Daşary ýurt dilini öwrenmegiň gowudygyny hemmeler bilýär, esasanam häzirki döwürde – bu bilim hökman zerurdyr. Daşary ýurt dilini bilýän bolsaňyz, durmuşyňyzyň nähili üýtgäp biljekdigi hakda pikir edip gördüňizmi?
Adamlaryň beýleki dillerde erkin pikir alyşmak mümkinçiligi has-da bir uly zada gapy açýar. Häzirki zaman jemgyýetinde daşary ýurt dilini, esasanam iňlis dilini bilmek möhüm ähmiýete eýedir.
Aşakda daşary ýurt dilini öwrenmegiň 8 sany zerurlygy barada durup geçesim gelýär:
- Akyl ukyplylygyny türgenleşdirmek.
Täze dil öwreneniňizde, beýni we ýat türgenleşigi üçin gowy “gimnastika” (maşk) bolan köp täze sözleri öwrenmeli bolarsyňyz. Bu tejribe garrylyk döwründe aýdyň pikiriňizi saklamaga kömek eder.
- Aragatnaşygyň çägini giňeltmäge ýardam eder.
Dostlaryňyzyň we tanyşlaryňyzyň sanyny iki ýa-da üç esse köpeltmäge ýardam eder, sebäbi daşary ýurt dilinde gürleşip başlanyňyzdan soň dünýäniň çar künjeklerinde hem dostlaryňyz bolar.
- Terjime etmezden filmlere tomaşa etmek.
Beýleki düşünýän dillerimizde gowy derejede terjime edilse-de, käwagt filmlerde bolup geçýän zatlaryň käbir pursatlaryna düşünmän galýarys. Degişmelerden mysal alalyň – käwagt belli bir replikada gülkünç zadyň bize düşnüksiz bolmagy ýa-da sözleriň üstündäki oýnuň hemişe dogry terjime edilip bilinmeýändigi sebäp bolýar. Ýa-da biz ony terjime etmesine ederis, ýöne ony eýýäm degişme hökmünde hasap edip bolmaz.
- Girdeji gazanmak mümkinçiligi.
Işe kabul edileňizde-de, siziň ýokary bilimiňiz bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini bilijilik ukybyňyza hem uly üns berilýändigi hemmelere aýdyňdyr. Ondan başga-da daşary ýurt dillerini ýeterlik derejede bilseňiz, bilimiňizi artdyryp, şol bir wagtyň özünde işiňizden daşary dürli görnüşli işleri terjime etmek, ýazmak bilen hem girdeji gazanmak mümkinçiligi artýandygy mälimdir.
- Daşary ýurtlarda okamak.
Daşary ýurt uniwersitetlerinde okamak üçin daşary ýurt dillerini (iňlis, rus, fransuz, nemes we beýleki dilleri) bilmeklik zerurdyr. Mundan başga-da, köp ýurtda mugt görnüşinde ýa-da arzan bahalar-da okamaga mümkinçilik berýän dürli grantlar we talyp haklary bardyr.
- Syýahat.
Syýahat etmek size has aňsat bolar, sebäbi daşary ýurda gideňizde petekleri saýlamak we satyn almak, myhmanhana bron etmek, wiza üçin ýüz tutmalar (zerur bolsa) we beýleki işleri özüňiz ýerine ýetirip bilersiňiz. Daşary ýurtlarda syýahat edeňizde daşary ýurt dillerini bilseňiz özüňizi has rahat duýarsyňyz.
- Belki, daşary ýurt ýazyjylarynyň kitaplaryny asyl nusgasynda okamak islärsiňiz?
Bilşimiz ýaly, dünýä edebiýatynyň iň beýik eserleri daşary ýurt dillerinde ýazylan.
- Estetiki taýdan käbir dilleriň ýakymly eşidilýändigini duýduňyzmy?
Şonuň üçinem daşary ýurt dillerinde gürleýänleri diňlemek ýakymly. Köpler italýan, fransuz, ispan we portugal dillerini dünýäniň iň owadan sesleri hasaplaýarlar.
Şeýlelikde, üns beren bolsaňyz, daşary ýurt dilini bilmek durmuşymyzyň ähli ugurlaryna diýen ýaly täsir edýär. Dilleri öwreniň we durmuşyňyzy gowulaşdyryň!
Hojamuhammedowa Mähri,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy