BIZNES

ECO-93 benzininiň eksporty artdyrylar

Dünýäde ilkinji bolup, Türkmenistanda öndürilýän ECO-93 benziniň eksport möçberini artdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňetlmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisine bellenilip geçildi.

Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ECO-93 kysymly benzini orta möhletleýin esasda daşary bazarlara ýerlemek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçiliklerini yzygyderli berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylda ulanmaga berildi. Zawodyň öndürýän sintetiki ýangyjy ekologiki häsiýetleri bilen tapawutlanýar, ýagny daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri, azotly organiki birleşmeler onuň düzüminde bolmaýar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça bu zawod «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy hem-de «Rönesans» türk kompaniýasy tarapyndan guruldy. Zawodyň önümçilik kuwwaty tebigy gazdan 600 müň tonna benzin öndürmäge gönükdirilendir. Esasy önümden başga-da, degişli çig maldan 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz we kükürtden arassalanan 12 müň tonna dizel ýangyjy öndürilýär

Häzirki wagtda bu zawodyň ikinji toplumyny gurmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar