-da, bu gynançlyk her halda onyň el çeken rahatlygy üçin däldi.
Ejesi ony iň soňky sapar ogşanda, gyzyň gözleri ýaşdan dolupdy, atasynyň gündeki işleýän degirmeniniň ýanyndan gürrüldi bilen geçende, onyň bogazy gaýnady, şäheriň tanyş ýaşyl kenarlary gözden gidende we ony öz öýlerine çenli mäkäm baglamadyk gatnaşyklar ebedilik kesilenden bäri bir ah gopdy.
Elbetde, o ýakyn stansiýalaryň birinde düşüp, öýe gaýdyp bilerdi. Her gün o ýere barýan otlylar we bütin ülke bilen bagly bolan uly şäher ýerleşerdi. Kolumbiýa şäherjigi hem o diýen uzak däldi, öz öýlerine hatda Çikagodan-da gaýtmak mümkin bolmasyn. Bir näçe ýüz mil, ýada bir näçe sagatmy, nämemi?
Karolina uýasynyň salgysy bolan kagyza göz aýlady, we ygtyýarsyz halda düşünmäne başlady. Ol uzak wagtlap garşysyndan tiz geçip giden ýaşyl landşaftlara syn etdi, soňra ilkinji ýoluň täsiri arka plana geçdi, olaryň ýerini otlynyň ötüp geçişi, Çikagonyň nähilidigi baradaky dumanly göz öňüne getirmeler tutdy.
18 ýaşly gyz öz öýlerini terk eden wagty ýa gowy ele düşer we hasam gowulaşar, ýa-da paýtagt şäherleriniň ahlak meselelerine we görüşlerini tiz şekilde alarlar we bozular. Bärde orta ýol ýokdur.
Uly şäher mekirler we hilegärlik bilen doly ýöne mikroskopik näçe kiçi bolsa-da, adamkärçilikli we mylakatly ýerdi. Ol ýerde inçe (aňrybaş) medeniýetli adamlary güýçli täsir galdyryjy güýji duýup bilýärler. Müňlerçe yşygyň güýçli titreýişi hiçde, söýgi doly gözleriň gözel parlaýyşyndan az täsir etmeýär. Hilesiz we sada ruh adamyň ahlagy başynda bolup, ondan asylly bolmaýan täsirler netijesinde bozular. Deňziň sesleri, ýaşaýşyň güýçli joşguny, ägirt uly ynsandaky iteşen agyry- bularyň hemmesi ynsany haýran eder, onuň duýgularynda garmagaryşyk we heýjan döreder. Näme bolsa-da, diňe ýalançylyklara ynanmazlyk diýip bolmaýar öz wagtynda pyşyrdap “Dykgat et’’ diýjek ýakyn maslahatçyň ýokka! Olar esasy hakykatyň ilkibada üstüni açmanka basyşy peseldi, olaryň gözelligi, saza meňzeşligi, soňra pikirini gowşatdy we ahyrynda aýdyň pikirleri tersine öwrüldi.
Karolina we Kerri uýa olary maşgalalarynda mähirliligi aýdyňlaşdyran akylly diýýärdiler, haçan-da olara garap, ýene-de synlap göreniňde. Onuň bar pikiri özüdi, beýle özüňi bilmeklik daşyndan kän bildirtmese-de onuň häsiýetiniň esasy tarapydy. Ýaşlyk arzuwlary güýçli alawlanardy, onda geçiş döwrüne mahsus sada bir kaşaňlyk bardy, goşmaça onuň söz beren wadasy geljeginiň bir mylaýym tegelek formasydy we tebigy gözleri ýiti parlaýardy- bir sözde ol Amerikanyň orta synpynda örän göreldeli bolupdy.
Okuw Kerrini birijigim gyzyklandyrmazdy- bilim älemi onuň özüne baglydy. Bilim älemi oňa 7 möhür ýaly gelýärdi. Ol entek düýbünden duýgurlyk bilen näz etmäniň nämedigini bilenokdy. Ol başyny yzyna çekip, oýnamaga-da ökde däldi, üznüksiz dowam edip bilenokdy, elleriniň hereketi gödek, onuň aýajyklary-da kiçijikdigine garamazdan, agyr degse-de şoňa islegi maýyldy, ol durmuşy söýüp ýaşamak üçin maddy eşretiniň nämededigini öwrenipdi.
Kerri uýa belli bolmadyk täsin bir şäherde bagtyny synamaga uly mertlik bilen çykan, bu şäheri belli bolmadyk ýeke-täk ýeňişli arzuwlaryna juda umyt baglapdy.
-Bu, Wiskonsin ştatynyň iň gözel kiçijik kurortynyň biridir- diýip onuň gulagynyň düýbüne kimdir biriniň sesi eşidildi.
-Şeýlemi?- diýip Kerri aljyraňly jogap berdi. Otly eýýäm Wokişa stansiýasyndan ýola düşdi. Kerri hälem arkasyndaky bir erkek kişiniň durandygyny gördi we onuň (güberlen) hüzzük saçlaryna seredenini duýupdy. Kerri bu adamynyň gyzyklananýandygyny, onuň ýerinde oňaýly oturup bilmändiginden aňypdy. Gyzyň sadalygy we duýgy edepliligi oňa gönükdirýärdi, bu adamyň ýanyna gelmegi bolmaz, uzakda galmagy gerekdir. Ýöne goňşusynyň täsin taryhy tejribeleri netijesinde gazanylan güýji üstün geldi. Kerride oňa jogap berdi.
Ol azajyk ellerini aýlap, Kerriniň oturan stolunyň üstünde goýdy-da, özüni ýagşy ýol ýoldaşy ýaly görkezmek islemek bilen gürleşmäge başlady;
-Hawa, bu ýerler gözel ýerlerdir!Çikagolylar bu ýerde dynç alýarlar, görýän welin siz bärlere tanyş däl ýaly-la?
-Ýok, tanyş- diýip Kerri jogap berdi. Has dogrusy men Kolumbiýa sitide ýaşaýaryn, bu ýerlerde köpden bäri bolmandym.
-Diýmek bu siziň Çikago birinji gezegiňizmi- diýip belläp geçdi.
Gürleşýän wagtlary Kerri çetjagaza seredenini duýman galdy. Onuň parlak gyrmyzy ýaňaklary, sary murty we çal fetr şlýapasy-da bardy. Kerri öwrülip onuň ýüzüne garady we özüni goraýan şekilde şeýle diýdi:
-Men size bu meniň birinji gezegim diýmedimä!
-A, şeýlemi, öteräk eşidäýdim öýdýän -diýdi-de ýalňyşan ýaly mylakatly ýylgyrdy.
Ol adam uly täjirçilik öýüniň tipiki kommiwoýažeridi. Ol wagtynyň düýpgöter mahsus bolan “depçileri” diýip atlandyrylýan adamlar.
Şol wagtlar has täze goňur reňkde, atanak ýüň penjeginden—soňra, ol ýönekeý iş edýän adamlaryň penjegine geçipdi. Ýeňsiz gursakçanyň döşünde krahmallanan köýnegiň ak we gyzylymtyl zonalary görünýärdi. Barmaklarynda birnäçe ýüzük parlaýardy we bularyň içinde, elbetde, möhürli ýüzik hem bardy. Ýeňsiz gursakçanyň jübisinde sagadyň altyn zynjyrjygy asylyp durdy, haçan-da jeton yraň atanda Los ordeni gizlenýärdi. Penjek onuň egninde syrlaşyp-gaýyşyp otyrdy. Geýimiň biri-birine meňzeýän tämizlenen açyk goňur aýakgaby hem-de ýumşak şlýapasy bardy.
Kerriniň üns bererlik ýagdaýynda bu nätanyş adam täsin görünse-de we oňa mazaly aňsatlyk bilen nazar salmasy özüniň äşgär etmeginiň peýdasynady.
Bilip bolmaz, birden dünýädäki adamlaryň köki üzülse-de,oňa görä-de men bärde olaryň üstünliksiz eden hileligini gönülemek islärin. Şüphesiz, gowy geýnüw kommiwoýazeriň (söwda agendi) esasy üstünligidi, onsuz ol- hiçkim. Soňrada ol hökmany tebigy, fiziki güýçli bolmagy, haçan-da aýallara bolan ýiti meýli – onuň esasy herekete getiriji güýji. Dünýäni eýelän meselelere we güýçlere laýyk her haýsy bir pikir
Onuň metody adatça örän sadady. Ozaly bilen batyrgaýlyk, delil-elbetde, güýçli duýgur islegi we ajaýyp näzenine täsin galdyrýar.
Haçan-da ýaş zenan bilen bolan duşuşykda ol onuň ýakyndan göwnüni tapjak boldy, emma welin haýyşyny ton bilen mälim edişi we köp halatlarda bolsa ol göwün tapyjylygyny ýüregi ýukalyk bilen kabul edýärdi.
Eger-de zenan islegini näzlilik bilen äşgär etse, ol özüniň bantigini düzetmäge rugsat berer, bellemeli zat, şol wagtyň özünde ony diňe atlandyrmaga başlady.
Uniwersal dükana girip, kommuwaýzer prilawka (dükana) söýendi we satyja birnäçe ugrukdyryjy soraglar berdi. Ol has abraýly adamlaryň toplanýan ýerlerinde, şeýle hem otlyda ýa garaşylýan zalda özüni seresaplylyk bilen alyp barýardy. Ýöne onuň gözýetiminde geçirimlilik peýda boldy, onuň pikiri boýunça, obýekt, ol ünsüni beýan etmekden saklandy we sypaýyçlykly, howanyň üstünde gürrüňi başlady, mylaýymlylyk bilen wagonyň gapysyny açdy, çemodany götermäge kömek etdi, egerde bu başa barmasa, ýakynlaşmana tagalla eder, tä otly gelýänçä…….(etmeli)
Ol kellesini ýassyga goýup, kitaby hödürledi, oturgyja aýagyny uzatdy, perdäni aşak goýberdide hemmeler hakynda pikirlenip ýetişdi. Barmaly ýerine baran soň , ol ýanyndaky ýoldaşynyň kynçylyk çekýän pursatynda yzyndan galyp onuň goşuny göterişýärdi. Zenandan kimdir birine zatlar hakynda ýazylaýjak ylmy eser “traktaty”gelip ýetdi. Ýaş bolmazdan zenan nädip diňe köýnek barada bilýär. Gymmat bahaly adam penjekleri, aýallar käbirlerini bellenen çäkden seredip haýsydyr bir zat ony gadyrly ýa-da gadyrsyz adam (erkek) edip etmeýändigi olaryň ünsünde bolýar. Aýratyn şahs bu araçägi gözden düşürip soňam onuň bakyşlaryna mynasyp däl.
Başga-da araçägi bar, haçan-da zenany özüniň eşikleri bilen erkegiňkini deňemegi mejbur edilse, we şeýle deňeşdirme birden Kerrini we onuň goňşusyny höweslendirdi. Ol duýdansyz olaryň deň gelmändigine düşündi. Onuň ýönekeý gök polatensasy, gara kagyzdan bezelen jähegi ony gynançly görkezdi. …ol başgaça görünýärdi, botinkasy gör nähili solupdyr.
—rugsat ediň, –onuň ýandaky dowam etdi,- men hamana siziň şäherjigiňizi köp bilýän ýaly göründim! Bolmanda “Morgenrote” taýýar eşikleri dükany, “Gibson” dokma matalar dükany…
— ýogsada? Kerri böldide, ol eýýäm howsalanyp, ýadyna salyp, agyr minutlary başdan geçirip, dükanlaryň witrinasynyň üstünde durup geçdi.
Ol duýýar, nädip açary ahyrsoňunda tapanyna ünsüni berip, oturandygyny duýýar. Birnäçe minutdan soňra ol onuň ýanyna ýerleşdi we taýýar köýnekleri satuwa çykarmakdaky bolan tussaglyk hakynda gürrüň açyljagyny özüçe kabul edipdi, özüniň jahankeşdeligine, Çikagodan hem-de şäher şagalaňlardan.
—Siz dynjyňyzy aldyňyzmy, siz ýenede Çikago gidersiňizmi. Ol ýerde siziň ýakynyňyz barmy?
— Men uýamy görmäne barýan,-diýip Kerri jogap berdi.
— siz hökman Linkoln parkyny we Miçigan bulwaryny seredip görmelisiňiz. –diýip ol aýtdy. Ine biz beýik ymaratyň ýanynda durus! Muny doly aýdanyňda ikinji Nýu-Ýork diýsegem bolar. Örän ajaýyp şäher! Bu ýerde näme diýseň bar! Teatrlar, örän köp mähelleli millet, owadan öýler. Size bu ýer diýseň ýarady!
Bularyň hemmesini göz öňüne getirip görseň, ol teswirlände Kerri birdenkä özüni tukat duýdy. Ol özüniň ejizdigi bilen bularyň barynam ajaýyplygy bilen deňeşdirýärdi, oňa tarap özüni bermedi. Onuň özüne birjede şatlygyň garaşmaýandygyna gaty gowy gözi ýetýärdi, o näme üçindir ol onuň hemrasy hakynda gürrüň berýär. Oňa adamyň gowy geýnüwliligi ýakymly täsir galdyrma bolupdy.
Ol özüniň ýylgyryşyny saklap bilenokdy, haçan-da ol atly aktrisalaň biri barada gürrüň berende, Kerri ony ýadyna düşürýädi. Kerri hiçde düýbünden akmak gyz bolmaly däl hem bularyň barysy onuň göwnüne ýaramak.
—Siz oňsoň Çikago bilen gyzyklanýaňyzmy,diýip ol gürrüňdeşliginiň dowamynda ondan sorady, indi hasam ýönekeý.
—Dogry, bilmedimdä, diýip Kerri ikirjiňlenip jogap berdi: gelip gitme ýaly, hamana Kerri bu ýerden iş tapmajak ýaly.
—Ýöne eýýäm herhili ýagdaýda näçe hepde bäri ýaşaýaňyz? – diýip onuň gözlerine siňe seredip sorady.
Ol bu gyzda parlak gözelligi bilen owaz eden göze ilmeýän owadanlygyň bardygyny aňdy. Kerri düşündi-de, bu adama gyzykly bolan zat bir nokada seredýän nazar- bu adatdan daşary zenany gorkuzýar we şol wagtyň özünde-de ýaşryn begenç peýda eder. Kerriniň hereketleri örän ýönekeýdi, bu ondan üstün çykardy, çyn duýgularyny saklamakda zenanlara kömek eden näz kereşme hilelerini entegem öwrenmedikdigindedi. Onuň hereketleri güýçli görünýärdi. Kerriniň akylly we tejribeli bir dosty bolsady, onuň özdiýenli seretmeginiň gowy däldigini oňa düşündirerdi.
—Bu sizi näme üçin gyzyklandyrýar?- diýip, Kerri sorady.
—Elbetde, meniň özim birnäçe hepde Çikagoda galmakçy. Men firmamyzyň zatlary bilen tanşyp, täze görnüşlerini alyp gitmeli. Şol wagtyň içinde men sizi şähere aýlap bilerdim.
— Ýagny diýjek bolýanym siziň bilen gidip biljegimi bilemok,sebäbi men uýamlarda ýaşajak we…
—Hä bolýa-da, eger uýaňyz muňa garşy bolsa biz munuň başga bir ýoluny tapyp bileris.
Ol jübüsine elini saldyda kiçijik bellikdepderçesini we galamyny çykaryp berdi, hamana olar biri- birleri bilen gürleşip razylaşan ýalylar.
-hä, siziň adresiňiz haýsy?
Kerri uýasynyň salgysy bolan kagyzjygy bar bolan gapjygyny gözlemäge durdy. Onuň ýol ýoldaşy elini jalbarynyň yzky jübüsine uzatdy we bir desse ýaşyl kagyz pul, bir uly kwitansiýa hatlar bardy. Kagyzlar Kerride täsin duýgy galdyrdy; bular ýaly hatda onuň tanyşlarynda-da bolmandy. Hawa elbetde, hatda Kerri tejribeli gelşikli şeýle hem aýratyn hukukly jahankeşdä duş gelmändi. Goňur ýalpyldyly aýakgaby, torbasy, nepis, täp-täzeje geýnüwli, kostýumy, her bir hereketinde we sözünde ynamly- bularyň hemmesinem dünýäniň ähli baýlygy bu adamy gurşap alan ýaly, göz öňünde janlandyrýardy. Şol sebäplerem Kerri hemmelere hoşamaý garamaga taýýarlanýardy, sebäbi Drue heniz hödürlemänkä.
Drue gapjygyndan firmanyň litografirlenen usulda owadan wiza kartyny çykardy: « Bartlet, Kari we K°» arka we çep burçynda: «Çarlz Drue». Goşulan.
—Ine bu men,- diýdi-de, Kerrä kartyny uzadyp, arkasynda ýazylan öz adyny we familýasyny görkezdi.—«Drue» diýdi.
Drue gapjygyny jübüsine salýança, Kerri kartyna seredip durdy. Drue penjeginiň goltuk jübüsinden bir desse hat çykardy, olardan gapdaly suratdan owadanlanan birini alyp:
—Bu jaý biziň firmamyzyň ýerleşýän ýeridir. Steýt we Leýk strit köçäniň ugrundadyr.
Drueniň sesinde buýsanç duýulýardy. Beýle firmalarda işlemek gulluk etmek ýaly birzat däldi, gyza muny duýdurjak bolupdy.
—Bu siziň salgyňyzmy? Ol täzeden sorap ýazmaga durdy.
Kerri Miber ýuwaşlyk bilen dillendi:
—Wan- Býuren strit, günbatar ýerdäki 354 nji öý, Ganson menzili.
Drue adresi ykjam edip ýazdy, ýene-de gapjygyny çykardy we bellik depderçesini içine ýygşyryp goýdy.
— Men duşenbe güni agşamara barsam, sizi öýde tapyp bilerinmi? Diýip soraşdyrdy.
—Taparsyňyzmykaňyza diýýän- diýip Kerri jogap berdi.
Sözleriň jümlesinde pikirleriň solgun bir kölegesiniň bolmagy dogrudyr. Sözler biziň bilmeýän uly duýgularymyzy we arzuwlarymyzy birleşdirýän bir kiçijik halkadyr.
Ine-de, bu ýerdäki küpede iki adam biri-birine ähmiýetsiz jümleler aýdyp, biri pul gapjygyny,beýlekisi sumkasyny çykaryp wizasyna sereder we hersi duýgularynyň beýlekiler üçin nähili garaňkydygyna düşünmezler. Ne oňa ne-de muňa tanamaga o diýen parasatly däldiler. Häzir kellede diňe söhbetdeşlik bardy. Drue häzirem gyzy öz toruna salyp salmajagyndan ynamly däldi. Kerri bolsa ony näme biynjalyk edýändigine düşünenokdy, entek ol salgysynda doly ynamly däldi. Diňe şol wagt Kerri nämä-nämeden boýun bolanyna aňşyrgady, Drue bolsa özüniň ýeňiş gazananyna göz ýetirdi. Ikisine-de aralarynda nämeleriň bolup geçýändigi düşünikli boldy. Drue gürrüňi Kerriň islegine çenäp dowam etdirdi. Ol biderek gürläp geçirýärdi. Kerri bolsa ony pikirsiz diňleýärdi.
Olar Çikago ýakynlaşdylar. Signal yşyklary ýanyp sönýärdi. Garşysyndan gelýän küpeler geçip gidýärdi. Yzy üzülmeýän signallar düz we giň sähralaryň içinden geçip uly şähere tarap setirlenýärdi. Uzakdan şäheriň sudury görünüp, fabrigiň turbalary asmana uzaýardy.
Tiz-tizden iki gatly agaçdan jaýlar açyk meýdan, howp salmaýan agyllar, ýakyn obalar görnüp başlady.
Çagalar, adamlara zehinliler we bärdäkiler, hiç wagt syýahat etmedik jahankeşdeler şol wagt ägirt uly şähere ýakynlaşdyklaryça täsin galýarlar. Esasan hem agşam gizlin çagy bütin janly älemiň başga bir ýagdaýa öwrülmegi, tümlik bilen ýagtylygyň arasynda gidip duran göreşiň hem has güýçlenmegine täsir eder. Eh, bu ýakynlaşan gijäniň wadalary! Ýadaw halyndaky adama gije gör nähili köp zatlar aýtdy! Kerri näçe gezek dagy umytlaryny we hyýallaryny janlandyrmak isledi! Ýadan zähmetkeş zenanyň ýüregi diýer: “Nesip bolsa, men tizden erkin bolaryn! Men şadyýan mähellä goşularyn, hem-de olar bilen birlikde menem şatlanaryn. Köçeler, fanarlar, yşyklandyrlan we günortanlyk äberilen stolly, ýagty otaglar – bularyň hemmesi meniň üçin! Teatrlar, zallar, üýşmeleňler, dynç almaga gidýän ýollar, ýodajyklar, şadyýan aýdyma barýan ýollar- bularyň ählisi meňki bolar!” Bolmanda ähli adam çagalarynyň ýene-de edaralarda we fabriklerde işleýändigine garamazdan, bu zatlara öňünden begenip tolgunmagy hem howasyny doldurar. Iň sussypes adamlary hatda teswirläp söz bilen aýdyp bolmaýan, hemişe mümkin bolmaýan, hamana diýersiň eginlerinden agyr zähmetiň ýüküni aýyran ýaly duýgulary başdan geçirer.
Kerri uýa aýnadan serederdi. Bilesigelji gyzjagazyň tiz geçýän ýokanç keseli onuň ýol ýoldaşyna hem geçirdi we ol özüne täsinligini gürrüň berýän ýaly ýaňadan uly şäheri synlamaga durdy.
—bu şemal Çikagonyň howasydy-diýip Drue diýdi.— bu Çikagonyň derýasy- diýip sözüni dowam etdi-de, bulançak derýany görkezmäge duran mahaly burunlary granitden edilen gara zolagynda biri-birine daýanybrak, uzak suwlardan gelýän äpet üç torly gämileriň duran bulanyk kenaryny görkezdi.
Pyşşyldaýan buglaryň sesi, şakyrdy, takyrdylary eşidildi we derýa arkada galdy.
— Çikago uly ajaýyp şähere öwrüldi,- diýip sözüni dowam etdi. — Siz bu ýerde seretmäge köp zat taparsyňyz diýdi.
Kerri ony bary bir eşidenok diýen ýalydy. Kerri durmuş we batyrlyk deňzine dogry ilerläninde birden gorkup başlady, öz ýakyn öýünden uzakdady, düýbinden ýeke diýen ýalydy. Ol özüni howa ýetmeýän ýaly duýýardy. Güýçli ýürek urgusy onuň ýürek bulanmagyna sebäp boldy. Ol gözlerini ýumuk halynda bütin bu zatlaryň biderekdigine, Kolumbiýa-sitiniň Çikagodan gaty daş däldigini özüne ynandyrmaga synanyşdy.
— Çikago! Çikago!Çikago!- ýolbelet gapyny açyp gygyrýardy.
Küpeniň içini gürrüldi we wagyrdy doldurdy. Kerri bir eli bilen özüniň halys bolan çemodanyna we beýleki eli bilen gapjygyna berkje ýapyşdy.
Drue hem turdy. Adatdakysy ýaly üsti-başyny düzedip, arassa, sary çemodanyny aldy.
— Belkem, sizi ýakynlaryňyz garşylamakçydyr?- diýip ol sorady.— Maňa çemodanyňyzy äkidişmäge rugsat ediň.
— O, ýok ýok gerek däl- Kerri gaty çalt jogap berdi. Haýyş edýän gerek däl. Men uýam bilen görüşemde ýanymda durmagyňyzy islämok.
—Ýagşy- Drue azajyk ynjamanyrak jogap berdi. —Ýöne şeýle-de bolsa men siziň ýakynraklaryňyzda bir ýerlerde bolaryn. Eger uýaňyz otly menziline gelmedik yagdaýynda, sizi men olara gowşuraryn.
—siz örän rehimdar – diýip Kerri oňa minnetdarlygyn bildirdi, stoluň endigan bolmandygyna bular ýaly üns bermändi.
—- Çikago!—ýolbelet sesine bat berip ýene-de gygyrdy.
Otly ýuwaş-ýuwaş hereket edibräk, çyralary ýanyp alawlaýan otly menziliniň uly ýerine gelip ýetdi. Ähli ýolagçylar aýaga galyp, gapyň agzyna üýşdiler.
Drue:
— Ine-de biz geldik- Drue aýdyp, gapa tarap gönükdürüldi-de, — Sagboluň, duşenbä çenli.
— Sagboluň-diýdide uzadylan eli bilen hem sagbollaşdy.
—Ýadyňyzdan çykarmaň, men sizi uýaňyz gelýänçe gözden salman.
Kerri näz bilen gülümsiredi.
Ýolagçylar biri-biriniň arkasyndan wagondan çykyp gitdiler. Drue özüni göýä Kerri üns berjek ýaly görkezipdi. Perronda nähilidir bir zenan Kerrini tanady we onuň bilen duşuşmaga howlukdy.
— Salam Kerri! Diýip, ünssiz halda ony gujaklady.
Kerri şol bada howasyndan mähri ýitenini duýdy. Ol bütin bu başagaýlyga, ses we täzeligiň içinde hakykatyň sowuk ýanaşmagyny duýdy. Parlak we şadyýan dünýä hany! Tomaşa we rahatlyk ! Uýasyň ýüzüne durmuşynyň ähli gaýgysy we agyr zähmetiniň taryhy ýazylgydy.
—Hä, biziňkiler nähili ,gowumy hemmesi. Ejem, kakam dagylar?-diýip, Kerriniň uýasy sorady.
Kerri soragyna jogap berdi, gözleri uzaklara dikilip galdy. Perronuň gutarýan ýerinde, zalyň daşyndakylara garaşylýan we köçä çykýan yolda Drue durdy. Ol hem Kerriniň ony görendigini we uýasynyň ýanyndadygyna göz ýetirenden soňra yzyna öwrüldi we ýoluny dowam etmänkä oňa çala ýylgyrdy. Muny diňe Kerri gördi. Şol wagt Drueniň daşlaşanyny duýup, Kerri birzat ýitiren ýaly duýýardy. Drue gözden ýiteninden soňra has hem onuň ýokluguny duýýardy.
Kerri uýasynyň ýanynda örän ýalňyz, indi has hem joşup duran rehimsiz deňziň içinde ýaly ýeke duýýardy.
Teodr Draýzeriň “Kerri uýa” romanyndan.
Terjime eden: Oguloraz Orsberdiýewa,
Gökdepe etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Ãuriý Gagarini Türkmenistan bilen näme baglanyÅŸdyrýar?